Sheýtan begenji

Salam hormatly agzalar we myhmanlar! Shu wagt otyrkam, duralgada bir garryja adamyñ gürrüñ beren rowaýaty ýadyma düshdi. Siz bilen paýlashaýyn diýdim. Melgun sheýtan adamlaryñ garshysyna ulanmak üçin alladan güýçli duzak soraýar. Allatagala oña altyny, kümüshi görkezýär. Iblis bulary halamasyna halaýar, emma, ýene ýalbaryp, bashga zatlar dileýär. Alla oña ýagly, bally zatlary, täsiri güýçli sheraplary, ýüpekden lybaslary berýär. Sheýtan: "eý, rebbim! Menden kömegiñi gaýgyrma. Men has üýtgeshik zatlar isleýärin. Men olary özüme berk baglap bilerim ýaly, islän zatlarymy maña ber. Sheýle bir duzak isleýärin welin, gaty güýçli, ynandyryjy we özüne çekiji bolsun" diýdi. Alla sheýtana sheraby we sazy berýär. Sheýtan bulary göreninden begenip gülýär, ýöne ýene-de ýalbaryp-ýakarmagyny dowam edýär. Beýik alla oña erkek adamlaryñ akylyny we sabyryny ellerinden alan zenan gözelligini görkezende, sheýtan barmaklaryny shyrkyldadyp, gülüp-oýndama bashlaýar we: "ynha, indi adamzadyñ ishi gaýtdy" diýýär. Akyl-pikiri derbi-dagyn edýän shol jellat gözleri görüp, köñülleri heýjana getirýän dilberleriñ ýüzüne seredip, sheýtan ynsanlary azdyrmak üçin ulanjak bu duzagyndan juda göwnühosh bolýar. Hezreti aly bir gezeginde sheýle diýipdir: "käbir nygmatlar bardyr, olara eýe bolmazlygyñ özi uly nygmatdyr!"
7 лайков 205 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
S❤
20 сен 2021, 22:35
Sonky soz oran gowy
Seytanam doyman gecen doyumsuzmus
DIYER BI PRODAKSHYN
20 сен 2021, 22:38
10000 like hem azlyk edyar
Ulykazy
Автор 20 сен 2021, 22:40
BLACK_WOLF,
yone 1 like bar ))
DIYER BI PRODAKSHYN
20 сен 2021, 22:41
basdyma
My life
20 сен 2021, 23:59
Gaty gowy! Like
Ejegyz.
22 сен 2021, 09:09
Like