Genri Ford
Bir gezek Genri Ford Angliýa gitmeli bolupdyr. Howa menziliniň sorag-jogap gullugynda ol şäherdäki iň arzan myhmanhananyň haýsydygy barada gyzyklanypdyr . Gullugyň işgäri ol adamyň meşhur G. Forddugyny tanapdyr. Sebäbi ol bütin dünýä belli adamlaryň biridi. Şähere gelmezinden birnäçe gün öň G. Ford barada gazetlarda makala ýazylyp, onuň suratlary hem ilkinji sahypalarda uly ýer tutup durdy. Ine, şol adam hem şu ýerde egnine geýen paltosy özünden uly görünýän, iň arzan myhmanhanany sorap dur. Işgär:- Eger men ýalňyşmasam, siz Genri Ford bolmaly, men siziň suratyňyzy gördüm.- Hawa – diýip Ford jogap beripdir. Gullugyň işgäri özüni ýitirmän zordan gyryk sesi bilen:- Siz şäherdäki iň arzan myhmanhanany soraýaňyz, egniňize geýen paltoňyz dagy özüňizden uly görünýär ýaşy boýunça. Öňräk men siziň ogluňyzy gördüm. Ol şäherdäki iň gymmat we amatlyklary bolan myhmanhanada düşledi, üstesinede ol şeýle gözegelüwli geýnendi – diýip bildi. Şonda Genri Ford oňa şeýle jogap beripdir:- Meniň oglum intäk ýaş. Ol durmuşda özüni nähili alyp barmalydygyny hem kän bir bilenok. Maňa nirede, haýsy myhmanhanada düşlesem-de tapawudy ýok, öňi-soňy men Genri Ford. Şäheriň, bütin dünýäniň iň arzan myhmanhanasy bolsa-da men şol öňki bolşum. Meniň oglum arzan myhmanhanada düşlese daş-töweregindäkileriň özi barada näme pikir etjekdiklerinden gorkýar. Meniň Genri Ford ýaly kakam ýok. Bu palto bolsa dogrudanam maňa kakam pahyrdan galan ýadygärlik. Onuň bolsa hiç hili ähmiýeti ýok, çünki men esgilere pul bermegi halamok. Men näme geýsemem, nirede bolsamam men Genri Ford. Galan zadyň bolsa asla ähmiýeti ýokdur. Hiç haçan hem men-men diýip ýaşamaly däldir. Ertiriň nähili boljagyny hiç kim bilip bilmez. Bu gün meniň oglum döwran sürüp ýören bolsa, ertir onuň nireden çykjagy belli däldir!
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.