Gadymy dünýäniň syrlary. Russiýanyň we GDA döwletleriniň çäginde. Änew obasynyň siwilizasiýasy.
Takmynan ýedi müň ýyl ozal Merkezi Aziýada bir döwlet bardy, bu siwilizasiýanyň gazanan üstünlikleri boýunça Gadymy dünýäniň beýik medeniýetleriniň arasynda goýup bolar. 1904-nji ýylda Eýran bilen serhet ýakasyndaky, Türkmenistanyň günortasynda-Änew obasyndaky bir çöllükde Nýu-Hempşiriň (ABŞ) arheology we geology Rafael Pampelli gadymy şäherçäniň harabalyklaryny tapdy. 1970-nji ýyllarda Sowet arheologlary tarapyndan gazuw-agtaryş işlerinden soň, 161-den 80 km uzaklykda ýerleşýän Garagum çölünde köp sanly ilatly ýerleriň harabalyklary tapyldy we olaryň käbiri şeýle bir uludy welin, şäher diýlip atlandyrsak hem ýalňyşmarys. Gadymy şäherler özüniň gaty ajaýyp gurluşyk modeli bilen häsiýetlendirilipdir: binalar ýüzlerçe metr aralykda bolup, birnäçe hatar diwarlar bilen gurşalypdyr. Arhitekturasy jemgyýetiň ösüşiniň gaty ýokary derejesini görkezýän monumentallygy bilen tapawutlanýar. Jaýlaryň diwarlarynyň uzynlygy 92-152 metr bolmak bilen, binalaryň içinde ýüzlerçe adamy ýerleşdirmäge ukyply köp otaglar bar. Binalaryň hemmesi biziň eramyzdan öňki V-I müňýyllyklara degişlidir. Çylşyrymly suwaryş ulgamy gadymy ýaşaýjylara çöli gülleýän oazise öwürmäge we bugdaý we arpa ekinlerininiň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik beripdir. Hasylly mes öri meýdanlarynda düýe, goýun, geçi sürülerini we eşekleri bakypdyrlar. Sowet Soýuzy dargandan soň, Änewdäki gazuw-agtaryş işleri bes edildi we diňe soňky ýyllarda Amerikan arheologlarynyň gatnaşmagynda gaýtadan başlandy. 2000-nji ýyldaky ekspedisiýa Pensilwaniýa arheologiýa we antropologiýa muzeýiniň antropologiýa professory Frederik Hebert ýolbaşçylyk etdi. Arheologlar ajaýyp açyş etdiler - takmynan biziň eramyzdan öňki 2300-nji ýyllara degişli bolan harplar bilen ýazylan ýazgy bölejigini tapdylar. Ol ýazuw belgilerini Mesopotamiýa, ýa eýran, hindi ýa-da hytaý ýazuw ulgamlary bilen baglanyşdyryp bolmaýanlygy anyklanyldy. Mundan çen tutsak, Änewde öz harplarynda ýazgysy bolan ýokary derejede ösen garaşsyz siwilizasiýa bolupdyr diýen netijä gelip bileris. Änew şäheriniň ýaşaýjylary Mesopotamiýanyň ýaşaýjylary ýaly oba hojalygyny we mal ösdürip ýetişdirmegiň görnüşlerini ulandypdyrlar. Bu hem, Merkezi Aziýanyň Änew döwleti bilen Şumerlileriň arasyndaky baglanyşygyň bardygy hakyndaky pikire itergi berýär. Çöldäki durmuşyň açary, elbetde, suwdyr. Tigryň we Ýewfratyň aşaky akymlaryndaky şumerliler batgalaryň suwlaryny çekipdirler we çöli suwarypdyrlar. Bu, Ýer ýüzünde "Erem bagyny" döretmeklik ýaly agyr zähmeti talap edipdir. Elbetde, şuňa meňzeş işler Änewde hem edilipdir. Adamlar bu ýerde derýalaryň akymyny üýtgedip, çylşyrymly suwaryş kanallaryny döredipdirler. Çölüň orta arasynda ajaýyp oazis gülläp-ösüpdir. Edil şular ýaly hem, Mesopotamiýada we Nil derýasynda bolupdyr, bir aýagyň bilen ajaýyp bagda, beýlekisi bilen çöl çägelerinde durmaga kiçijik ýodajyk kesip geçipdir. Änewiň biziň eramyzdan öňki III-IV müňýyllyklara degişli keramika we faýans önümleriniň ajaýyp nusgalary, gadymy ilatynyň onuň ýokary medeniýeti hakynda gürrüň berýär. Gözelligi we hili boýunça köp nusgalar hytaýlylaryňkydan pes däldir. Faýans önümleri gaty inçe edilip, galyňlygy 3,2 mm-den geçmeýär. Ussalar tarapyndan ýaslan önümleriň köpüsi boýalmandyr, ýöne goňur reňkden sary we gyzyl reňklere çenli owadan reňkler bilen haýran galdyrýar. Şeýle çeper şekillendiriş bişirmekligiň kömegi bilen gazanylypdyr. Käbir faýans önümleri ak we gök reňkler bilen boýalyp we olarda köplenç ösümlik motiwleri agdyklyk edýär. Keramika we faýans hat-da häzirki zaman düşünjelerine görä gaty owadandyr. Keramikadan başga-da, arheologlar 4100 ýaşyndaky köp sanly metal we süňk artefaktlaryny tapdylar. Bürünç paltalarynyň tutawaçlary guş kellesi görnüşinde ýasalypdyr. Käbir saklanyp galan nusgalarda guşuň gözleri gematitden ýasalypdyr. Bu mineral Änew töwereklerinde ýok, gadymda döwletleriň arasynda giň söwda gatnaşyklarynyň bardygyny tassyklaýan, beýleki sebitlerden getirilen bolmagy hem ähtimaldyr. Şol döwürde emaý bilen polirowka edilen, içinden nagyşlar we adamlaryň, haýwanlaryň we ösümlikleriň şekilleri çekilen birnäçe içi boş süňk turbajyklary tapyldy. Arheologlar turbalaryň däp-dessur maksatly ulanylandygyny öňe sürýärler, sebäbi galyndylarynyň arasynda Efedranyň-Zoroastrizmiň galýusinogen däp-dessur içgisini öndürmekde ulanylan ösümligi hem duş gelýär. Efedranyň göknar we tirýek bilen garyndysynyň ulanylmagy, imanlylara "Hudaýa ýakyn bolmaga" mümkinçilik berýän görüşlere ýa-da galýusinasiýa sebäp bolýarlar. Änewiň ýaşaýjylary ölenleri mazarlarda jaýlapdyrlar. Olar köplenç öý goşlaryny, gap-gaçlary we azyk önümleri ölüleriň ýanynda galdyrypdyrlar. Elbetde, adamlar ahyret durmuşyna we bu zatlaryň hemmesiniň merhum üçin peýdaly bolup biljekdigine ynanýardylar. Şeýle-de bolsa, gözlegçiler gaty az mazar tapdylar. Professor Hebertiň pikiriçe, Änewiň ýaşaýjylary, Zaratuştraçylykda bolşy ýaly, ölen jesetden ruhuň boşadylmagyny ýeňilleşdirýändigine ynanyp ölüleri ýakypdyrlar. Gynansakda, ölenleriň köpüsiniň ýakylandygy Änewde näçe adamyň ýaşandygyny anyklamaga mümkinçilik bermeýär. Änewiň käbir öýlerinde içki diwarlarynda owadan bezegler we stilleşdirilen süýri gözli adamlaryň şekilleri saklanyp galypdyr. Suratlardan we galyndylardan çen tutsak, olaryň Merkezi Aziýa siwilizasiýasynyň wekilleridigini güman etsek bolýar. Tapylan skeletler, bu adamlaryň boýlarynyň uzyn bolmandyklaryny äşgär edýär. Maňlaýlary beýik we birneme aşaky eňegi öňe çykyp duran diýlen netijä gelmäge mümkinçilik berýär. 2000-nji ýyldaky ekspedisiýada, bölek ýazgylar bilen ýazylan ýazgylardan başga-da, ýene bir ajaýyp açyş edildi: jaýlaryň biriniň diwarynda skafandr geýen adama meňzeş surat tapyldy. Käbir arheologlar muny Änew ýaşaýjylarynyň gadymy döwürde Ýere gelen gelmişekler bilen aragatnaşygynyň subutnamasy hasaplaýarlar. Professor Hebert bu pikire şübheli garaýar. Onuň pikiriçe, diwardaky çyzgyda däp-dessurly eşikde bir ruhany, ýüzüni doly örtýän kellä geýilýän zatly şekillendirilinendir. Şu wagta çenli bu gadymy medeniýeti öwrenmek tamamlanmady. Biziň eramyzdan öňki 1-nji müňýyllykda Änewde siwilizasiýalaryň ýok bolmagyna näme sebäp bolandygy entek belli däl. Howanyň üýtgemegi, uruş ýa-da başga bir zat, hiç-hili bellisi ýok. Näme üçin çöl çägeleri bir wagtlar owadan bolan şäheri ýuwutdy? Bu döwletiň ýaşaýjylary haýsy sebit bilen söwdä gatnaşyklaryny ýola goýdy, ykdysady gurluşy we dolandyryş ulgamy bilen nähilidi? Bu soraglara entek jogap ýok. Ýüze çykarylan ýazuw teksti entek kesgitlenilmedi. Gynansakda, bu gadymy Änew ýazuwynyň şu güne çenli tapylan ýeke-täk nusgasydyr. Gözlegler dowam etdiriler we olaryň netijeleri hökman gadymy Merkezi Aziýa siwilizasiýasyny taryhda mynasyp orunda bellenilmäge kömek eder.
Nepomnýaşiý Nikolaý Nikolaýewiçiň
"100 великих тайн древнего мира" diýen kitabyndan terjime edildi.
Nepomnýaşiý Nikolaý Nikolaýewiçiň
"100 великих тайн древнего мира" diýen kitabyndan terjime edildi.
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.