Daşoguz welaýatynyñ gysgaja taryhy

Daşoguz welaýaty-Türkmenistanyñ demirgazyk-gündogarynda ýerleşýär. Demirgazykda we demirgazyk-günbatarda Garagalpagystan bilen, demirgazyk – gündogarynda Özbegistan döwletiniň Horezm welaýaty bilen, günorta-gündogarda Lebap, günortada Ahal, günbatarda Balkan welaýaty bilen araçäkleşýär. Daşoguz welaýaty ozal Daşhowuz welaýaty diýlip atlandyrylýardy. 1999-njy ýylyň iýun aýynyň 10-da Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda Daşoguz welaýatyna gadymy taryhy ady gaýtarylyp berildi we welaýatyň ady mundan beýläk Daşoguz welaýaty hem-de Daşoguz şäheri diýip atlandyrylýar. Daşoguz welaýatynyň ilaty esasan ekerançylyk hem maldarçylyk bilen meşgullanýar. Welaýat pagta,şaly jöwen ýorunja tohumyny öndürmekde,pile öndürmekde öň hatarda barýar. Daşoguzyň tüwüsi özüniň tagamlylygy boýunça ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uly meşhurlylyga eýedir. Daşoguz welaýaty gürbek,garrygyz ýaly gawunlary,mäş,künji ýaly ekinleri bilen hem giňden tanalýar. Daşoguz şäheri welaýatyň ykdysady we medeni merkezi bolup, 1924-nji ýylda şäher adyny alýar. Daşoguz şäheri Amyderýanyň aşak akymyndan öz gözbaşyny alyp gaýdýar, ol gadym döwürlerden bäri oguzlaryň oturymly ýerleri hasaplanypdyr. Şäher 1681-nji ýylda gala,kerwensaraý hökmünde düýbi tutulypdyr. Ýöne alymlaryň çaklamalaryna görä şäher has irki döwürlerde gurlupdyr. Şäheriň Şabat kanalynyň demirgazyk kenarynda 1861-nji ýylda aýratyn berkitme we howuz gurlupdyr. Daşoguz şäherinde 1861-nji ýylda wenger syýahatçysy Wamberi hem bolupdyr.Ol özüniň”Orta Aziýa syýahat”atly kitabynda Daşoguz şäheriniň gür-baglyga bürenip oturandygyny belläpdir. Şäheriň ilatyny we golaýdaky obadyr kentleri suw bilen üpjün etmek üçin Amyderýadan şähere tarap kanal gazmak zerurlygy ýüze çykypdyr. Kanal 17-nji asyryň ortalarynda gazylyp gutarylypdyr. Kanalyň ilkinji ady Pirafiz diýlip atlandyrylypdyr. Pirafiz-sözi bolelinlik manysyny beripdir. Kanal şäheri 2 bölege,ýagny günorta we demirgazyk bölege bölýär. Daşoguz welaýatynyň garamagynda, tutuş Merkezi Aziýanyň sebitlerindäki ýaly dürli döwürleriň taryhy, arhitektura we arheologiki ýadygärlikler, galalar, mawzoleýler bar. Welaýatda Köneürgenjiň taryhy ýadygärlikler toplumy,Şasenem galasy, Diýarbekir, Yzmykşir , Döwkesen , Şamahy, Boldumsaz, Akja gelniň galasy ýaly arheologik ýadygärlikler, musulman dünýäsine giňden tanalýan 360 pirleriň, Ysmamyt ata, Ybraýym Edem, Bilal baba, Aşyk Aýdyň pir ýaly keramatly ýerler bar. Gadymy Köneürgenç topragy adamzat medeniýetiniň irki ojaklarynyň biri bolupdyr. Gadymy Köneürgençde birnäçe ajaýyp kitaphanalar bolupdyr. Alaeddin Tekeşiň, Törebeg hanymyň, al-Hywakiniň, gurduran medreseleri, kitaphanalardyr-metjitleri, diňe bir gadymy Köneürgençde däl, eýsem başga ýerlerde hem uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Taryhy çeşmelere görä, Şyhabeddin al-Hywaki paýtagtyň juma metjidiniň ýanynda örän uly, ençeme müň golýazma kitaplary özünde jemleýän kitaphanany gurdurypdyr. Medreseleriň ylmy kitaphanalarynyň kitap hazynalary, okuw kitaplary we golýazmalardan ybarat bolupdyr. Abul Apbas Mamun öz döwründe, onuň tagallasy bilen “Köneürgenç akademiýasy” ýagny “Paýhaslar öýi” işläpdir. Ol akademiýa gündogaryň parlak ýyldyzy ady bilen meşhur bolan ildeşimiz Abu Reýhan Biruny ýolbaşçylyk edipdir hem-de Ibn Sina, Mesihi, Mahmyt Zamahşary ýaly ylym ussatlaryny töweregine toplap, ylmy gözlegler esasynda iş alyp barypdyrlar. Alymlar bu ýerde dürli ylmy çekişmeler hem-de bäsleşikler gurapdyrlar. 2014-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Daşoguz şäherinde ähli amatlyklary bolan welaýat kitaphanasynyň täze binasy gurlup ulanylmaga berildi. Kitaphana okyjylaryň birbada 600-ne hyzmat etmäge mümkinçiligi bar. Bu ýerde bilimleriň dürli pudaklaryna degişli kitaplaryň 190 müňe golaýy bolup, ondan okyjylaryň 25 müňden gowragy peýdalanýar. Kitaphanada 2017-nji ýyldan bäri elektron katalogy işleýär. Bu bolsa okyjylara kitap saýlamakda, gazet-jurnal materiallaryny gözlemekde ýeňillikler döredýär. Kitaphana gaznasynyň 117 müňe golaýy kitaphananyň elektron katalogyna salyndy, ýakyn döwürde kitap gaznasy doly möçberde elektron katalogda ýerleşdiriler. Munuň özi okyjylara kitap saýlamakda we gyzyklanýan maglumatlaryny tiz tapmaga kömek eder.
3 лайков 411 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
okuwçy04
09 сен 2021, 15:24
Men sho siz daşoguzlymy adyňyz näme
Menem Dz-ly
Begmyrat
09 сен 2021, 16:15
Ooo bamyn sen gowmyn
okuwçy04
09 сен 2021, 16:28
Begmyrat,
Maňa aýdýamyň?
nyce
09 сен 2021, 16:50
kan ekeranchylyk we maldarchylyk bilen meshgul dal oytyan shular ?
dashoguzlylar saytda kopelipdir welin
okuwçy04
09 сен 2021, 17:02
nyce,
Ýok bizzlerde köpisi işliler ýöne ene-atalarymyz kärlidä,şoň üçinem ekerançylyk etmäne zerurlyk ýok sebäbi.........aýtmaýynda
Men sho
Автор 09 сен 2021, 18:03
Okuwçy04,
Mekan
Men sho
Автор 09 сен 2021, 18:04
Dz niresinden Okuwçy04
nurana
09 сен 2021, 19:47
Men sho,
gowmy Yazmammedow
okuwçy04
09 сен 2021, 20:05
Men sho,
Ilki sen aýt onsaň men aýdaýyn
Men sho
Автор 09 сен 2021, 20:59
Okuwçy04,
Oktyabr etraply men
Men sho
Автор 09 сен 2021, 21:03
Sazanda Gyzjagaz,
Gowy şükür alla öziñ niçik ýagşymy!
NEMOO
09 сен 2021, 22:07
Juneyit hany name u.n yatlamadyn
okuwçy04
09 сен 2021, 22:09
Men sho,
Akdepemi ýa Guwadagmy? Men tagtaly Görogly
Men sho
Автор 09 сен 2021, 22:29
Oktyabr Turkmenbashy etraba drug