Ýazyjy agam

Bir tanyşym bardy. Aňsatja ýaşady. Hiç zada özüni gynamady. Hiç zat barada kelle agyrtmady. Aňsatja işe ýerleşdi. Aňsatja pul tapdy. Özäm az däl. Pulymy köpeldeýin diýip urunmady. Getirişi ýaly iýdi otyrdy. Jaý hem salmady. Okuw hem okamady. Maşynam almady. Aýlygy getirip ülpetlerini bir ýere jemläp iýdi-içdi otyrdy. Aragy tä ölýänçä içdi. Iliň gaýgysyny etmedi. Toý bolsa öýüne gelmän diýen ýaly azandan giçlige çenli toý jaýdan gaýytmady. Aýaly hem özüne meňzäp bardy. Ikisi saýalap ömrüni geçirdiler. Günini nirede gazan atarylsa şol ýerde batyrdylar.
Goňşylary bolsa ýer bagyrtlap işlediler. Mal sakladylar. Ýer ekdiler. Bazarda söwda etdiler. Pagta ýygdylar. Işden gözi açylmady. Toýa gitmäne elleri degmedi. Ýazyna güne gowurga boldy gyşyna sowuga. Bu hem jaý salmady. Maşynam almady. Ýöne okuwa girdi. Okady. Ýazmany öwrendi. Goşgyny, hekaýany. Eli boş wagty ýazdy. Öz ýürek agysyny. Käwagtlar özgäniň ýurek agysyny. Adamlara haýpy geldi. Bir ýerden ýaman habar gelse aglap otyrdy. Gowy habar gelse begenip otyrdy. Ömrüni özgäniň halyna gynanyp azaltdy. Toýa gitmäne wagt bolmady. Çünki üznüksiz ýazmaly boldy. Wakalar tükeniksiz bolup geldi. Ol hem tükeniksiz wakalary kowmaly boldy. Tapan pullaryny ýazmaklyga sarp etdi.
Bir gün ömrüni boş geçiren öldi. Uzak gitmän aýaly hem aradan gitdi. Adamlar jynaza üýüşdiler. Hemme aglady. Ömrüni boş geçiren üçin.
Ýazýan bolsa häli diri gezip ýör. Şol ýazmagyny dowam edýär. Men oňa ýazyjy agam diýip at berdim. Haçan men oňa ýazyjy agam diýýän welin ol gülýär. Erini gulagyna ýetýär. Belki men oňa erjeşip ýazýandyryn. Dogry men köp ýazmaýaryn. Onuň ýaly. Onuň ady hem bar. Ýazan kitaplary tekje bolup dur. Mende bolsa hiç zat ýok.
Ine onsoň bir gün ikimiz ölüp giden barada gepleşip otyrdyk. Ony ýatladyk.
Onsoň meniň turmaly wagtym boldy. Turjak wagtym ol maňa çiňňerilip seretdi. Yzyndan:
-Men senden bir zat sorajak bolýan welin, ýerliklimi ýada däl bilmän otyryn. Bilýäňmi, goňşymyň jynasazyna köp adam geldi. Onuň özi bilen deň bolmadylar. Syladylar. Hatda nätänyş adamlar hem onuň ölümine gynaç bildirip agladylar. Ýöne ynha men hem ölerin welin adamlar meniň üçin hem şeýle edermikä? Meni gaýga basdyrýan zat diňe meniň adym. Şunça ýazsamam ýazyjy adyny alyp bilmän ölerin diýip gorkýan. Bir sen maňa ýazyjy diýýän. Şu sözüňi haçan men ölenimde başujymda aýytgyn. Belki adamlar alyp götererler seniň bu sözüňi diýdi.
Men näme diýeýin. Elbetde bolýar diýdim. Ýöne bir zat. Onuň içi meniňki bilen deň geldi. Men hem ýazyjy adyny almana ymtylýaryn. Öz ýanymdan.
Bu waka meni oýa batyrdy. Özüme:
- Ýazyjy bolmak nähili gymmat zat diýdim. Köp adam ýazyjy, şahyr adyny almak isleýär. Emma bu bagt hemmä nesip etmeýär.
- Kim watanyň adyny abraýyny belende galdysa şoňa nesip edýär.
- Kim halkyň agysyny we begenjini ýazsa şoňa nesip edýär diýdim.

Aýuw, gözýaşym derýa deý dökül
Bu ýanan ýüregimi suw bolup öçür

Şeýle diýsem meniň bir kyn ahwalym bardyr öýütmäň. Hudaýa şükür. Hemme zat gowy. Bu bir çeper ýazmana ymtylma. Şundan artykmaç hiç zat däl!
8 лайков 134 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Saparmyrat Gürgençli
28 июн 2023, 19:18
Göwre sygar tabyda,
Göwün sygmaz jahana.
Balary
31 дек 2023, 18:22
kyn.... kä adam ölýä(olsra ölýä diýmegem birhililaý Kellagyryk akga) 80den geçendir wln, "wah entek ýaşamalydy"diýilýär. ýogalanyndan ep esli ýyl geçendir wln, ýoluň şoň depin edilen ýerinden geçse de gözüňden ýaş gelip durandyr....