Ýazmak gowy zat

Köp ýaşan bilmez köp okan biler diýipdir ata-babalarymyz. Dogry diýipdir olar. Ýöne meniň üns berişime görä köp okap dälde okaman köp biljek bolýan adamlar köp bolaýmasa. Köp okajak bolýan adam az emma emelläp köp okan kişi boljak bolýanlar ýeterlik. Şeýlede bolsa okamagyň gerekdigine düşünýän adamlaryň bardygyna begenýärin. Käwagtlar dogry gelip gidýän aňly-düşünjeli, bilimli adamlaryň ýazuwlaryna. Esasan bu adamlar daşary ýurtlylaryň ýazuwlary.
Ökde ýazuwyň üstünden barsam begenip gidýärin. Olary okap men hem şular ýaly ýazyp bilsedim diýýärin. Ýazmana irte döwürden bäri gyzykýaryn. Ýöne durman, yzygider ýazmana mümkinçiligim ýok. Onsoňam näme barada ýazjak. Ýazmaly bolsa degerli, manyly we çynlakaýý zatlary ýazmaly diýip düşünýän. Ýöne bu hili ýazgylara adamlarda höwes ýok ýagny okyjy az.Ýeňil ýelpaý kelle agyrtman düşünip bolýan zatlara köp gyzyk bar. Kyn düşünilýän zatlary bolsa özüň üçin ýazaýmasaň.
Wagt geçip pikirim üýütgemegi hem mümkin. Belki okamasalarda ýazmaly diýmegim mümkin.
Indi bolsa näme barada ýazmaly? Haýsy ugur has ähmiýetli. Bu hem ullakan sorag. Meniň üçin makala ýazyp bilmek has ähmiýetlidir diýýärin. Näme üçin diýýäňmi?. Makalada analiz köp. Onsoň ýene subut etmeli. Bu ullakan ylymy, ýazyjylyk ukyby we hemmesinden geregi aýydýan sözüňe jogapkärligi talap edýär. Köp makalalary dokumentlerden almaly, köpüsini bolsa öz gözüň bilen görmeli. Mysal üçin, 7-nji oktýabrda Izrail döwleti bilen Hamas guramasynyň arasynda uruş başlandy. Diýeli şu uruş barada makala ýazmakçy bolduňyz. Aňsat bolar öýüdýäňmi bu uruş barada ýazmak. Elbetde kyn. Bu hekaýa, erteki ýada söýgi gazalyny ýazmak ýaly bir zat däl. Ady tutylan ýazuwlarda kyn zat ýok diýen ýaly. Özüňden düzüp ýazybermeli. Emma bu uruşy özüňden ýazmak jogapkärçilik bilen gutarýar.
Hawa her döwür bir zady talap edýär. Biziň döwrümizde bolsa örän köp wakalar bolup geçip dur. Bu wakalaryň hemmesine dogry düşünip ýetişmek gerek. Dogry düşünmek üçin bolsa dogry ýazyp bilýan jurnalist, ýazyjy, blogerler gerek. Şulardan biri bolmak elbetde ullakan bagt meniň üçin. Hoş wagtyňyz!
2 лайков 81 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şöhle
26 окт 2023, 19:37
Ýazmaga höwesi bar adamy hiç zat saklap bilmez. Ýazybermeli, gündelik durmuşdan alnan zatlaram gowy okalýar diýip pikir edýän özüm-ä.
Merjen
02 ноя 2023, 00:39
???????