Rain
Ýagyş
Ýagyş ýagýar
Damp, damp, damp
Ol hem aýalarmyň, hemem gözlermiň
Içine gaçýar.
Bir-birinden ozmak isleýän ýaly,
Ýagýar batly,
Ýagmak-onuň ykbaly
Sebäp oňa ene toprak garaşýar,
A damjalar ýaryşýar.
Maňa tukat görünýär,
Nähili ritm?
Hamana, bir hökmanylyk bar ýaly,
Günüň öňün tutan buludy itip,
Tukat görnüş bilen ýagmak hyýally.
Men seniň unudan, görmedik bolan,
Saňa arzuwlaryn aýdan sadajaň,
Gowy eken sadakaň...
Iň bolmanda öň asmandan ýagýardyň,
A indi manysyz gözüm tegeläp,
Bulutdan ýagýanyň bilýärin anyk.
Sen şeýle boljagyn öňden gören deý
Etmediň aýyp.
Meger, şol gezegem zalymlyk bilen
Birinji hem soňky söýgiňe aglap,
Maňa-da özümi gidensiň goýup.
Sen indi öňkiň deý ýagyp bilmersiň,
Menem öňkim ýaly söýüp bilmerin,
Eger men deý unutmagy öwrense,
Guýuber üstünden şol bägülleriň.
Bägül ATAÝEWA
Ýagyş ýagýar
Damp, damp, damp
Ol hem aýalarmyň, hemem gözlermiň
Içine gaçýar.
Bir-birinden ozmak isleýän ýaly,
Ýagýar batly,
Ýagmak-onuň ykbaly
Sebäp oňa ene toprak garaşýar,
A damjalar ýaryşýar.
Maňa tukat görünýär,
Nähili ritm?
Hamana, bir hökmanylyk bar ýaly,
Günüň öňün tutan buludy itip,
Tukat görnüş bilen ýagmak hyýally.
Men seniň unudan, görmedik bolan,
Saňa arzuwlaryn aýdan sadajaň,
Gowy eken sadakaň...
Iň bolmanda öň asmandan ýagýardyň,
A indi manysyz gözüm tegeläp,
Bulutdan ýagýanyň bilýärin anyk.
Sen şeýle boljagyn öňden gören deý
Etmediň aýyp.
Meger, şol gezegem zalymlyk bilen
Birinji hem soňky söýgiňe aglap,
Maňa-da özümi gidensiň goýup.
Sen indi öňkiň deý ýagyp bilmersiň,
Menem öňkim ýaly söýüp bilmerin,
Eger men deý unutmagy öwrense,
Guýuber üstünden şol bägülleriň.
Bägül ATAÝEWA
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.