Ýaltalaryñ 3 bahanasy.
1. Men başaramok. Saňa "Sen başarmarsyň" diýip biljek yeke-täk adam bu seniň özüňsiň. Eger-de sen beýniň düýp-teýkaryndan - bir yerlerden ýaňlanýan bu sedany eşidýän bolsaň, onda öçür bu sesi. Seniň özüne bolan ynamyň daglary ýerinden gozgap biler, emma öz-özüň babatdaky şübheleriň bolsa olary täzeden ýerine goýup biler. Seniň öz-özüne şübhelenmegiň - şahsy ösüş babatdaky ilkinji duşmanyňdyr. Gysgaça aýdanymyzda, seniň şübheleriň bilen ynamyň arasynda nähilidir bir umumylyk bar: olar seniň görüp bilmeýän nämedir bir zadyňa ynanmagyňy talap edýärler. Saňa diňe nämä ynanjagyňy saýlaýmak galýar.
2. Men muny ertir ederin. Üstünlikli adamlarda yaltalaryň ertire meyilleşdirýän zadyny şu gün etmek adaty bardyr. Onjeýliligiň iň uly ýagysy - nämedir bir zat etmek üçin, şu güne garanyň-da, ertiriň has laýyk boljaklygyna bolan ynamdyr. Ertir hem özüňi duýuşyň edil şu mahalky ýaly bolar, amatly gün bolsa hiç haçan gelmez.Seniň hakyky meseläň bu gün başarmajaklygyňda däldir, asyl niyetindedir. Düşün ahyry, senin ol diýýän "ertiriň" aslynda ýok, hiç haçan hem bolmaz. Sendäki ýeke-täk mümkinçilik - bu sende, şu wagt bar bolanydyr. Şu salym, şu pursatdyr. Şu günden başga parhly gün yok. Eger sen şu gün özgeleriň etmeýän zadyny etseň, bagtyň çüwdügidir. Ertir oyanarsyňda, özgeleriň başarmayan zadyny etmäge ukyplydygyňy duýarsyň.
3. Meniň iň gowy bitiren işim hem o diýen öwerlikli däl. Öne ilerlemäge itergi berýän bir möhüm iş bilen meşgullanan halatyň özüňe tankydy nukdaýnazardan garamak - bu kadaly ýagdaý. Bu seniň ähli zady gowy etmäge bolan islegiň bilen peýda bolýar. Köplenç, zähmetimiziň miwesi bilen garaşýan zadymyzyň arasynda örän uly parh bolýar. Sen özüne bitiren işin entek o diyen öwerlik däldigini aýdýarsyň: jan edýän, emma barybir isleýän netijäne ýetip bilmeýärsin. Bu seni kejikdirýär, onsaň sen baryny güm-lam edip taşlamaga taýýarsyň. Emma başyna baran işiň kömiligine bolan isleg seni bu iş bilen meşgullanmaga iterendir. Ynha, şu hem bahasyna ýetip bolmajak esasdyr. Özüňdäki in gowy, anyrybaş derejede bolmak islegiňe eýýäm ýeten derejäňe atanak çekmäge, kämilleşmegi we öwrenmegi goybolsun etdirmäge ygtyýar berme. Sen islegine hökman ýetersiň. Yöne wagt hem tejribe gerekdir. Eger sen häli-häzir hem şu basgançakda bolsaň, munuň özi bolaýmaly zatdygyna, kadaly ýagdaýdygyna düşün, senin edip biljek in möhüm zadyň - öz işini yerine yetirmegini dowam etdirmegindir. Dine işini artykmaçrak etmek arkaly, sen öz ukyp-başarnygyňy kämilleşdirip we garaşylýan netije bilen öz zähmetin arasyndaky uçudy gysgaldyp bilersiniz.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.