Gurbandurdy Orazowly edebiýat agşamy (3-nji bölüm)

Soňra Gurbandurdy aga :
-Ata Köpekmergen hakynda ýazan goşgymy okap beräýeýin - diýip aşakdaky goşgyny okap başlady.

Kakam gül sährany düşenip ýatyr,

Zemin — ýumşak düşek, asman — ýorgany.

Dünýäň ýüregine düşünip ýatyr,

Golaýynda Ata Köpek Mergeniň.

Olaryň täleýem meňzeşdi,
ýöne
kakam derdin söze öwürip bilmän,

Öwrüldi-de gumdan çitilen göle,

Dyndy azabyndan eşretli dünýäň.

Ömür tüňçesiniň gaýnagy syndy,

Umytlary ýyldyz ýaly üzüldi.

Oňa dertler içre ýaşamak kyndy,

Bize bolsa kakam barka hezildi.

Kakam gül sährany düşenip ýatyr,

Batyp gül-çeçekli lälezarlyga.

Dirilerden gowy düşünip ýatyr,

Ölümden aňyrda näme barlygna.

Soňra sözüni dowam edip:
-Indi men size Ata Köpekmergen hakynda eşitmedik anekdoty aýdyp beräýeýin ?-diýdi. Hemmeler
-Howwa- diýşenden soň ol :
-Anekdot diýýänimem bolan waka -diýip söze başlady :
-Bir gezek Ata Köpekmergen bir ýerden gelýän eken welin , aňyrdan maşyn gelipdirdä:Ata Köpekmergenem oňa:
-Eý inim menem alyp git -diýipdir.Onsoň şafýordan :
-Nirä barýaň?- diýip sorapdyr welin şafýor :
-Men-ä ATUW-a barýan agam - diýipdirdä . Şol wagtlar altatrapnyý uprawleniýa gysgaça ATU diýip atlandyrýan ekenlerdä. Onsoň Ata Köpekmergen :
-Atuwa barýan bolsaň meni düşür . Imanyň hemra bolsun - diýipdir.

Onsoň ýene bir zil maşyn gelipdir welin, Ata Köpekmergen :
-Sen nirä barýaň-ow ?- diýse , şafýoram:
-Men-ä ATAKA barýan -diýipdir. Ata Köpekmergenem:
-Ýolda menem bir enekäň ýanyna düşürüp geç-diýipdir.

Soňra Gurbandurdy Orazow
-Adamyň ýeten derejesi , diňe onuň ýeten derejesi bilen däl. Eýsem ýetmek islän derejesi bilen kesgitlenip biliner -diýip öz ýazan aforizmni okady. Şol wagt Mahym Nurgeldiýewa şahyra şeýle sorag berdi.

-Siz sowet soýuzy döwrüniñ edebiýatyna şaýat bolduñyz. Şol döwür bilen häzirki döwür edebiýatynyñ arasynda parh näme? Türkmen edebiýatyna geljekde ýitip ýok bolma howpy abanýarmy?

Gurbandurdy Orazow bada-bat:
-Toba Estafuralla -diýip oňa şeýleräk jogap berdi .
-Iň esasy zat umydygär bolmak. Iň esasy zat söýgi. Söýgi adamyny arzuwçyl edýär, gaýduwsyz edýär. Iň esasy zat bolsa bagtdyr. Hemişe umytda ýaşamaly. Ýaşlyk ýaly gowy zat barmy? Meniň 35 ýaş ömrüm bardy.

Men ony boş gijelere paýladym
Men ony boş gündizlere paýladym
Bu gün bolsa uly döwletden galan
Köpüklermi ahmyr bilen sanadym

Şol köpüklermizi ahmyr bilen sanamaz ýaly gije-gündiz kitap okamaly, gije -gündiz arzuw etmeli . Kämilleşmeli we hemişe umytdan düşmeli däl . Meniň ýeke özüň ýalňyzlykda ýaşadym . Gumuň içinde ýaşadym . "Käte özüm bilen , özüm gepleşip" diýip Kerim Gurbannepesowyň goşgysy bar-a . Ýalňyzlygam gowy zat däl .

Şahyr şeýle diýip aşakdaky goşgysyny okady.

Diňe azap üçin dörän
Adamy gördüňizmi?!
Juda-juda, örän-örän
Ýadawy gördüňizmi?!

Gamyň gadymy gabyndan,
Yşkyň şirin şerabyndan,
Durmuşyň zeýli ýabyndan,
Dadany gördüňizmi?!

Kesek oklaýar öňýeten,
BAGBANY GODEK HEM GEDEM,
Akmagyň bagynda biten,
Badamy gördüňizmi?!

Duşduňyzmy gözi möle, çal kellä,
Ýol bilen küýkerlip barýan şol men-dä.

Soňra şahyrdan "Men halys ýadadym eje " atly goşgysy okap bermegini haýyş etdiler. Ol bada-bat goşgyny ýatdan aýdyp berdi.

Men halys ýadadym, eje! Gapyl dünýäň görgüsinden, alyndan. Ýyllaň penjesiniň yzy galypdyr. Birçak seniň demiň düşen alnymda. Men halys ýadadym, eje!
Bu ýollaryň hupbatyndan, tümünden.
Süýnýän ýyldyzlardan, agyllan Aýdan.
(Ejizlik däl, mertligem-ä däl welin),
Çawlanda ýüzüňi hazanyň ýeli
Sowuk gijelerde üşeýär adam.
Gyşlar sowuk, eje,
Ýat iliň gyşy hasam.
Armany bolmazmy mert bolan merdiň,
Dermany bolmazmy dert bolan derdiň,
Gülgüne ömrümi gülgün hyýala,
Ömrümi ýollara rowana berdim.
Ýyllara aldyryp çagalygymy,
Juda daşda galandygna düşündim.
Geýim deý sypyryp çaga gylygmy,
Bu zatlaryň ýalandygna düşündim.
Çalaran saçlarňa gurban bolaýyn,
Eziz ejem, berme gözlerňi ýaşa.
Men bu ýolda herne bolsam bolaýyn,
Sen bir, sen bir, sen bir umytda ýaşa!
Ogluň Eýýup kibi derdine çydar,
Derdimem ýok meniň il aglar ýaly.
Zeminde sen, eje, asmanda Huda,
Başga kim galypdyr bil baglar ýaly.
Sergezdan balalar ir-giç hor bolsa,
Enesiniň huzuryna gelýändir.
Diýgin, eziz, heläk bolsam ýollarda"
"Adalat agtaran ýolda ölýändir".
Çölde bolup Hydyr görmän,
Ilde bolup gadyr görmän,
Mydam alyp durman gamyň huzuryn,
Bar-a meňem derdinmäge hukugym.
Ýüregim gözýaşly küýze,
Çeşmim gark edip gutaryn.
Peýda bolsun diýip ile,
Aglap dünýäň derdi üçin
Baryn sarp edip gutaryn.
Gulaklam ýadady, eje!
Kän gepler eşdip minnetli.
Ýasama ýüzleň derdinden
Didelermiň nury gitdi.
Aýaklarym halys boldy,
Ýowuz ýollaryň kadasy.
Ellerim ýadady, eje!
Gerek wagty bogazymy
Owup biljek, bogup biljek
Elleri gysyp ýadady.
Ölüm däl maňa hatarly,
Sebäp olam ýaşaýyş deý
Bary-ýogy bir sapardyr.
Ýyldyz köräp ýaşyl yş deý
Alawlap ýanýar ýokarda.
Men halys ýadadym, eje!

Gurbandurdy aga goşgylarynyň hemmesini diýen ýaly ýatdan bilýän eken. Ol şu goşgylaryň hemmesini hatda " 50000 setir goşgyny ýat tutaryndyryn" diýip uly gürlemeýärdi. Ol diňe türkmençe däl rusça goşgylaram ýatdan aýdar durardy. Soňra bir gyz şahyra ýüzlenip :
-Häzirki döwrüň ýaşlaryna näme maslahatlary berip bilersiňiz ? - diýen soragyna Gurbandurdy aga :
-Iň gowy zatlary köp okamaly. Kitap okaman, türkmen dilini bilmän," Göroly " eposyny okaman, Magtymgulynyň goşgylaryny ýat tutup öwrenmän, şahyr çykyp bolmaýanlygyna meniň özüm akyl ýetirdim. "Iň bolmanda ýylda bir gezek Göroglyny oka oglum" diýip başlan Annaberdiň goşgysy bar. Iň beýik goşgyny kim ýazdy? Türkmen gyzlary ýazdy .

Çuňňur guýa daş atsaň
Batar gider eje jan
Ýat illere gyz berseň
Ýiter gider eje jan

Ine görýäňizmi? Şular ýaly goşgy ýazjak bolup görüň. Şony okaman ýazyp bolmaýar. Gamzatowyň aýdan sözi bar. "Dil bilmän eser ýazjak bolmak, derýany bilmän özüňi derýa oklamakdyr" diýýär.

Soňra bir oglan:
-Gurbandurdy aga iň ilkinji ýazan goşgyňyzy okap beräýiň !- diýip ýüzlendi. Şonda şahyr "Pişigim"atly goşgysyny okap berdi. Pursatdan peýdalanyp menem:
-Iň soňky ýazan goşgyňyzy okap beräýiň - diýdim. Şonda ol oýlandy-da:
-Soňky döwür goşgam ýazamok. Soňky gezek "Men söz bilen oýun etdim " diýen goşgyny ýazdym - diýdi. Soňra bolsa sözüni şeýle dowam etdi:
-Puşkiniň iň gowy goşgylary bir tom bolýandyr. Onsaňam Keminäň adyna şorta sözleri ýazyp Keminäni peselýärler. Poeziýadan beýik zat ýok . Gamzatow aýdýar-a "Instituta girenimizde 30 sany şahyr bolup girdik " diýýär , "Çykanymyzda 1 şahyr 29 sany tankytçy bolup çykdyk "diýýär.

Gurbandurdy Orazowly edebiýat agşamy örän manyly, gülkili, täsirli, gyzykly geçdi. Soňra biz şahyr bilen gezekli gezegine surata düşdik. Surata düşüp durkak bolsa "Bizem taryha gireli " diýip degişdik.

(Soňy)

© Gerçeknazar Amannazarow

(27.06.2023)
2 лайков 254 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Elif
27 июн 2023, 19:55
Omruniz bolsun
Gerceknazar
Автор 28 июн 2023, 13:46
@Elif sag boluň . Beýleki şahyrlaryňam edebiýat agşamlarynam ýazmagy maksat edindim. Aşyrdan widio ýazgylaryny alyp bilsem şular ýaly ýazga geçirmekçi. Nesip bolsa .
Venus
04 июл 2023, 00:23
"Bizem taryha gireli "


Muna men aýtdymla agam:))