Misserian - taryhy ýer
Dehistan Hazar deňziniň golaýynda ýerleşýän ýer. Bu ýere gelýän taryhçylar, sungaty öwrenijiler hem-de ýönekeý zyýaratçylar gadymy kaşaň şäherlerden galan diwarlara, gadymy metjide we kümmetlere haýran galyp syn edýärler. Miladynyň sekizinji asyrynda dörän Misserian şäheri bu ýeriň iri ýadygärlikleriniň biridir.
Şäher galyň gorag galasy –şähristandan we rabatdan – gür ilatly şäher etegindäki obalardan ybarat bolupdyr. ХI asyrdyr ХII asyryň aralygynda gurlan ady belli Şir Kebir kümmeti we beýikligi 25 metrlik iki minara, galalaryň, kerwensaraýlaryň diwarlary we Maşat gonamçylygyndaky kümmetler saklanyp galypdyr. Olaryň käbiri syrçaly owadan bezegleri bilen haýrana goýýar.
Şäherden kerpiç öndüren usssahanalaryň ýüzlerçesiniň we köpsanly küýzegärlik önümleriniň galyndylary tapyldy. Olar arheologlara Misserianyň iri senetçilik merkezi bolandygyny aýtmaga mümkinçilik berdi. Hünärmenler bu ýerden tapylan küýzegärlik önümleriniň çeperçiligi we nepisligi bilen geň galdyrýandygyny belleýärler.
Ýerli ilatyň ösüş derejesiniň ýokary bolandygyna bu ýerden tapylan lagym ulgamy, şeýle hem gadymy hammamlaryň galyndylary şaýatlyk edýär.
Kerwensaraýlaryň diwarlary şäher derwezeleriniň ýerleşen ýerini, şäherden çykýan kerwen ýollaryny takyklamaga mümkinçilik berdi. Çünki Misserian öz ösen döwründe Horezm bilen pars Girkaniýasynyň arasynda ýerleşen sebitde iri söwda merkezi bolupdyr.
Şäher Horezmşalaryň döwründe has ösüpdir. ХV asyrda bu ýere suw gelmesi kesilensoň ilat Misseriany terk edipdir.
Şäher we gadymy jülge taryhy hem-de arheologik ýadygärlikdir, ol gadymy Türkmenistanyň taryhyny öwrenmek üçin özboluşly binagärlikdir.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.