Aglama, eje jan “Eje jan, näme üçin aglaýarsyň...”

Aýhan Hajyýewiň kartinasyny synlap...

Aglama, eje jan, aglamasana,
Hat geldigi öldügi däl kakamyň.
Aglama, eje jan, aglamasana,
Baky diri ogludyr ol halkymyň.

Aglama, eje jan, jigilem ýatyr,
Aglasaň agyňa bimaza bolar,
Kakamyzyň ölendigin, goý, ertir
Bilsin, ýöne bu gün bilmesin olar.

“Ýok-la” diýip, daşymyzyň galasy,
Şu mahal bir, eje, baglama matam.
Nägehany, başymyzyň belasyn
Kül-peýekun eden kakam-a – kakam.

Aglama, eje jan, kakasyz öýde
“Ogluň ýetim” diýip, gyýa bakmazlar.
“Ýa kakasyz” diýip, gyzyňa toýda
Altyn ýerne mis ýüzügi dakmazlar.

Ýok kakam bar bolup, goraglar seni,
Menem goraglaryn goç ogul bolup.
Nirde bolsam gerin soraglap seni,
Giňden ýazylaryn saçagyň bolup.

Aglama, eje jan, aglanyň bilen
Ölenler dirilip gelýärmi näme?
...Watana ýürekden berilip ölen
Gerçege aglaman bolýarmy näme?
14 лайков 116 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perishdejik
19 авг 2021, 10:51
like