Ahwal

Men ýazýan ýüregmi kagyza döküp,
Kimisi düşünýär, kimi düşenok.
Ýazan şygyrlarmyň her kim özüçe
Kemin tapman, baha bermän geçenok.

Kimisi ýazanmy çekýär özüne,
Kimler kime ýazanymy bilenok.
Ýöne ýazanlarym öz eýesini
Kowalap tapmasa ýatyp bilenok.

Meniň ýazanlarmyň asyl eýesi,
Siziň bilýän, pikir edýäniňiz däl.
Hakykaty aýtsam onuň syraty
Onuň özi hakydamda ýerli däl.

Belki ýazýanlarmy özüm üçin däl,
Başgalary üçin ýazýandyryn men.
Kimler duýgusyny sessiz ýaşasa
Özümi ornuna goýýandyryn men.

... Men ýazýan ýüregmi kagyza döküp,
Kimisi düşünýär, kimi düşenok.
Kagyza göwnümi göçürenimi
Dogrysy hiç kime aýdyp bilemok.
0 лайков 46 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Oguljeren
Автор 27 авг 2023, 23:20
Salam hormatly okyjylar meniň goşgularyma baha bermegiňizi Sizden haýyş edýärin. Halan ýagdaýyňyzda mahabat ýagny (reklama) edip beräýiň!