Ýazmajak bolup ýazanym


Öň aýdyşym ýaly ýazmakdan peýda ýok bolsa gerek.Bu meniň öz pikirim. Özgäniň pikiri başgaça bolup biler. Her kimiň öz nukdaý nazary bolýar. Hemme zada, hemme ýagdaýa. Ýöne şuňa garamazdan bir zatlar ýazasym gelýär. Manyly, gyzykly, döwüriň talabyna jogap berýän. Çynlakaý messeleleri gozgaýan. Bu meseleleriň çözgütlerini görkezýän. Ýöne näme üçindir hyýalym başa barmaýar. Bir seretseň ýazmana päsgel berýän zat ýok. Bir seretseň başga iş köp, el degmeýän ýaly. Ýene bir seretseň ýazanyňy okamana adam ýok ýaly. Şeýdip, günler, aýlar geçip gidip dur.Ýöne ýazmalydygyny bilýän. Ýazmasam gutaranym. Iň bolmanda çyrşalap goýýan.Internete çykarmazdan. Gowy bir zat ýazsam özümi peýdaly, gerekli iş eden ýaly duýýan. Köpçülige hyzmat etdim diýýän, gerekli zatlary aýytdym diýip begenýän.
Emma men şunyň ýaly. Özüni başgaça duýýan adamlaram köp. Olar ýaltanman-ýadaman ullakan kitaplary ýazýarlar. Meniň üçin bu bolsa kitaplary ýazmak ýene bir kitaby ýazmaklygy yza tesýär.
-Bir-iki günlikde okadym. Angliýaly bir ýazyjy ýedi ýüz sahypaly ullakan kitap ýazypdyr. Amerikada neşir edilen. Ady Putin. Kitap Pussiýanyň prezidenti Putin barada. Ýazyjynyň familiýasy eger çyksa, Şort. Bu ýazyjynyň, şu kitaby baradaky özüniň beren gysgaça interwuýsyny okadym. Jurnalist sorag berýär. Ýazyjy bolsa, jogap berýär.
-Tä eneden doglan gününden şu wagta çenli Putiniň biografiýasyny yzarlaýar. Onuň ata-enesi, terbiýesi, mekdep ýyllary, ýokary okuw jaýlarynda okany, özüni alyp baryşy, işlän ýerlerini, prezidendtlik döwrüni.Dogry kitabyň maysyna gyzykym, emma ýedi ýüz sahypany okamak aňsat däl. Wagt ýok. Onsoňam kitap, garaýyşlaryňy üýütgetmezmi? Ýöneden-ýöne başga biriniň pikirine uýmak jogapkärli ýagdaý. Özüň üçin. Kitaby doly okamak maksadym ýok.
Meni diňe gyzyklandyrýan ýagdaý, ýedi ýüz sahypa üçin, material toplamak
bu hemmesinden kyn. Şunça wagtyňy we serişdäňi sarp etmeli. Bir pikiriňi aýytsaň indiki pikiriň galyp barýar.
-Mysal üçin, şeýle bolýar. Şu zat wajyp diýýäňde ýazyp başlaýaň. Ýazyp otyrkaň, täze bir pikir kelläňe gelýär. Bu täze pikir ýazyp otyranyňdan hem wajyp. Näme etmeli. Ýazyp otyranyňy taşlap, täze gelen pikiri ile ýetirmeli.
-Uzak wagt bir pikire berilip otyrmak, ýazyjynyň köpdürliligini kemeldäýr. Şonuň üçin, edil şu wagt ýazyp otyranyňy, şu wagtyň özünde gutarjak bolup çytalaşmaly we ýazyp bolup, ýazanyňy ile hödürläp, indi näme ýazjagyň barada oýlanmaly. Men şeýle diýip oýlaýan, emma siziň pikiriňiz başgaça bolup biler.
4 лайков 161 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kerbaba
02 авг 2022, 14:08
Ыклым иним, Я сен чересчур сада болярсын,я-да сен догрыданам слишком умны...700 сахыпан наме ол? Менин озума 7000 болсада окардым шо китаьы...арман бизе элйетер далда..Геп сахыпа санында дал..
Hiayress
02 авг 2022, 14:11
Pikirleriň hemmesi "men şeýle pikir edýänden" ybarat, çig, goýylaşmadyk.
Öwreniji
02 авг 2022, 15:02
Yklym özüňi tanyş edäýseň, kim nireden näçinji ýyl