Nirä gitmekçi siz
-Durmuşda her kimiň öz oruny, her zadyň ähmiýeti bar. Ýöne biz öz aladalarymyz bilen, özgäni saýgarmaýarys. Öz aladalarymyz olardan wajyp we gerekli diýip hasaplaýarys. Belki bu dogrydyr kimler üçin. Ýöne hemmeler üçin däl. Iň bolmanda bir zat bir adama ýada bir zada gerek. Köçä çykyp ýada öýümiziň içinden bir gerekmejek zady gözläp, ony tapyp, şu gerek zat däl diýip, bir gyra zayňmazdan ozal, bu gerekmejek zadyň öňki ähmiýeti we häzirki ähmiýeti we onuň geljegi barada oýlanyp göreli. Mysal üçin, zyňylan bir ýyrtyk, indi ulanylmajak köne joraby tapyp ol barada.
-Ilki bilen oýlanaly.
-Bu ýyrtyk jorap kim üçin satyn alynan?.
-Gyzyň üçin diýeli.
-Bu gyz häzir nirede?
-Aşgabatda.
-Aşgabatda näme edýär?
-Işleýär.
-Soňky gezek haçan gördüň gyzyňy?
-Iki ýyl boldy gidenine.
Indi jorabyň özi barada oýlanaly. Bu ýyrtyk köne jorabyň ähmiýeti nämede?
Jogap öz özünden belli. Bu jorabyň özi indi aýaga geýilmesede, onuň ähmiýeti gyzyňy ýatladýanynda.
Şujagaz mysaldan size düşnükli bolandyr. Ähmiýetsiz gerekmejek zat bolmaýar.
Indi bolsa dogry jogaba geçeli. Kimdir birleri bu saýytda meniň ähmiýetim ýokdur diýip oýlaýandyr. Bu nädogry. Hemmäniň bu saýytda ähmiýeti bar. Ýyrtyk jogabyň ähmiýeti bolanda näme üçin siziň ähmiýetiňiz ýok bolmaly. Bu mümkin däl. Siziň hemmäňiz ullakan adam. Eliňizden geldigiçe, mümkin boldugyça saýyta hyzmat etdiňuz. Ýazdyňyz! Okadyňyz! Wagt we serişde sarp etdiňiz.
Şu sözümden soň, her biriňiz beýlekä ähmiýetim bar diýip oýlaň we şu oýyň netijesine garap hereket ediň.
Her bir zadyň kulminasiýa nokady bolýar. Biziň kulminasiýa nokadymyzy görmän nirä gitmekçi siz.

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.