Roman ýazmak hökmanmy?

Her bir ýazýan adam hökmany suratda ullakan kitaplary ýazasy gelýär. Özüniň
möhüm diýip düşünýän zatlaryny halka ýetiresi gelýär. We elbetde, bu eden
işerinden meşhur bolup halk arasynda tanymal bolasy gelýär. Sag bol alasy gelýär.
Bu adaty ýagdaý. Bu bojak ýagdaý we bu işde çenden çykma hiç zat ýok.
Bu hili ýagdaýy menem başdan geçirdim.
Mundan birnäçe ýyl yzda uly göwrümli kitap ýazmak üçin bir topar gerekli zatlary
taýynlap ilki bilen kagyz kitap, onsoň käbir sebäplre görä kagyz kitaby taşlap,
elektron kitaba geçdim. Emma bu maksady amala aşyrmak hem aňsat däl bolup çykdy,
ýöne çynlasaň boljak eken. Bu aýydanlarym uly pägelçilik däl.
Emma uly göwrümli kitap ýazmak üçin başga bir ýeňip bolmajak päsgelçilik bar bolup çykdy.
Bu päsgelçilik bolsa meni yza tesdi. Kem-kemden uly göwrümli kitap ýazmak
maksadyndan el çekdim.Ýöne puşman etmeýän.
Indi bolsa, siziň bilesiňiz gelýändir, haýsy zat maňa päsgelçilik berýär. Uly göwrümli
kitap ýazmana.
Emma gynansamda bu päsgelçiligi size aýdyp berip bilmeýän. Onsoňam nämä gerek. Bir
gün siz hem meniň bu ýagdaýymy başdan geçirersiňiz, çünki wagty gelip siziň käbiriňiz
uly göwrümli kitap ýazmana ymtylar.
Ýöne men size şu syry aýdyp bilýärin. Uly göwrümli kitaba özüňizi gynap ymtylmaň. Haýsy
zady gowy ýazyp bilseňiz şol zada ymtylyň. Uly göwrümli kitaplaryň hem okalmaýanlary köp.
2 лайков 111 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
07 июл 2023, 21:06
Bir görseň adama motiwasiýa berýäň, bir görseň bar motiwasiýasyýasyny gaçyrýaň. Interesni ptasanaý sen.
Pegas
08 июл 2023, 10:04
"Gory gutaran şahyr poema, gory gutaran ýazyjy roman ýazar" hem diýýäler?
Goklors
08 июл 2023, 10:32
daşyndan seretseň bolaýjak ýaly ýagny uly göwrümli zat ýazyp bolaýjak ýaly . Başyna barsaň hezil berenok. baý-bo munuň üçin zehin gerek . şol zehine ýetmek üçin gaty kän ýol geçmeli
Sapar aga
08 июл 2023, 23:31
Roman ýazyp bu şertlerde meşhur bolmak mümkindir öýdemok. Daşary ýurtlarda kitaplar (şol sanda romanlar) örän çalt geçýär, taryh we ş.m kitaplaryň käbirleriniň täze çapy ýok, ulanylan almaly bolýaň, emma roman beýle däl, çalt geçýäni üçin çalt gelýär. We dünýäniň iň köp satylan kitaplaryň arasynda birinji ýeri romanlar alýar. Emma bizde roman beýlede dursun, 4-5 sahypalyk zady uzyn diýip hasaplaýarlar. Romanyň nämedigi hem ornaşmadyk aňlarda. Bizde roman däl, islendik kitap ýazyp meşhurlyga ýetip bolmaz. Kitap däl, başga ugur saýlamaly bolýaň.