Haçan biz ýazyjy bolarys

Başladyk. Jedelli we jogaby näbelli mowzuklara. Häzirki zamanyň talaby şeýle. Diňe çylşyrymly kelle agyrtmalardan manyly we gerekli zatlary alyp bolýar.
Bir tanyşym barada aýdyp bereýin. Eýýäm mekdepde okaýarka, goşgylar, gazallar ýazypdyr. Esasan, söýgi temasyna degişli.Mekdebi gutaryp, ýazyjy we şahyr bolmak üçin ýörite kurslarda okapdyr. Şu döwürde hem onda bir pikir döräpdir. Onuň üçin örän wajyp. Kitap ýazmak. Ýazyjy-şahyr bolmak. Özäm meşhur, tanymal hemde pully ýazuwlar ýazmak isläpdir. Bu barada onuň özi maňa aýdyp berdi. Wagt geçiberipdir. Ýazyp başlapdyr.Ähli ýazan zatlaryny bir ýere jemleseň uly göwrümli kitapdan üç kitap dagy çykjak. Ýöne birden onuň yhlasy gaçypdyr. Ýazanlaryny özi ýigrenip başlapdyr we kem-kemden özüne şeýle diýiipdir.
-Ile görkezerligi ýok.
Şeýle diýipdirde ähli ýaznlaryny bir ýere jemläp otlapdyr. Hemem täze pikire gelipdir.
-Täze kitap ýazjak.
Ýazanlaryny bolsa özünden başga hiç kim okamandyr.
Ýenede wagt geçipdir. Ýöne indi ýazasy gelmändir. Ýöne şondada özara gepleşip otyran wagtymyzda ol özüniň ýenede ýazjakdygyny wada berýär.
Ine, men size çylşyrymly sorag bereýin. Bu tanyşym näme barada ýazyp, soňra ýazanlaryny özi ýigrenip bilmegi mümkin. Eger ol indi hiç zat ýazmasada, üç kitap boljak ýazuwlary üçin ony ýazyjy-şahyr diýip bolarmy?.
Ýazyjy-şahyr diýip kime aýdylýar? Haýsy pursatda biz ýazyjy, haçan kitabymyz çap bolandamy?
1 лайков 168 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
06 июл 2022, 18:26
@Kelleagyryk (@Beýik Ýazyjy)
Hiayress
06 июл 2022, 18:26
Dostuňam dostuň däl.
Telwas
06 июл 2022, 18:40
Mekdebi gutaryp, ýazyjy we şahyr bolmak üçin ýörite kurslarda okapdyr.

Ýazyjy-şahyr bolmak üçin ýörite nirede, nähili kurs bar?
Aksary
06 июл 2022, 18:53
Nirvana
Mekdebi gutaryp, ýazyjy we şahyr bolmak üçin ýörite kurslarda okapdyr.

Ýazyjy-şahyr bolmak üçin ýörite nirede, nähili kurs bar?

Gowy sorag
Goklors
06 июл 2022, 19:09
Ýazyjy bolmak üçin synanşyp ýazgylary ýok edenler kän bolmaly.
Goklors
06 июл 2022, 19:13
Gowy ýazýaryn öýdülýär we ýazylyp başlanýar. Okaýaň, netiçe çykmajagyny bilibem. Golýazmany ýok edilýär. Plança aýlyk ýa ýyllyk bir minutda puç bolýar.
Guyc
06 июл 2022, 19:18
Žalka. In bolmanda bir ýygnapjyk goyaymaly eken.
Goklors
06 июл 2022, 19:19
Zehiniň bolsada, erjellik, okumuşlyk, işeňňirlik bolmasa netije çykmaz. Birdir ikidir bolaýmasa ýokary bilimi almazdan ýazyjy çykanok. Meselem türkmen ýazyjylaryň hemmesi diýen ýaly degişli wzuwlary gutaran hem ussatlardan tälim alan.
Hiayress
06 июл 2022, 20:39
Biz diýip, üýşüp ýazyjy boljak bolýaňyzmy?!