Ýaltalaryň 3 bahanasy


Men başaramok. Saňa “Sen başarmarsyň” diýip biljek ýeke-täk adam bu seniň özüňsiň. Eger-de sen beýniň düýp-teýkaryndan – bir ýerlerden ýaňlanýan bu sedany eşidýän bolsaň, onda öçür bu sesi. Seniň özüňe bolan ynamyň daglary ýerinden gozgap biler, emma öz-özüň babatdaky şübheleriň bolsa olary täzeden ýerine goýup biler. Seniň öz-özüňe şübhelenmegiň – şahsy ösüş babatdaky ilkinji duşmanyňdyr. Gysgaça aýdanymyzda, seniň şübheleriň bilen ynamyň arasynda nähilidir bir umumylyk bar: olar seniň görüp bilmeýän nämedir bir zadyňa ynanmagyňy talap edýärler. Saňa diňe nämä ynanjagyňy saýlaýmak galýar.
Men muny ertir ederin.Üstünlikli adamlarda ýaltalaryň ertire meýilleşdirýän zadyny şu gün etmek adaty bardyr. Önjeýliligiň iň uly ýagysy – nämedir bir zat etmek üçin, şu güne garanyň-da, ertiriň has laýyk boljaklygyna bolan ynamdyr. Ertir hem özüňi duýuşyň edil şu mahalky ýaly bolar, amatly gün bolsa hiç haçan gelmez.Seniň hakyky meseläň bu gün başarmajaklygyňda däldir, asyl niýetiňdedir. Düşün ahyry, seniň ol diýýän “ertiriň” aslynda ýok, hiç haçan hem bolmaz. Sendäki ýeke-täk mümkinçilik – bu sende, şu wagt bar bolanydyr. Şu salym, şu pursatdyr. Şu günden başga parhly gün ýok. Eger sen şu gün özgeleriň etmeýän zadyny etseň, bagtyň çüwdügidir. Ertir oýanarsyňda, özgeleriň başarmaýan zadyny etmäge ukyplydygyňy duýarsyň.
Meniň iň gowy bitiren işim hem o diýen öwerlikli däl. Öňe ilerlemäge itergi berýän bir möhüm iş bilen meşgullanan halatyň özüňe tankydy nukdaýnazardan garamak – bu kadaly ýagdaý. Bu seniň ähli zady gowy etmäge bolan islegiň bilen peýda bolýar. Köplenç, zähmetimiziň miwesi bilen garaşýan zadymyzyň arasynda örän uly parh bolýar. Sen özüňe bitiren işiň entek o diýen öwerlik däldigini aýdýarsyň: jan edýäň, emma barybir isleýän netijäne ýetip bilmeýärsiň. Bu seni kejikdirýär, onsaň sen baryny güm-lam edip taşlamaga taýýarsyň. Emma başyna baran işiň kämiligine bolan isleg seni bu iş bilen meşgullanmaga iterendir. Ynha, şu hem bahasyna ýetip bolmajak esasdyr. Özüňdäki iň gowy, aňyrybaş derejede bolmak islegiňe eýýäm ýeten derejäňe atanak çekmäge, kämilleşmegi we öwrenmegi goýbolsun etdirmäge ygtyýar berme. Sen islegiňe hökman ýetersiň. Ýöne wagt hem tejribe gerekdir. Eger sen häli-häzir hem şu basgançakda bolsaň, munuň özi bolaýmaly zatdygyna, kadaly ýagdaýdygyna düşün, seniň edip biljek iň möhüm zadyň – öz işiňi ýerine ýetirmegiňi dowam etdirmegiňdir. Diňe işiňi artykmaçrak etmek arkaly, sen öz ukyp-başarnygyňy kämilleşdirip we garaşylýan netije bilen öz zähmetiň arasyndaky uçudy gysgaldyp bilersiňiz.
8 лайков 189 просмотров
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gauzen
06 июл 2022, 14:18
Nirden tapdyň-eý munýaly şrift?! Okap bolanoga owadanlygyndan ýaňa name
Öwreniji
06 июл 2022, 15:23
şony uly edip ýazaýmalyda, biziň ýaly goja üçin
Gauzen
06 июл 2022, 16:23
Malades düzedipsiň))
Gauzen
06 июл 2022, 16:23
Like gitdi menden))
Apples
06 июл 2022, 22:41
Mundan basga srift yokdurow
Apples
06 июл 2022, 23:15
İndi gowulanypdyr
Biohimik
07 июл 2022, 00:05
Tuweleme
DonMaxx
07 июл 2022, 01:22
okamadym onnada like cilimkesh
#динара.
Автор 07 июл 2022, 01:25
Men şrifti çalşamok nadip uytgeyaka?
DonMaxx
07 июл 2022, 03:48
Biwepa yar... okamuny
#динара.
Автор 07 июл 2022, 03:50
ким шо бивепа тапалыла DonMaxx,
DonMaxx
07 июл 2022, 03:52
Miss_minnosh,
Sen gruzin
#динара.
Автор 07 июл 2022, 03:53
Алдамасанызлаи DonMaxx,