Sümer Plita ýazgylary (dowamy)
Ninmah Ningişzidda bilen bilelikde ME-lere ýazdyrylan mukaddes formulalary ýerbe-ýer goýdy. Bu zadyň nähili edilýänini, o zadyň nähili edilýändigini ondan sorady. Agaç kapasalardaky janawerleri derňedi; iki aýakly janawerler hakynda pikir etdi. Bu ýagdaý erkegiň urkaçyny döllendirmesi bilen synlanýardy. Biri-birine çyrmaşan iki ýüp aýrylyp bir çaga peýda etmek üçin birleşýärdi. Bir Anunnaki erkegi iki aýakly urkaçylardan birini döllendirsin, birleşmesinden bir çaga dogsun diýdi Ninmah. ''Ony etmäge synanyşdyk, bolmady, göwreli bolmady, dogurmady'' diýdi Enki.
OPERASIÝADAN ILKINJI ÇAGA DOGULÝAR
Bu hekaýada, ilkinji işçileriň nädip ýaradylýandygyny Ningişziddanyň kömegi bilen Enki we Ninmahyň bu barlygy nädip peýda etýändigi hakynda bolar. Garyşdyrylan suwuklygy başgaça edip düzüp görmeli diýdi Ninmah. Ýaşaýyşyň Iki ýüpini birleşdirmegiň başga ýolyny tapmaly, Ýere degişli bolan ýaradyljak topar zyýan çekmeli däl.
Biziň isleýşimiz ýaly şekillendirilmeli. ME formulalaryndan peýdalanyp Nibirunyň özi kynlyk bilen synagdan geçirilmeli.
Ninmah bir Kristal gapda bir garyndyny taýynlap, iki aýakly urkaçynyň ýumurtgasyny usullyk bilen ýerleşdirdi içine, Anunnaki tohumly ME bilen ýumurtgany döllendirdi.
Bu ýumurtgany iki aýakly urkaçynyň enelik ýatgysynyň içine ýerleşdirdi (Munuň düşündirilişi şundan başga nädip taryp ediler?) Bu gezek hamyla boldy, emma doguryp bilmedi. Çäresiz galan Ninmah bir kesik dilip peýda bolan janlyny tutup daşyna çykardy. Onda entegem jan bardy (Bu hem operasiýanyň gowy düşündirilişi)...
BU ÇAGADA ILKINJI IŞÇINIŇ UKYBY ÝOK
Enki begenjinden gygyryberdi: ''Başardyk!'' Ningişzidda begenjinden aglady. Täze dogan çagany eline alan Ninmahyň ýüzünde şatlyk alamaty ýokdy. Täze dogan çaganyň hemme ýeri gür tüýden doludy, öň taraplary Ýeriň mahluklaryna, arka tarapy bolsa Anunnakileri ýatladýardy.
Iki aýakly urkaçy jandara täze dogulany süýt bersin, emdirsin diýip berdiler. Täze dogulan örän tiz ösüp ýetişdi. Nibirunyň bir güni Abzuda bir aýdy. Ýerli çaganyň boýy ösdi, emma Anunnaki keşbinde däldi.
TEST TEJRIBESI DOWAM EDÝÄR
Elleri gural tutar ýaly çeýe däldi, düşünişmesi ''hyrryldap'' hümmürdeýärdi. Ninmah: ''Muny ýene bir gezek synanyp görmeli'' diýdi. Garyndylaryň gerekli sazlamalary ýetenok.
ME-lere täzeden seredeýin, täzeden synanyşaýyn. Enkiniň we Ningişziddanyň kömegi bilen işleri täzeden gurnadylar.
Ninmah ME-däki ýüp baglanyşygynyň üstünde işlemek gerek diýip pikir etdi. Birinden bir az bölek, beýlekisinden hem bir bölek aldy.
Soňra Kristal käsäniň içinde Ýerli urkaçylaryň biriniň ýumurtgasyny döllendirdi. Ol hamyla boldy. Wagty gelende dogurdy. Bu gezek dogulan bäbek Anunnakilere gaty meňzeýärdi.
Ony doguran enesine berdiler, olam emdirip seretdi. Görnüşi enaýydy, elleri gerek-ýarak zatlary, gurallary ulanmaga ukyply derejededi.
Duýgularyny synap gördüler we seretseler kemisligi bardy. Ýerli çaga eşitmeýär, gözleri gowy görenokdy. Ninmah irginsiz diýen ýaly täzeden garyndyny sazlady. ME formulalaryndan bir az bölekleri toplady. Dogulanlaryň biriniň aýagy ysmazdy, beýlekileri organlaryndan syzdyrýardy, biriniň elleri titreýärdi, beýlekisiniň öýkeni gowy işlänokdy. Biriniň elleri agzyna ýetenokdy, beýlekisiniň öýkeni gowşakdy. Bu testler şowuna bolmany üçin ahmyr çekdirdi Enkini. Enki Ninmaha ''Ilkinji işçileri ýaradyp bolmady'' diýýärdi.
ÝUMURTGALYK GABYŇ ÝERIŇ TOPRAGYNDAN EDILMEGINIŇ GEREKDIGINI PIKIR EDÝÄRLER
''Synag geçirip görýärin bu barlyklara; ne-hä gowy, ne-de erbet'' diýýärdi Ninmah Enkä. ''Ýüregim başarýançaň dowam et'' diýýär maňa.
Garyndyny ýene ýaşady; täze dogulan bu gezegem kemis çykdy. Ýetmezçilik garyndy-da bar bolaýmasyn diýýärdi Enki. Ýetmezçilik ne urkaçynyň ýumurtgasynda ne-de baglanyşyk ýüzünde! Ýeriň özünden ýaradyljak zat; ýetmezçilik hut şol bolmaly! Ylym eýesi bolan Enki Ninmaha şeýle diýdi: ''Nibirunyň kristallaryndan ediljek gaby Ýeriň topragyndan ýasa!''
Ýeriň öz içindäki garyndylardan, altyndan we kümüşden hem garmak gerekdir? Enki Abzunyň topragyndan ýasamagy maslahat berdi...
Ninmah Ýaşaýyş öýünde Abzunyň topragyndan gap ýasady. Bu gap suwa düşülýän wannany ýadyňa salýardy, garyndyny hem şonuň içinde ýerine ýetirdi.
Indi bolsa Taňrynyň ynsany toprakdan ýa-da çägeden ýaradýandyny aýdýan Mukaddes kitaplara ser salalyň.
Ýaradylyş-2;7 Reb Taňry Adamy toprakdan ýaratdy we burnuna ýaşaýyş demini üfledi. Şeýdip Adam ýaşaýan barlyga öwrüldi.
Gurhan; Muminun 12-aýat; Ähd edýärin biz adamy, toprakdan, bir damja suwdan ýaratdyk. 2. Rahman14,15 aýat; - Allah ynsany otda bişen ýaly gury toprakdan ýaratdy.
3. Hijr 26-Hakykatdanam biz ynsany gury toprakdan, birleşdirilen palçykdan ýaratdyk.
4. Sejde 7-Ynsany ýaratmaga bir toprakdan başlady...
Ýöne käbir aýatlarda spermadan (suwuklyk) ýaradylandygy aýdylýar.
5. Araf 189- Ol şeýle bir zatdyr kiý, sizi bir suwuklykdan ýaratşy, zenanyny hem ondan peýda etdi, göwnüne ýarar ýaly.
6. Nahl 4-Allah ynsany bir damja suwdan ýaratdy.
7. Enbiýa 30-Janly bolan her bir zady suwdan ýaratdyk.
Zakariýa SEJIN
Terjime eden: @Jeksparoo

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.