*****



Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş gözleýän bir adam meşhur telekeçi Genri Forduň ýanyna iş sorap barypdyr. Onuň bilen görüşmek üçin kätibinden rugsat almagy başarypdyr. Kätip ol adama "Genri Ford şu wagt bir ýerik gidip barýar. Belki, haýdasaňyz, yzyndan ýetip, ondan haýyş edip bilersiňiz" diýipdir. Genri Ford "Ford" markaly ulagyna münen dessine, ýaňky adam hem onuň gapdalyna ornaşypdyr.
Ýolboýy olar biri-birleri bilen gürleşmeýärler. Soňra awtoulagdan düşüp, bir dükana tarap ugraýarlar. Gapyda duran adamlar uly hormat bilen meşhur telekeçini garşy alýarlar. Bilelikde biraz gezim edenlerinden soň, yzlaryna gaýtmak üçin ýene-de ulaga münýärler. Adam mundan artyk çydap bilmän sorag berýär: "Jenap Ford, meniň bilen iş hakynda gürleşjekmisiňiz?"
Ford ulagy saklaýar we adamyň düşmegini talap edip, ýoluny dowam etdirýär. Adam şäherden uzakda ýerleşen bir ýerde ýaşaýardy. Öýlerine barýança ep-esli ýol bardy, jübüsinde bolsa hiç hili pul ýokdy. Ol şol gahary hem üstesine urna mejbury pyýadalap, öýüne aşmagy başarýar. Özüçe pikirlenip başlaýar: "Ol maňa bir zatlara öwretmek isledi, ýöne nämekä..."
Ol bu hakda birnäçe gün oýlanýar. Ahyrynda bolsa Forduň şol gezekki baran ilkinji dükanyna gidýär. Ol ýere baranda gapydaky işçiler bu adama uly hormat bilen ýüzlenipdir. Onuň her bir soragyna Genri Ford bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýaly jogap berýärler. Soňra ol Forduň aýlanyp gören beýleki dükanlaryna hem birin-birin degip geçýär. Her baran ýerinde hem ony mähir-mylakat, hoşamaýlyk bilen garşy alypdyrlar. Bu adam dükanlaryň müdirlerine: "Sizden haryt alyp, başga ýere ýerlemek isleýärin" diýip çykypdyr.
Dükan eýeleri " Ine, islän zadyňyzy saýlap alyň. Satyp, bahasyny soňra töläp bilersiňiz" diýipdirler.
Adam birnäçe ýylyň içinde ummasyz pul gazanyp, meşhur telekeçi bolupdyr. Soňra Forduň ýanyna baryp, oňa sagbolsun aýtmak isleýär. Genri Ford bilen görüşmek üçin onuň kätibinden rugsat aljak bolanynda, "Içeri giriň. Jenap Ford size garaşýar" diýen jogaby alýar.
Ford oňa: "Siz şol ýerde ulagdan düşüren ilkinji ýa-da iň soňky adamym däl. Ençeme adamlar bilen şol ýagdaýy gaýta-gaýta başdan geçirdim. Şolaryň arasynda meniň aýtmak islän zadyma dogry düşünen ýeke-täk adam siz we şol günden başlap siz bilen gyzyklanyp gelýärin" diýipdir.
3 лайков 139 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Süleýman
29 авг 2023, 12:09
Gyzykly hekaýa ýetirenňize sagboluň