Bu ömürde ep-eslije zat gördük.

Bu ömürde ep-eslije zat gördük,
Ýakyndanam mähribanrak ýat gördük,
Özi garyp, ýöne göwni şat gördük —
Gara ak bolupdyr diýip eşdemok.

Kä ondan, kä mundan öwüsýär şemal,
Azgyna ahyry tapylýar zowal.
Öwüt-ündew bilen — asly bikemal
Kemal tapanmyşyn diýip eşdemok.

Synlap bu dünýäde töwerek-daşy,
Eşitsem-de her hiliräk myş-myşy,
Gara gazan ýaly şar gara kişi
Duw-ak bolaýypdyr diýip eşdemok.

Söýýäniň ýalandyr özge ynsany —
Onuň üçin ýakyp bilmeseň jany.
Gördüm, Akmakdyryn diýýän danany,
Akmaklaryň beý diýenni eşdemok.

Şeýleräk bu dünýe, şeýleräk durmuş!
Haýrandyryn: akly dolumy ýa boş —
Hemmeleriň öz-özünden göwni hoş,
Şükür, Kemim bar diýeni eşdemok.

Awtor: Berdinazar Hudaynazarow.
3 лайков 105 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
My life
Автор 06 авг 2023, 23:10
Sayt juda pese gacypdyr. Göz aylasañ boşap galan öye meñzeyâr.