Birinji söhbet: Türkmen taryhy - geçmişimiz
Türkmen taryhy – geçmişimiz
■ Osman Ödäýew bilen Nobatguly Rejepowyñ söhbetdeşligi
OSMAN ÖDE. Adam dünýä inýär, ondan sen haýsy ýurtda, kimiň maşgalasynda, haçan doguljak diýip soraýan kişi ýok. Biziň ykbalymyza Türkmenistan diýen ýurtda türkmen bolup dogulmak bagty miýesser edýär, biz örän uly taryhy öwrülişigiň – Leniniň eksperiment geçiren dünýäsinde kemala gelip, döredip, şol eksperimentiň hem synan döwründe ýaşamaly, işlemeli bolduk. Adamyň sähelçe ömri bar, ony hem taryhyň gazan ýaly gaýnan döwründe – kyn zamanada ýaşamaly bolduk. SSSR ýyllarynda bize Türkmenistanyň hem türkmen halkynyň taryhyndan başga okadylmadyk, öwredilmedik zat galmady, ata-baba dessury ýöredip, ata-babany öwrenmeden başga: inkleriň ýa maýýa halkynyň taryhy gerekmi, baş üstüne, niger halkynyň taryhy gerekmi, baş üstüne, sak-şumer taryhy gerekmi, baş üstüne – emma, türkmen taryhy diýme, türkmende näme taryh barmy, çarwa, göçüp-gonup ýören halk diýdiler. Mydama daşary ýurtlaryň gol astynda gul bolan tire-taýpalarmyşyk. Roslýakowyň ýazan taryhy besdir size! Ýaşymyz kyrka ýetensoň, Türkmenistanyň taryhynyň bizden ýaşyrylyp saklanan zatlary bilen tanşyp ugradyk. «Kyrkyňda saz öwrenip kyýamatda çaljakmy?» diýlişi ýaly, türkmen halkynyň, Türkmenistanyň taryhyny öwrenmäge galan ömrümiz ýetmez. Diýjek bolýanym: her bir dörediji adam öz halkynyň, öz ýurdunyň taryhyny bilmese – geçilip bolmajak hata. Bu beýik ýurt – Türkmenistan hakda taryhçy däl-de, şahyr bolup pikirleriňi aýdaýsaň?
NOBATGULY. Fizikler dünýäniň, älemiň kanunlaryny açsa, dörediji adamlar durmuşyň kanunlaryny açýar. Men Deni Didronyň «Bagtly Watany bolmadyk adam bagtly bolup bilmez» diýen sözlerini haçan okanym ýadyma düşenok, köp makalalarymda şol sözi ulanýaryn, çünki şol sözi eşidelim bäri, doga betbagtlygyma düşündim. Şol aksioma, şol gazaply kanun – Didronyň şol sözi meniň jigerimde gyýçak bolup ýatyr. Il-ýurt, dünýä hakda pikir öwürdigim şol gyýçak bagryma düşen gurt ýaly müňňüldäp, gyýym-gyýym edýär. Wah, eger-de Türkmenistan mundan ýigrimi ýyl öň garaşsyz bolanynda men tutuş ömrümi taryhy roman ýazmaga gönükdirerdim. Ýetmiş ýylky edebiýatymyzyň taryhyna bak, ýekeje-de düýpli işlenen taryhy roman ýok! Näme, ýazyjylarymyz gaýry respublikalaryň ýazyjylaryndan sowatsyz bolany üçin ýazan däldirlermi!?
Bizde taryhy senzura ähli respublikalaryňkydan güýçli boldy, sebäbi biziň taryhymyz ýaly taryh, hut beýik imperiýasy bolan rus halkynda-da ýok, beýlekileriňkide-de. Näme diýip «Gorkut atanyň kitabyny» bizde gadagan edip, ony neşir edenleri türmä atdylar-da, azerbaýjanly gardaşlarymyza ony çykarmaga rugsat berdiler? Sebäp Merkez onuň hut türkmeniň taryhydygyny, ol kitabyň türkmen üçin ruhy galkynyş boljakdygyny bilýärdi. Türkmenistan beýik ýurt, ajaýyp ýurt. Ýetmiş ýyl onuň baýlygyna hüjüm edildi, onuň beýikligi pagta, nebit, gaz plany bilen şöhratlandyryldy, beýik taryhy bolsa halkyň taryhy beýik gany bilen ýoga çykaryldy.
Italýan geografy Marko Polo dünýä kartasyny çekende on ikinji asyrda häzirki Türkiýäni Türkmenistan diýip atlandyrypdyr. Dünýäni gezen ýüzlerçe daşary ýurtly gadymy alymlar Gadymy Merwiň, Horezmiň, Amulyň, Wasyň, Dehistanyň, Nusaýyň, Şährislamyň gözellikleri, kitaphanalary, alymlary barada ençeme eser, ýazgy galdyrypdyrlar. Türkmenistanda dünýä dinleriniň ençemesi ýaşap, dürli milletleri özüne uýdurypdyr. Otparazlaryň mukaddes Ýedi ody Türkmenistanyň territoriýasynda ýerleşipdir... Türkmenistan sazçylyk, atçylyk, halyçylyk sungatyny iň ýokary derejä göteripdir. Yslam dininiň beýik din bolmagynda türkmen gany bolan ýüzlerçe alymlaryň bitiren işleri ummasyz uludyr. Ençeme gezek imperiýa guran halkyň...
OSMAN ÖDE. ...şahyr Nobatguly segseninji ýylda şeýle goşgy ýazýar:
IŇLIS IÇALYSYNYŇ DOKLADNOÝYNDAN:
Soňsuz talaňlardan,
deňsiz ejirden
Dargan bu ýurt eger karta geçirseň.
Ak çägede ýazlyp goýlan bagana,
Bir sugry bagana türkmeniň ýurdy.
Ony ajy derňe eýläp saýrylaň
Geýäýse Angliýa –
Missis Angliýa,
Hem owadan bordy,
hem-de baý bordy...
Örän gowy goşgy, jüpüne düşen meňzetme! Türkmenistanyň kartasyna seredýäň welin, dogrudanam, ol bagana gaty çalymdaş. Şu goşgyny şeýle mekir usul tapyp ýazmadyk bolsaň, belki-de, ol çykmazdy. Emma aňly-düşünjeli okyjy: «Bä, dogrudanam, Türkmenistany bagana ýaly soýup, hut türkmeniň ajy derine eýläp geýjek bolýarlar-ow» diýip dowul tapaýmaly. Sen başga bir şygryňda Türkmenistanyň ululygyny şeýle beýan edýärsiň. Nedir şa Keýmir bilen gürleşýär:
– «Ýurdum» diýip, sürüp oturma, Keýmir,
Gahrym gelse, ol sürenden giň däldir.
– Ýok, şahym, ol Aýa bir gijelik ýol,
Güne bolsa tutuş bir günlük ýoldur!
Şol uly ýurduň ummasyz uly taryhyny okanyňda Didronyň sözüni unudyp bagtly bolýarmyň!?
NOBATGULY. Elbetde!!! Radiý Fiş atly moskwaly bir beýik adam bar. Ol meşhur türkolog. Özem biziň gadymyýetimizden, Türkiýe gadymyýetinden roman ýazdy. Sen ony okadyň. Ol ir döwürde Türkmenistana geldi. Mollanepes adyndaky teatra oýun görmäge baranda ol birhili erkinräk gürrüň etdi, türkmenleriň taryhyndan. Şonda Annaberdi Agabaýew «Seret, zal radiofişirlenendir!» diýip, ony serpmeden gaýdan ýaly etdi. Şahyr Annaberdi onuň ady hem familiýasyny bir söze jemläp (Radiý Fiş) «radiofişirlenen» diýen täze söz ýasap: «seniň erkin aýdýan antisowet sözüň ýetmeli ýerine ýetýär» diýdigidi. Şonda Radi Fiş dilini dişläpdi.
Men onuň bilen ikinji ýola Moskwada Ýazyjylar soýuzynyň keselhanasynda duşdum. Ol meni tanamady, bir görenine meňzedip: «Türkmenmiň?» diýip sorady. Tanyşdyk. Soň çilim çekilýän ýere çilim çekmäge bardym. Bir topar ýazyjy çilimläp otyr. Şonda ol meni şol ýazyjylara görkezip: «Ençeme gezek imperiýa guran türkmenlerden...» diýip, biziň taryhymyz babatda köp gowy sözler aýtdy. Türkmen diýen millete buýsanjyny tekrarlady.
Men taryhy gowy bilemok. Diňe aňrymyzyň gunnlardan gaýdýandygyny, soňra oguzlardygymyzy, soňra-da türkmenlerdigimizi bilýän. Dünýäde ýedi gudratyň biri Hytaý diwary. Aşgabatdan Moskwa çenli uzaýan aralyga ýetjek ägirt berk mizemez, beýik diwar – gala! Şol gala – diwary Hytaý halkyny beýgeldýär. Häli-şindi goşun çekip şeýle uly diwary saldyrmaga mejbur eden gunnlary bolsa dünýä-de, bizem idili bilemzok. Müňlerçe ýyl Hytaý imperatorlary üçin gunnlaryň şalyk atlary ýetişdirip berendigini-de bilemzok.
Oguzlaryň gadym taryhy beýle-de dursun, müň ýyldan ozalky taryhyny hem bilemzok. «Türkmenleriň hem Türkmenistanyň taryhyndan materiallar» atly kitaby terjime etdirip, çykarjak bolup ýörsüň. Gaýgysyz Atabaýyň birinji işi hakda aýtmaýyn, ikinji işi – «Materialy po istorii turkmen i Turkmenistana» diýen kitaby jemledip, çykardany üçin hem ol uçursyz beýikdir! Türkmenistanyň, türkmenleriň taryhyny indi biz dikeltmeli!
OSMAN ÖDE. Jadyly hem keramatly sözler bolýar, meniň üçin şol sözleriň ilkinjisi «Türkmen» diýen mukaddes söz! Biziň ähli işlerimiz, isleg-arzuwlarymyz, maksatlarymyz, etsem-petsemlerimiz, ykballarymyz diňe şol söz üçin! Seniň goşgularyňdaky pikirleri jem edip aýtsak, türkmen – biziň familiýamyz, adymyz, baýdagymyz, gerbimiz – ählisi. «Türkmen» diýşip gygyrmaga gorkulýan döwri «türkmen» sözüni senden köp ulanan ýokdur.
NOBATGULY. Milletiň döremegi, ýitip gitmegi taryh üçin bir möwsümlik iş. Seret, dört-bäş ýüz ýylyň içinde amerikan diýip bir täze millet döredi, müň ýyla ýetmänem Zakawkazýäni, Wizantiýany, Arabystanyň, Hindistanyň uly külpüni, Eýrany, Orta Aziýanyň ençeme ýerlerini özüne tabyn eden türkmenler rewolýusiýa bir million halky bilen özüne atdy. Soňky ýedi-sekiz ýüz ýyl türkmenleriň gaflatdaky eýýamy boldy. Men häzir «Mälik şa» atly pýesamy ýazmak üçin taýýarlanyp ýörün. Şonda Mälik şa özüne şugulçylyk eden bir garyndaşyna temmi bermek isleýär. Ol ony her hili edip öldürdip biljek, emma ölümi oňa az görýär. Şonda ol onyň türkmen-seljuk diýen adyny aýyrdyp, islän ýerinde ýaşamaga rugsat berýär. Ol şugul, haramzada bolsa-da, beýle temmä çydap bilman, özüne kast edýär.
Ynanýan, adamzat ösüp gidip otyr, millet, serhet diýen zatlar ýitip gider, ýöne, şonda-da amerikanlaryň «men nemes gelip-çykyşly amerikan, men iňlis gelip-çykyşly amerikan» diýşi ýaly, «men türkmen gelip-çykyşly adam» diýjek kişileriň köp boljakdygyna ynanýaryn... Her ýerde ýaşasaňam, özüňi beýgeltmek üçin milletini peseltmäge hiç kesiň haky ýokdur.
OSMAN ÖDE. «Soltan Sanjar» atly tragediýaňy öten ýyl gutardyň, entek ol sahna çykarylanok, eýýäm «Mälik şa» barada-da ýazýarmyň?!
NOBATGULY. Men entek türkmenler hem Türkmenistan baradaky pikirimi jemlämok. Baryp-ha, altmyş ýedi, altmyş sekizinji ýyllar Akmyrat Şir, Gurban Babaýew, Gurban Çaryýew dagymyz imperiýalaryň synyşyny öwrenipdik. Uly imperiýalary daşyndan gelip duşman ýykyp bilmeýär, olar içinden çüýräp ýykylýar. Gabbsburglar imperiýasy Awstro-wenger imperiýasynyň synmagyna 63 ýyllap tagtda oturan Frans-Iosif I, SSSR-iň synmagyna on sekiz ýyllap, ýurda häkimlik eden Brežnew, seljuklar imperiýasynyň synmagyna bolsa altmyş iki ýyl soltanlyk eden Soltan Sanjar sebäp bolýar. Iň erbedem – soltany agdarýanlaram türkmenler – oguzlar. Uly imperiýalary diňe içinden ýykyp bolýar, özem özüniňkiler ýykýar. Bu aksioma gollaryndan gan damýan patyşalara-da degişli! Şol döwrüň taryhyny birneme öwrenemsoň, üstesine-de şu gün bilen Mälik şanyň döwrüniň arasynda bir topar meňzeşlikleriň bardygy üçin Mälik şa hakda pýesa-da ýazaýaýyn diýdim.
Üç-dört ýyl bäri Nowruz baýramyny umumy halk baýramy hökmünde belleýäris. Emma köp adam şindem 22-nji martda howa bozulyp başladygy «Kürtleriň baýramy-ha başlady» diýýär. Ol nähili kürtleriň baýramy bolýar?! Tutuş yslam dünýäsinde wagt reformasyny geçiren, Maryda şalyk süren Mälik şa ahyryn.
Nyzamylmülk – beýik wezir diýen bir pikir bütin dünýäde ýaşaýar. Emma ol aýdylyşy ýaly beýikmi – entek ol gümana. Beýik imperiýanyň wezirini, Mälik şanyň ynamyna kemsiz giren wezirine metjitde ymamlyk edeni üçin zäher berlen däldir! Bir aý geçmänkä, Mälik şa-da ölýär, onuň ölümem gümürtik. Ölemen awçy, ýaşaýşyň hözürini görüp, ýurdy ähli aladasy bilen wezire tabşyran, diýseň daýaw, çalasyn, edermen ýigit kyrk hem ýaşaman öläýmelimi?!
OSMAN ÖDE. Görýän welin, sende ters pikir öwürmek endigi bar ýaly. Mus-muslap, Nyzamylmülki otrisatel gahryman etjek bolýan bolaýma!? Biziň alymlarymyzam, dünýä türkologlaram, hatda Karl Marksam ony progressiw pikirli beýik wezir diýip ykrar edýärler. Birden tankyt taýagynyň astynda galyberme...
NOBATGULY. Bagyşlasynlar, biziň alymlarymyz Nyzamylmülki bilenoklar, bilýänlerem keseki işlere salgylanyp bilýärler. Marksyňam eýýamy geçdi... Biz öz seljuklar döwletimize dünýä alymlarynyň nukdaýnazary bilen garasak, gaty ýalňyşarys. Ol biziň öz döwletimiz, biz oňa öz türkmen gözümiz, öz türkmen nukdaýnazarymyz bilen garamalydyrys. Mysal: Skobelew atly ganojak general Bolgariýadan türkleri kowup çykardy, oňa bolgarlar milli gahryman, azat ediji diýip guwanyp bilerler, emma Gökdepedäki gyrgynçylyk üçin ol türkmen halkynyň öňünde ganojak bolup galýar. Ýa bizem bolgarlaryň hatyrasy üçin oňa milli gahryman diýmelimi!?
Umuman, entek türkmenler Seljuk döwletiniň taryhyny dikeldip bilenoklar, ony türk gardaşlarymyz bilen ýakyn gelejekde dikelderis. Men oňa ynanýan, özem Nyzamylmülküň Barmakiler ýaly seljuk şalaryny tagtdan agdaraýmagynyň öňýany öldürilendigine-de ynanýan. A-haw, ol Mälik şanyň ynamyndan peýdalanyp, kiçiräk welaýatlaryň ählisine öz ogullaryny häkim edip çykýar, ogullaram ättürşek ýaly san-sajaksyz. Mälik şada şöhrata jinnek ýaly isleg bolmandyr, şondan ugur alybam Nyzamylmülk Merwde gurulýan uly binalara öz adyny dakdyrypdyr. Dogan-garyndaşlaryny, ildeşlerini esasy ýerlere geçiripdir. Mälik şanyň kakasy Alp Arslan döwründe häzirki dilimizde aýdanymyzda, döwlet howpsuzlyk komiteti, içeri işler ministrligi ýatyrylanyndan peýdalanyp, döwleti agdaraýmaga golaý elten mahaly ony zäherleýärler. Hatda garadangaýtmaz seljuklaram ony jogäpkärçilige çekip öldürmekden çekinipdirler. Ol, how, Beriýany suwsuz äkidip, suwsuz getirjek adam! Köp alymlar Nyzamylmülküň «Syýasatnama» kitabyny elýetmez eser hasaplaýar. Onda dünýä şalary hakda gaty gowy pikirler aýdylýar, emma hut ýalyny iýip, gullugyny edip ýören Seljuk şalary hakda bolsa kelam-agyz söz ýok. Onsoňam, bir zady bilmek gerek. Seljuk döwleti orta asyrlar ölçegi bilen alanyňda dünýäniň iň uly döwleti. Döwleti esasy edara edýän adam Nyzamylmülk. Onsoň onuň kitap ýazmaga eliniň degmejekdigi, eli degäýende-de ýazmajakdygyny men bilýän. Kitap ýazmak döwleti edara eden ýaly zat däl. Onda gaty stoluň başynda oturyp özüň işlemeli!
Bowin diýen bir semiz žurnalist bar. Häzir ol Ysraýylda Russiýanyň ilçisi L.I.Brežnewiň ilkinji kitaby ýaňy çykaýan uçurlary piwohanada žurnalistleriň biri: «Men Baş sekretaryň kitabyny okap gördüm, haýran galdym, gaty gowy ýazypdyr» diýýär. Bowin bolsa: «Sebäp ony ýazan žurnalist güýçli-dä!» diýip, özüniň ýazandygyny üm bilen mälim edýär. Şondan soň Bowin metbugat dünýäsinden ýitip gitdi, tä Gorbaçýow döwrüne çenli. Üstesine-de, Gündogar döwletlerinde öz adyňa kitap ýazdyrmak – modada...
OSMAN ÖDE. Nyzamylmülk «Syýasatnama» atly üýtgeşik kitaby ýazypdyr. Bu taryhy hem gaty gymmatly iş. Özi ýazypmy, ýazdyrypmy, bu meselede hiç kimiň günäsine galmaly. Haýsydyr bir şahs «Syýasatnama» ýaly iş galdyryp bilen bolsa bolany, ony hormatlamak gerek.
NOBATGULY. Ýok, bu haýyşyňy bitirip biljek däl, Osman. Bagyşla. Ýöne Nury Baýramsähedow diýip bir ýaşuly bar, köp ýerde ministr boldy, gowy adam. Ol Gündogaryň läheň alymlary barada galyň kitap ýazypdyr. Şonda Mälik şany, Alp Arslany it masgarasy edýär. Nyzamylmülki bolsa öwýär it öwen ýaly. Nury Baýramsähetde günä ýok, onuň göçüren kitaplarynda şeýle. Emma ol türkmen ahyry, türkmenligiň hatyrasyna Mälik şanyň gowy taraplaryny, onuň aýalynyň halal taraplaryny görkezýän çeşmelere hem ýüzlenäýmeli eken. Mälik şa bolmasa, Omar Haýýam bolmaýar. Haýýamy Haýýam eden Mälik şa. Mälik şanyň ýanynda Japarak atly masgarabazy bolýar. Taryhdan bilşimiz ýaly, Günbataryň, Gündogaryň ähli adyl şalary hakykaty aýdyp biler ýaly köşkde masgarabaz saklaýar. Mälik şanyň Japarak atly masgarabazy hakykaty görkezýän aýna bolupdyr. Ony Nyzamylmülküň häkim ogly öldürdýär. Masgarabazy öldürtmekden peslik taryhda ýok.
Mälik şanyň adyllygy hakda bir rowaýat. Bir daýhan ýylyň irinden garpyz ýetişdirip bazara äkidýär. Ýolda oňa gözi gyzaran bir serkerde gabat gelip, onuň tutuş arabasy bilen ýeke şaýy bermän elinden alýar. Öýüne äkidýär. Daýhan görgüli zar-zar aglap, eýdip-beýdip Mälik şanyň kabulhanasyna barýar. Şa ony kabul edipdir. Daýhan düşen gününi bolşy-bolşy ýaly beýan edýär. Şalykda serkerde köp. Mälik şa serkerdeleriniň ählisini ýygnadyp, ondan-mundan gürrüň edip, ahyry özüniň garpyz iýesiniň gelýändigini aýdýar. Wezirleriniň biri oňa ýaňyrak bazara baryp gelendigini, entek garpyz çykmandygyny aýdýar. Onýança bir araba garpyzly serkerde öňe çykýar:
– Şahym, soltanym, iýjegiňiz garpyz bolsun, häzir bir araba getirdýän – diýip, hanlyk satýar.
Mälik şa daýhandan: «Tanadyňmy?» diýip soraýar. Daýhan ony tanaýar. Mälik şa nädendir öýdýäň?! Garpyz alan serkerdesini daýhana gul edip berýär.
– Bar gapyňda işlet, ýer ekdir, jaý saldyr, maňa munuň ýaly talaňçy serkerde gerek däl!
Şu rowaýat hem Mälik şanyň kimdigini aýdyp dur ahyry...
OSMAN ÖDE. Rowaýatam rowaýat welin, taryh ondan dokumentlere, diňe anyk wakalara esaslanýanlygy bilen tapawutlanmalymyka diýýärin. Göwnüňdäki zatlary goşmazdan, ýoýmazdan, ýuwmarlaşdyrmazdan taryhy öwrenäýmek juda kyn bolara çemeli. Taryh millete öz real ýagdaýyny, özüniň real köklerini saýgarmaga, dogrudanam, nireden gelenligini hem nirede duranlygyny bilmäge kömek etmeli. Ýöne, ýaşaýşyň esasy paradokslarynyň biri: adamzat geljegini bilerden näderejede ejiz bolsa, geçmişem onuň üçin şol derejede düşnüksizdir hem jedellidir. Bu hili problemalary «jemgyýetçilik psihologiýasy» diýilýän ylym öwrenýär. Aýdylýan pikir özümize-de, okyja-da has düşnükli bolar ýaly, mysaly edebiýat ylmyndan alaýaýyn.
Edebiýaty öwreniş ylmynda «Edebiýaty taryhy-funksional öwreniş» diýilýän bir usul bar. Munda belli döwürde döredilen çeper eserleriň soňky ykbaly ylmy taýdan yzarlanýar. Seredip otursaň, dürli döwürlerde şol bir çeper eseriň ykbaly dürlüçeräk bolar. Şeýdip, kem-kemden eser «asyl» manysyndan, ýazyjynyň «şü-ýä şeýle ekeni, olam beýle däl ekeni» diýip, göz öňüne tutan manysyndan assa-assadan daşlaşyp gidýär. Her döwür eserden özüne gerek, özüniň ýörgünli pikirini öňe çykarýar, şeýdip asyl many, köplenç halatda, ünsden düşürilýär. Özem geň zat, edebi eseriň genilik derejesi näçe beýik bolsa, oňa düşüniliş usuly-da, onuň dürli döwürlerde eýe bolýan manysy-da köpdürli bolýar. Başgaça aýdylanda, iň beýik eserler dürli manylara, teswirlere geçip, uzak ýaşamak ukybyna eýe bolýarlar. Ine, öz milli genimiz Magtymguly Pyragynyň poeziýasyny alyp gör. Soňky ýüz ýyllykda şahyryň eserleriniň alan manysyna, onuň teswirlerine seredip otursaň, geň galýarsyň. Azyndan bäş-alty hili gatnaşyk bar, ol eserler şonçarak many, öwüşgin alypdyrlar. Aýdaly, asyryň başlarynda Abdylhekim Gulmuhammedowyň Magtymgulusy, soňra Berdi Kerbabaýew, Mäti Köçäýew, BaýmuhammetGarryýew dagynyň Magtymgulusy, ondan soň Saýlaw Myradowyň teswiri, 80-nji ýyllarda Ahmet Bekmyradowyň, has soňragam Muhammetnazar Annamuhammedowyň gatnaşygy. Bularyň hersiniň tas öz Magtymgulusy bar. Şeýle proses bütinleý tebigy bolup, geljekde-de dowam eder diýip hasaplaýaryn. Özem şunda hakykat nukdaýnazaryndan gaty möhüm bolan iki pursady belläp geçmeli.
Birinjiden: Magtymgulynyň her bir teswiri diňe bir şony ýazyp beýan edýän edebiýatçynyň pozisiýasy bolman, eýsem şo hili pikir edýän giden okyjylar köpçüliginiňem pozisiýasydyr. Munuň özi meseläniň çynlakaý zatdygyny aňladýar.
Ikinjiden: şahyry özboluşly teswir edýän, düşündirýän adamyň pikiriniň emele gelmeginde onuň subýektiw meýilleri aýgytlaýjy zatmydyr ýa-da şahyryň eserleriniň obýektiw many köp öwüşginliligi, köpdürlüligi diýen mesele gyzyklydyr. Bu iki faktoryň mynasybeti taryh meselesine geçireniňde, taryhyň reallygy bilen oňa gatnaşykda döredilýän rowaýatyň mynasybeti bolup göz öňüne gelýär.
Ýöne, köpçülikde adamyň ýalaňaç gezmeginiň mümkin däldigi ýaly, adamzat taryhy-da diňe «ýalaňaç» faktlardan düzülip bilinmez. Adamyň döwre görä egin-eşik geýmegi taryhy zerurlykdyr, edil şonuň ýaly taryhy faktlaryň-da adamzadyň oňa gatnaşygy formasyndaky modada «egin-eşik» edinmegi hem taryhy zerurlyk bolup durýar.
Türkmen halkynyň taryhyna biziň günlerimizde döreýän özboluşly gatnaşyk hem şeýle taryhy zerurlygyň netijesidir. Munuň düýp manysy şo hili gatnaşyk netijesinde milli aňyň gutarnykly formirlenmeginden ybarat.
Meselä dialektiki nukdaýnazaryndan seretmeli. Taryhy ösüş prosesinde adam erkiniň hem aňa bagly bolmadyk taryhy kanunlarynyň mynasybeti örän çylşyrymly mesele. Başgaça aýdylanda, «Taryhy ösüşi adamlaryň özi kesgitleýärmi ýa-da ýagdaýlar hem ahwalatlar?» diýen sowal hemişe adam ruhy üçin aktuallygyna galýar. Seredip oturýaň welin, adamlaryň taryhdaky roly obýektiw ösüş tarapyndan öňden paýlanylan, kesgitlenilen, hiç hili üýtgeşiklik girizip bolmaýan rollara çalym edýär. Muny saňa men aýtmaly däl, taryhy ösüşiň manysyna şu hili garaýyş, taryhyň şu hili duýulyşy seniň «Jemşidiň jamy» kitabyndaky köp goşgulara mahsus zat. «Adamzat öz geçmişi bilen gülüp hoşlaşýar» diýen bir pähim bar. Şonuň ýaly: adamzat öz ruhy döredijiligi – rowaýatlar, taryhy mifler, illýuziýalar arkaly ýowuz obýektiwligi ruhylaşdyrýar, oňa sazlaşyk girizýär. Şunda geçmişde, haýsydyr bir wakanyň bolandygynyň-bolmandygynyň, haýsydyr faktyň reallygynyň ruhuň zerurýetleri nukdaýnazaryndan hiç hili ähmiýeti ýokdur. Esasy zat – ruhy ýaşaýşy üpjün etmekdir. Munuň üçin bolsa rowaýatlar, taryhy mifler, illýuziýalar döredilýär. Diýmek, bu meselede-de «fantaziýa» adamyň öz çykaran hokgasy däl-de, real talap bolup durýar, hakykat bolup durýar. Taryhy fantaziýa hem edil sungatdaky ýaly hakylaty açmagyň iň esasy hem ýeke-täk mümkin serişdesidir.
Akademik Bartold seljuklaryň aýaga galyp ugran wagtlary özleriniň Afrasiabyň nesilleridigi hakdaky rowýatlary döredip, özleriniň şoňa ynanyp başlandyklaryny ýazýar. Munuň özi seljuklaryň hasam ýokary galmagy, dünýäni tutmagy üçin ruhy-taryhy zerurlyk bolupdyr.
NOBATGULY. Senem bir zady aýdaýýaň, Bartoldyň aýdýany hökman hakykat bolaýmaly däl-ä?!
OSMAN ÖDE. Birinjiden-ä, edil häzir meniň üçin kimiňkiniň hak, kimiň nähakdygy esasy zat däl. Men taryhyň ösüş logikasynyň gürrüňini edýän. Adamzadyň şu meseledäki berekedi Ependini ýada salýar: Ol bir gün bazardan gelşine öňünden çykana: «Bazarda gaty arzan et satylýar» diýip, aýdyp çykypdyr. Soňabaka Ependi öýüne ýetýänçä, oňa duşýan adam bu habary onuň özüne aýdyp geçipdir. Adamlaryň ynamdar gürleýşi, bazara haýdap baryşlary Ependini kyn güne salypdyr: ol munuň öz hokgasynyň netijesimi ýa-da hakykatyň netijesidigine düşünip bilmändir, ahyram oňa ynanaga-da, yzyna – bazara tarap ylgapdyr. Şeýlekin anekdotam ruhy döredijilik, ol adamzadyň aňasty impulslaryny şöhlelendirýär. Ýagny, her bir degişmäniň aňyrsynda çyn bar diýlişi ýaly, her bir çypdyrmada-da hakykatyň ýokundylary, yzlary bar. Onsoňam, iň esasy zat: şeýle logikanyň adam aňynda däl-de, aňasty dünýäsinde ýatanlygydyr. Düşnükli edip aýdanyňda, adamzat bu zatlary özi aňlamazdan, bilmezden edýär. Munuň özi Hudaýyň ýalkawydyr hem adalatydyr. Eger ol aňly-düşünjeli formada ýüze çykanda, taryhy proses bir taraplaýynlyga hem hatda betnyşanlyga öwrülerdi. Aslynda-ha beýle bolmagy mümkinem däl welin...
Şeýle mümkinçilik diňe ösüşiň has pes derejesinde – haýwanlar dünýäsinde reallykdyr.
Taryhy ösüş – organiki, tebigy proses. Şu babatda meniň aňyma hemişe şeýle deňeşdirme gelýär: munuň özi ösümlikleriň ýerden gögerip çykyşy pisint bir zatdyr. Heýem, bu prosesi ýalňyşlyk hasaplaman, oňa gatyşyp bormy?! Kommunistleriň, marksistleriň ýalňyşlygy şunda bolsa gerek. Taryh ýalňyşlyk-dogrulyk diýen ölçegleri götermeýär. Adamyň ruhuna gabat gelmeýän «ýalňyşlyklary» bolsa adamzat rowaýatlar arkaly «düzedýär». Şeýdip ol köp zatlardan halas bolýar.
NOBATGULY. Şonuň üçinem men «döredip bilsem, menem döretjek» diýýän-dä!
OSMAN ÖDE. Dogry aýdýaň, dogry edýäň! Ahmet Bekmyradow biziň taryhymyzyň ýarym dokumental, ýarym rowaýat formada ýazylanlygyny açdy. Özem şu ýerde: «dokumental – hakykat, rowaýat – hakykat däl» diýen manyda düşünmek nädogry. Munuň tersine bolaýmagam mümkin. Ahmet munam açdy. Ol oguzlaryň – türkmenleriň taryhyna degişli rowaýatlaryň dokumental, faktiki taryhyň dowam edilmesidigini görkezdi. Özem ýöne bir dowamy hem däl-de, şol taryhyň aňlanylmasy, onuň bahasy bolup durýandygyny subut etdi. Munuň özi Oguz hanyň şahsyýetiniň Görogluda, onuň döwletiniň administratiw-syýasy gurluşynyň türkmen halylarynda şöhlelenendigini, oguznamalarda toplanan rowaýatlaryň anyk taryhy wakalary rowaýat şekilinde suratlanýandygyny subut etmeginde aýdyň görünýär. Ahmet Bekmyrat türkmeniň taryhy hakydasynyň formalaryny açdy. Ondan soňra şol formalaryň häzirki türkmen durmuşyna gatnaşygyny aýdyňlaşdyrmak meselesi nobatda durýardy. Gynansagam, bu meseläni işlemäge ol ýetişmedi. Oňa çenli bolsa real durmuşyň özi biziň ylmy-ruhy ösüşimizden has öňe geçip gitdi – türkmen halky Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda milli Garaşsyzlygy aldy. Munuň özi ýüzlerçe ýyllyk taryhda täze etapyň açylmagydy. Şeýle bir taryhy öwrülişikler bolýar, onuň ähmiýetine şol etapyň çäginden çykman, doly akyl ýetirmek asla mümkin däl. Häzirki beýik taryhy özgerişlikler babatynda-da şuny aýtmak dogry bolarmyka diýýärin. Türkmen dilinde «öwezini dolmak» diýen özboluşly düşünje bar. Meniň pikirimçe, biziň häzir başdan geçirýän käbir kynçylyklarymyzyň, kösençliklerimiziň öwezi şol beýik taryhy özgerişlikler bilen dolunar. «Geçä jan gaýgy, gassaba – ýag» diýen ýaly, kämahal adam pahyryň beýik-beýik zatlara-da öz çümmüjek bähbitleriniň pozisiýasyndan baha kesip, ýalňyşaýmasy bar-da.
Hawa, men Ahmediň şol ajaýyp işlerini dowam etdirip bilerin öýdemok. Ýöne «dile geldi – bile geldi» edähedine eýerip, käbir pikirleri ýaňzytmakçy.
Taryhda regresi alamatlandyrýan döwürlerem bolýar. Soňky giçki orta asyrlardan başlap, türkmeniň taryhy hakydasynyň formalary doňan hala geçipdir. Munuň özi, iň bolmanda, soňky asyrlarda türkmen halysynyň sungatdan senede öwrülendiginde hem görünýär. Bir wagtlar – sungatka, oguzlaryň gerbikä, onuň janly durmuş bilen, halkyň ruhy ahwalatlary hem gözlegleri bilen gönüden-göni baglanyşyklyka, ol janly bir taryhy faktor eken. Şeýle janlylygy haly sungatynyň şol döwürlerde kämilleşdirilenliginde, onuň döredijilikli bir zat bolanlygynda görýäris. Soň näme bolupdyr? Soň ony döredijilikli özleşdirmek, taryhy durmuşyň täze taraplaryny onda şöhlelendirmek, oňa siňdirmek bes edilipdir-de, ol ýöne şol bir nusgadaky senetçilige öwrülipdir. Munuň özi taryhy hakydanyň doňup galmagyny, togtamagyny aňladýardy. Taryhy işjeňlik, taryhy-ruhy inisiatiwa elden giderilenden soň, hakyda telperligi başlanýar. Eger türkmen XVIII-XIX asyrlarda, XX asyryň ep-esli böleginde şeýle ýagdaýa düşen bolsa, onda beýle düýpli negatiw hadysanyň birden bolup geçäýmeýänligine, onuň ýuwaş-ýuwaşdan taýýarlanýandygyna üns bermek gerek. Diýmek, bir wagtlar dünýä ykbalynda düýpli hadysa bolan bütindünýä doňaklygy ýaly, türkmen ykbalyna ýaramaz täsir eden hakyda doňaklygy has ir başlan bolmaly...
NOBATGULY. Şonuň üçinem men «Magtymguly oguz-türkmen imperiýa ruhunyň iň soňky ýaňy» diýýärin-dä!
OSMAN ÖDE. Hawa, şol doňaklygy XVIII asyrda üç sany şahsyýet Magtymguly, Magrupy hem-de Şeýdaýy aýratyn ýiti hem agyryly, ezýetli duýupdyrlar. Beýle ezýetli hakyda doňaklygy, meniň pikirimçe, XVI asyrdan başlanýar. Hut şu döwürden başlap häzirki türkmenler beýleki oguz–türkmenlerden – türklerden, azerbaýjanlylardan we beýlekilerden aýratyn, üznük taryhy durmuşda ýaşap ugraýarlar. Kiçeliş prosesi başlanýar. Beýik taryhy perspektiwanyň ýoly regresiň üstünden geçip giden eken. XVIII-XIX asyrdaky hem kolonial döwürdäki türkmenler – geçmişi häzirkisinden uly bolan halkdyr.
Meniň pikirimçe, taryhy hakykata diňe faktlar bilen akyl ýetirmek mümkin däldir. Çünki taryhy hakykat, aýdaly, ýuridik hakykat ýaly faktlar derejesindäki zat däldir. Faktlary, dokumentleri, maglumatlary ýygnadygyň entek taryhy dikeltdigiň däldir. Taryh ylmy diňe halkyň milli hakydasynyň janlanyp ugran ýerinde döräp başlaýar. Ynha, sen SSSR döwründäki doganlyk respublikalar bilen deňeşdireniňde, bizde taryhy senzura güýçli boldy diýýarsiň. Men welin, şol belli-belli negatiw, ýakymsyz wakalara, esasan, özümiziň taryhy hakydamyzyň has telper bolanlygynyň netijesi diýip düşünýärin. Totalitar sistema taryhy faktlary, dokumentleri öwrenmäge o diýen päsgel berip duranokdy, çünki o hili mukdar çäklendirmeler bilen taryhy hakyda zeper ýetirip bolmaýar. Gep şol sistemanyň döredýän taryhy «rowaýatlarynyň» biziň hakydamyzyň peýdasyna däldigindedir. Başgaça aýdanyňda, taryhy geçmişi düşündirmegiň, oňa çemeleşmegiň formalary biziň zyýanymyzady. Sistemanyň şeýle allaryna düşünerden, oňa mümkin bolan çäklerde hem derejelerde garşylyk görkezerden bolsa biziň taryhy hakydamyz, sowadymyz, teoretiki-ideologiki taýýarlygymyz has gowşak ekeni.
Indi biz ruhy açyşlar göreldesine eýerip, taryhy hakydanyň donuny açyp ugradyk. Şunda seniňem paýyň bardygyna men gaty şat.
NOBATGULY. Taryhy hakykata faktlar derejesinde akyl ýetirip bolmaýar diýip dogry aýtdyň. Munuň üçin faktlardan başga-da düýpli hem güýçli taryh filosofiýasy gerek. Türkmeniň täze formirlenýän milli ideologiýasy şu hili zerurlygyň, seniň aýdyşyň ýaly, öwezini dolar diýen tamam bar.
Nobatguly REJEBOW, Osman ÖDE
Çeşme: kitapçy

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.