degişmeler

Tiz ýöreýän otlynyň küpesinde bir aýalyň ýeke özi otyr. Küpä bir ýaş ýigit girýär-de, onuň gapdalynda oturyp, sakgyç çeýnemäge başlaýar.
– Meniň bilen tanyşjak bolup nähak horlanýaňyz. Men doga ker – diýip, aýal dillenýär.

* * *

Ýaş esger öýlerine hat ýazýar:
“Mähriban ejem, sen maňa ir turup, eşiklerimi geýmegi, dişlerimi arassalamagy, naharlanmagy hem-de ir ýatmagy öwretjek bolup ýigrimi ýyllap biderejik horlanypsyň. Bu ýerde, goşunda, olaryň baryny ikije günde öwredýän ekenler”.

* * *

– Doktor, eger sag-aman aýak üstüne galsam, siziň täze saldyrýan keselhanaňyzyň gurluşygy üçin 500 müň dollary gaşymy çytman bererdim – diýip, näsag millioner aýdýar.
Birnäçe aý geçenden soň, lukman öňki syrkawyna köçede duşýar. Onuň ýüzünden gany damaýyn diýýär.
– Men siziň sag-aman gutulyp gideniňize gaty şat – diýip, lukman oňa seredip guwançly ýylgyrýar. – Indi şol keselhananyň gurluşygy üçin berjek diýen pullaryňyz barada-da gürleşäýsek...
– Pul berjek diýdimmi men?! – diýip, millioner geň galýar. – Päh, onda gaty agyr ýatypdyryn-ow! Hatda samrapdyrynam!..

* * *

– Goňşy, bazarlapsyň-la?
– Aý, şlýapa aljak bolýan welin, göwnüme ýaraýany ýok.
– Kelläňe ýaraýanyny alyber.

* * *

– Meniň aýalym diýseň adamkärçilikli...
– Şeýledir-le, ýogsa, seň bilen bir günem ýaşaşmazdy.

* * *

Bir gün bir mülkdar belli fransuz suratkeşi Renuardyň ýanyna gelip, şeýle diýipdir:
– Haýyş edýän, oglumyň çeken suratlaryna baha beräýseňiz!
Beýik suratkeş suratlara ser salypdyr-da, şeýle diýipdir:
– Ogluňyz edebiýat bilen meşgullansa has oňat bolardy.
– O näme üçin?
– Çünki kagyzy hapalamak matany hapalamakdan arzan düşýär.

Toplan: Jorageldi SAPARGELDIÝEW
8 лайков 303 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
02 авг 2022, 15:36
Ýetireniñe sagbol gowja degişmeler.. Yaş esgeriñ öýüne ýazan hatyny okap ýylgyrdym, dogrudanam şeýle iki günde öwretýäler:)
My life
02 авг 2022, 21:21
Gulkuli, gowy degishmeler eken.
Shlyapaly degishmede gulkunc))
Dnnalijelainnn
02 авг 2022, 23:04
Menem haladym hehehe
MYRADYM
03 авг 2022, 00:20
Sessiz guldum
Pyyada
03 авг 2022, 01:00
Wuuuhahahahaaa
Perman Izakow
03 авг 2022, 03:00
Mugallym kylaskoma:
-ertir hemmeden 5manat ýygna.
Klaskom okuwçylara:
-ertir heriňiz 6manat getirip maňa beriň.
Okowçy ejesine:
-ertir mugallym 10manat getir diýdi.
Ejesi kakasyna:
-ertir ogluňa 25manat gerek