Topragy mes Abiwerd

Abiwerd Demirgazyk Horasanyň esasy merkezleriniň biri bolupdyr. Şäheri ilat diňe bir beýik gallary bilen däl, eýsem çuň garym bilenem göçegçileriň hüjüminden gorapdyr.

Arheolog Ýegen Atagarryýewiň pikirine görä, Merwden Nusaýa we Horezmden Persiýa gidýän söwda ýolunyň çatrygynda ýerleşmegi şäheriň ösmegine ýardam edipdir. Galyberse-de, Abiwerdiň çöle golýa bolmagy oňa senetçilik önümlerini satyp, maldarçylyk önümlerini-de satyn almagyna ýardam edipdir.

Arap we pars orta asyrlar awtorlarynyň ýazgylary Abiwerd barada esasy çeşmedir. Şäher şol döwürde Haweran diýlip atlandyrylan welaýat merkeziniň bu ýere geçirilmegi bilen şäher VII asyryň ahyryndan ýatlanylyp başlanýar.

Maksidi Abiwerdiň mes topraklydygyny, bazarlarynda harytlaryň boldugyny ýazypdyr. «Hudul Al-Älem» pars georgrafiýa işinde bu ýerde ekinleriň köp ekilendigi bellenilýär.

Şäherdäki howdanlar we guýylar, köpsanly aryklar Abiwerdde irrigasiýanyň has ösendigine şaýatlyk edýär.

Bu ýerden tapylan demir önümler we şaý-sepler, toýundan ýaşalan heýkeljikler Abiwerdiň sebitiň ähmiýetli telekeçilik hem-de söwda merkezleiniň biri bolandygyny tassyklaýar.

Geçirilen barlaglar senetçiler köçeleriniň, baş bazarlaryň şäheriň günorta-gündogar we demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşendigini aýan etdi. Şäheriň günorta eteginde, Namazganyň diwarlarynyň golaýynda baýramçylyk metjidi bolupdyr. Bu ýere halk ýylda iki gezek –Gurban baýramynda we Orazada ýygnanypdyr. Her bir iri şäherde şeýle metjit bolupdyr, oňa «musalla», «namaz okalýan ýer» diýlipdir. Ýöne Orta Aziýada köplenç «namazga» diýlipdir.

ХIII asyr pars taryhçysy Ala ad-din Ata Mälik ibn Muhammed Juweýniniň işlerinde bellenilişine görä, Nusaý we Abiwer mongollaryň çozuşlarynda weýran bolupdyr. Çingiz hanyň uly ogly Tulihan berk galaly abadan şäheri ýer bilen ýegsan edipdir. Şondan soň Abiwerd özüni tutup bilmändir, XIV asyryň ahyrynda näbelli awtor: «Abiwerd – uly oba ýaly kiçijik şäher» - diýip ýazypdyr.

XVIII asyrda boşap galan şähere alililer göçüp barýar. 1876-njy ýylda şäheriň galan ilatam Kaka göçüp gidýär.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we abatlamak boýunça milli müdirýetinden taryh ylymlarynyň kandidaty Akmyrat Babaýewiň ýolbaşçylygynda 2017-nji ýylda başlanylan giňişleýin gazuw-agtaryş işleri netijesinde galanyň içindäki ýaşaýyş jaýlarynyň biriniň tapylmagy orta asyr binagärligi barada düşünjäni artdyrdy.

Şeýle hem alymlar üýtgeşik ýerdöläniň üstünden bardylar. Ol ýer üstündäki binalardan has gadymy bolup çykdy.

Häzirki wagtda Abiwerd Nusaý, Könürgenç, Merw we Dehistan ýaly Türkmenistanyň taryhy goraghanalarynyň biridir.
1 лайков 111 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
03 окт 2021, 11:50
Mmm, gowy maglumat pully

brawo brawo