Aglama,gyzym

AGLAMA, GYZYM

«Bu bir dünýe, gelen geçer,
Ha şatlyk, ha gussa seçer.
Bolýandyr beterden-beter,
Aglama, gyzym!

Hemme zadyň hasaby bar,
Takdyryň öz hesibi bar,
Ýazgydy bar, nesibi bar,
Aglama, gyzym!

Şükür et sag bolsa janyň,
Alajy tapylar malyň.
Gyýylsaň agyr bor halym,
Aglama, gyzym!

Bardyr saňa mende ynam,
Bir Haka, özüňe ynan,
Diýselerem şahyr ýanan…
Aglama, gyzym!

Şowhuny ýatmasyn törüň,
Şol seni apalap ýörün,
Ýene düýşleriňe gerin,
Aglama, gyzym!

Dost-dogan bolsa mydama,
Köp zat gerek däl adama.
Özüňi aýa, ýadama,
Aglama, gyzym!

Hasam gözel bolýaň gülseň,
Ýüregim ot alar solsaň…»
…diýerdi ejem jan bolsa,
«Aglama, gyzym!»

Gülşirin Hanowa
6 лайков 285 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
SENEM
08 авг 2023, 12:26
gowy goşgy eken!
OrazMuhammet Aşyrow
08 авг 2023, 12:49
Gyzyňy aglatdylar,
Durmuş aglatdy,
Ýalanlar aglatdy,
Söýgi aglatdy...