EJE JAN, NE BEÝLE ÜÝTGÄPDIR DÖWÜR?!

"Sada bol" diýipdiň, köpüň içinde,
Hemişe aýdýardyň: "Pespäl bol" diyip,
Şeyle bolmagyny etseň-de göwün,
Eje jan, ne beyle, üýtgäpdir döwür?!

" Ýagşylyk et" diýdiň, eliňden gelse,
Diýdin: "Gam-gussany şatlyga öwür",
Şeýle bolmagyny islapdim, emma...
Eje jan, ne beyle, üýtgäpdir döwür ?!

Ayýdysyň dey, sada boldum,wah, ýöne,
Men mis bolanymda boldular demir,
Arsyzlar deňimden geçdi äsgermän,
Eje jan, ne beýle, üýtgäpdir döwür?!

Pespäl boldum, öwünmedim,hiç ýerde,
Baýlyk üçin asla, etmedim dowul,
Şoň üçin gompular gomparyp geçdi,
Eje jan, ne beýle, üýtgäpdir döwür?!

Elimden gelýärkä, ýagsylyk etdim,
Gadrym bilýänçäler, etdim, men sabyr,
Emma, gadyrbilmez eken adamlar,
Eje jan, ne beýle, üýtgäpdir döwür?!

Aýt, Käbäm, nähili bolaýyn indi?
Sada, pespäl bolaýynmy bir ömür?
Hemmä ornasypdyr honnonbärimlik,
Eje jan, ne beýle, üýtgäpdir döwür?!

Amandursun ANNANAZAROWA.
12 лайков 120 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perishdejik
19 авг 2021, 10:50
like