Kaýyllyk
Ýigrimi dört ýyllyk ömrümiñ soñky ýyllarynda pasyllaryñ ornuny juda basym çalyşýandygyna göz ýetirdim.Häzirem tomus pasly ýuwaşjadan ornuny güýze eýeletmäge taýýarlanýar.Hut şeýle günleriñ birinde goñras gözlerimiñ ilkinji gezek ýagty jahany synlandygyna garamazdan bu orun çalyşma göwnümi bimaza edýär.Yssy bilen sowugyñ ornuny çalyşmagy diýmek,durmuşyma aralaşjakdygyñ baradaky inçejik tamamyñam bir ýyl yza tesmegi diýmek.Gulaga samahyllamak ýaly bolup eşdilmegi mümkin ýöne bu ynanjym hakda sähelçe oýlanylsa akla ters bolup görünmejek düşündirişim bar.Gyşyñ aldajy sowugynda adamlar hatda gündelik hysyrdylaryny-da kynlyk bilen amala aşyrýarlar welin, bu pasylda olaryñ hiç haçan yşk,söýgi ýaly inçe duýgularyñ yzynda ýüwürmejegine ynanýaryn.Haçan-da ýaz gelip,gül-gülälekleriñ açylyşyp,mylaýym şemalyñ ýüregi sypaýan mahallary bolsa ýüregiñ yşka düşesi gelýär.Ine,şol sebäpdenem her gezek gyşyñ aýazy sowlup,köneler aýtmyşlaý,togsan dolup ýaz gelende dünýäme girjekdigiñ,mähre teşne göwnüme söýgiden serpaý ýapjakdygyñ baradaky arzuwlaryma berilýärin.Tersine,tomus ornuny güýze bereninde bolsa,şojagaz umudymyñ naçar göwrämi terk edişini bialaç synlaýaryn.
Bu gezekki terk edişlik göwnüme öñkilerden has başgaça ýaly.Bu ýyl umytlarymyñ menden indiki ýyla çenli däl-de müdimi hoşlaşýandygyny duýýaryn.Eýsem,bakylyk barmydyr näme?Ynsan oglunyñ bakylyk diýip atlandyrany ujypsyzja aklynyñ ýeten möwritine çenli dälmidir? Seniñ geljekdigiñ baradaky umydymam her ýazda öñki ýazdakylardan kemelipdir.Ahyrsoñy hem pellehana diräpdir.Ynsan söýmäge,ýitirmäge uýgunlaşyşy ýaly boşluga-da uýgunlaşmak ukubyna eýe eken. Şunça ýylyñ içidir kalbymdaky boşlygy doldurmagyñy umyt ede-ede ahyry şol boşluk bilen ýaşamaga uýgunlaşdym.Indi seniñ gelmegiñi dilemeýärin,arzuwlamaýaryn,umyt etmeýärin.Ýüregimdäki adam aýagy sekmedik adalaryma indiden soñam hiç kesiñ düşlemegini islemeýärin.Bu duýgunyñ ady näme diýsene?! KAÝYLLYK.Şahyryñ aýdyşy ýaly,arzuwlarym öz ornuny kaýyllyga berdi.
Durmuşymdaky ujypsyzja şatlyklar bilen bagtly bolmagy öwrendim.Gülüşlerimiñ,ýylgyranymda ýañagymda emele gelýän çukanajygyñ ýoklugyñda-da juda owadan görünýändigine göz ýetirdim.Dünýämi häzirki bolşy ýaly sensiz söýmegi başardym.
Goý,bu tomus ornuny güýze bersin,güýzem gyşa.Aldajy sowuklara ýüzümi gyzardyp,iş wagtymda işleýän edarama barmaga howlugaýyn.Ejemiñ "Üşäýmegin,balam"diýen sargydyny ýerine ýetirjek bolup,ellerimi tüýli paltomyñ jübüsine has-da mäkäm salaýyn.Ýyljajyk toparymyzda çagajyklara gysmyljyrap ertekiler okap bereýin.Pasyllar tizlik bilen orunlaryny çalyşmagy dowam etsin.
Günler geçsin,aýlar nobatma-nobat aýlansyn.Bular meniñ bagtdan paýly içki dünýäme hiç mahal öz täsirini ýetirip bilmez.
@Belki

13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.