Ýagyş damjalary.

ÝAGYŞ DAMJALARY

Ol mydama ýada salýar geçeni
Ol mydama ýada salýar ejemi
Gündizler ýol syryp ýadan käbämiñ
Agşamlar ertiriñ gaýgysyn edip
Ýatyp bilmän agdarylýan gijesi
Ýada düşýär, ýagyş suwun içenim.

Damjalar üýtgeşik lezzet bermezdi,
Ol maña ylhamam bermezdi beýle,
Kyn günlerden galan ýatlama ýaly,
Kynçylykdan doly bu uly dünýä,
Ýagşyñ gelen wagty ýaşaýyş bolup,
Ýaşaýyşam has ajaýyp görünýär.

Eý-ho, guýsana sen, gijäñ gözlerne,
Murgabyñ gysgajyk ýollarna bakan,
Meniñ siz hakynda eden arzuwlam,
Şol gijede ýene ýañlanýarmyka??
Ýa ýene men ýaly arzuwçyl bir gyz
Ejesine kömek bermäge derek
Bir uly söze-de ýaltanýarmyka?

Bagyşlañ, arzuwma daman damjalar,
Bagyşlañ, üýtgeşik ýagan damjalar,
Sizden täze bir zat agtaryp ýörmek
Häzir maña düýpden ýalan damjalar.
Ýöne çagasynyñ gaýgysyn edip,
Hiç ýatmadyk käbäñ gövnüni tapman,
Indi aglap ýören biçäre ýürek
Haçan ynjalar?

2011


Makalaň metbugat çeşmesi: Garagum žurnaly, dekabr
Bägül Ataýewa
1 лайков 106 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.