Köneürgenç

Köneürgenç Daşoguzdan 120 km uzaklykda, Amyderýanyň köne hanasynyň çep kenarynda ýerleşýän binagärlik we medeni toplumdyr. Bir döwürde häzirki şäheriň ýerinde Orta asyr Horezm döwletiniň paýtagty – gadymy Ürgenç ýerleşipdir. Paýtagtyň çäkleri şol döwürde has uly eken.

Gadymy Ürgenjiň ömri iki müň ýyldan-da gowrak: gadymy döwürlerden başlap, giçki orta asyrlara çenli dowam edipdir, özi-de XIV asyryň ortalary onuň pajarlap ösen wagty bolupdyr. Şol wagtdan bäri gözelligi we aslynyň gadymylygy bilen haýran galdyrýan birnäçe binagärlik ýadygärligi we aýry-aýry binalar saklanyp galypdyr.

Ürgenç hakynda ilkinji ýazmaça ýatlamalar X asyrda, şäher demirgazyk Horezmiň paýtagty bolup, esasy söwda we senetçilik merkezine öwrülende, kagyz ýüzüne geçirilipdir. Asyryň ahyrlarynda günorta we demirgazyk Horezmler birleşenden soň, Ürgenç Horezmşalar döwletiniň paýtagty bolupdyr. Mongollaryň basyp almagynyň öňüsyrasynda Ürgenç Gündogaryň iň baý we owadan şäherlerinden biri eken. Bu barada arap syýahatçysy Ibn Batuta şeýle ýazypdyr: “Ürgenç giň köçeleri we köp sanly binalary bolan uly hem owadan şäherdir. Şäherde siriýaly lukmanyň işleýän hassahanasy, Nejm-ed-din-Kubranyň aramgähiniň üstünde gurlan bina bar”.

Ürgençde ussat gurluşykçylaryň diýseň meşhur mekdebi bolupdyr. Onuň okuwçylarynyň işlerini Dehistanyň, Wolga boýundaky Altyn Orda şäherleriniň, şeýle hem Kawkazyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Owganystanyň we Hindistanyň köp sanly ymaratlarynyň gurluşynda, görnüşinde we bezeginde görmek bolýar.

Ürgenjiň ýadygärlikleri Merkezi Aziýanyň yslam binagärliginde jaýlary bezemek üçin ulanylan ajaýyp dürli usullar köplügini görmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde çig we bişen kerpiçden gurlan desgalar, bir otagly gümmezli binalar we kompozision ýerine ýetirilişi boýunça adatdan daşary çylşyrymly, seýrek şekilli gümmezli binalar bar.

Hatda Hytaý taryhy çeşmelerinde-de awtorlaryň ýuýegan diýip atlandyrýan şäherine salgylanmalary tapyp bilersiňiz. XII asyrdan başlap, bu şähere köplenç Jürjanýa diýlipdir. Ýewropalylar bolsa bu şäheriň gözelligi barada iňlis barlagçysy Genri Lansdelliň ýazgylary boýunça XIX asyryň ikinji ýarymynda maglumat alypdyrlar. Iňlis alymy diňe bir şäheriň esasy görmeli ýeri bolan Kutlug-Timur minarasyny däl, eýsem Ibn-Hajyb medresesini (XIV-XVI asyrlar), şeýle hem yzy üzülmän zyýaratçy gelýän köp sanly mawzoleýi we Ak-Gala galasyny agzapdyr.

Şäher XIII asyra çenli, ýagny hökümdary Çingiz hana boýun egmekden ýüz öwürýänçä, gülläp ösüpdir. 1221-nji ýylda mongollar Ürgenji ýer bilen ýegsan edipdirler, köp ýadygärlikler sözüň doly manysynda ýer ýüzünden süpürilip taşlanypdyr. Şäher XIV asyryň ahyrynda, Teýmirleňiň leşgerleriniň elinden ýene-de uly weýrançylyga sezewar bolupdyr. Gadymy Ürgenç XVI asyrda Amyderýanyň hanasynyň ugrunyň üýtgemegi bilen belli-külli eýesiz galypdyr.

2005-nji ýylda Köneürgenjiň binagärlik şa eserleri we ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
1 лайков 141 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.