Kemsinýän...

Türkmen taryhy boýunça şan-şöhratly, dünýä ýaň salan milletdir. Ýöne "Türkmenleri rus adam etdi" we ş.m gepleri az eşdemok. Bular pikir etýärler Türkmeniň taryhy diňe XVIII asyrdan ybarat. Şuwagt "Kuruluş Osman" teleseriýaly gidip dur, şonda "menem şeýle öz taryhymyzy film edip düşüresim gelýär, arzuwymda şu" diýdim, ýanymdaky bir tanyşym "taryhyň barmy taryh düşürer ýaly" diýmesinmi. Garşy çyksamam, ýylgyran bolup düşündiren bolsamam, içimden çynym bilen kemsindim. Ýagny arzuwym ýöne-möne arzuwam däl. Erbet bolmazdy ahyryn Türkmen taryhyny Türkmen dilde görmek, hatda meşhurlyk gazanyp beýleki ýurtlarda-da görkezilmesi. Adamlar şeýledir, ganynda bardyr basmak, ýigrenmek we erbetlik.
Rus basgysy gutarmagyna garamazdan täsiri şeýle bir ulyda welin, taryhy häsýeti hem gozgalaňçy millet bolany üçin, adamlarymyz diňe kem taraplaryny alýar. Wah okap bilselerdi taryhda kimleri tekizläp kimleri ýüzdürdik.
Meselem men eştsem şeýle bir islegli adamy, arzuwyna iki elläp goldaw bererdim. Umuman adam hakykady bilsede, kemsinýärdä...
1 лайков 253 просмотров
17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
03 фев 2022, 01:54
Altynjan hatyny duşur şoň rolyny maňa ber
Hanguly
Автор 03 фев 2022, 01:58
Nairobi,
Şol romanam film etmegi arzuw edipdim, ýöne asyl Horezmşalar we Mongol gyrgynçylygy döwrüni görkezmegi islärdim. Kim bilýär nesip bolsa belki bolar, şonda senem rola alaryn
Leyli Amanowa
03 фев 2022, 02:00
Wlad,
baş rolda goyarsyňa meni arbuz
Hanguly
Автор 03 фев 2022, 02:07
Nairobi,
Hawa, rola görä bir basyjynyň söýgülisi bolmaly, bir mugallymyňam gyzy. Ol basyjam başda gowy bolup, maşgalasyny ýitirenden bäri doňýürek bolup ýören, senem köp aglamaly, sebäbi kakaňam Mongollar tarapyndan öldürilýär. Nätýä :) Ýerine ýetirip bilersiňmi ?
Leyli Amanowa
03 фев 2022, 02:08
Wlad,
daş ederin
Leyli Amanowa
03 фев 2022, 02:14
aslynda wara aglap ejizläp yören gyzyň roly gerek däl maňa basan yerinden ot çykypduran erkeksypat gyzyň roluny berjek bolsaň
Leyli Amanowa
03 фев 2022, 02:15
ber berjek bolsaň*
Hanguly
Автор 03 фев 2022, 02:30
Wakany gysgaça aýtdym, aslynda ençeme Mongoly ýeke özüň gyryp, öldürilen zenanlaryň ruhuna ant içip, ruhlarynyň şat bolmagyny isläp, adalat üçin söz berip müňlerçe zalymy gyrýaň, seniň ýetişdirilişiňem şeýle. Joralaryňam bolmaly, olaram çaga wagtyňda sen tapyp, ýetim galandyklary üçin olarada söz beripsiň. Saýtdan goýarys olaram :)
Umuman diýen bolýan welin bularyň hemmesi arzuwla. Asyl düşündirmek isleýänim başga
Leyli Amanowa
03 фев 2022, 02:35
Wlad,
ine bu bolya arzuwy bir arkayyn edeli mugt wagty
Şamuhammet
03 фев 2022, 06:24
''Kämil taryhyň'' awtory Ibn el-Esir Türkmenleriň, musulmanlaryň döreden döwletleri, şahsyýetleri barada buýsançly taryhy ýazypdyr welin Çingiz han bilen mongollar döwrüne taryhy golaýladypdyr welin ''Şol taryhy ýazmaga utanýan, ýazasym gelmedi'' diýip kitapda agzap geçipdir. Gaýtam XVIII-XIX asyrlar hem türkmenleriň uly döwlet gurmaga eden synanyşyklary hakynda bilmeli we düşürjek bolsaň şo hakda film çykarmaly.
Biz 70 ýyllap diýen ýaly özbaşdak döwletsiz ýaşapdyrys. ''Taryhyň barmy taryh düşürer ýaly'' diýýänlerem şol 70 ýylyň içinde aňy zäherlenen türkmenleriň aňy göýdük nesilleridir.
Sen kino düşürjek diýýäň? Häzir TRT1-de görkezilýän ''Alparslan Büyük Selçuklu'' kinoseriýala türkmençe ses berip çykarsaňam zor boldugyň. Ondan öňki ''Uyaniş büyük Selçuklu'' hem şolar ýaly türkmençe terjime edilmeli mesele. Kinoda Soltan Sanjar türkmen, Mälik şa türkmen, we ş.m. olaryň döwlet ugrunda jan aýaman mertlerçe dim-dik duruşlary, türkmenlerde azda-kände watançylyk ruhlaryny oýarmaga kömek ederdi.
ESSALAMUNALEÝKUM
03 фев 2022, 07:58
türkmeniň taryhy ba taryhy ýok diýýäniňem öz taryhy ýokdur
noname
03 фев 2022, 12:01
Şu wagtky filimler nahili tazeje eşikli çörek bişirip yada pagta ýygyp yorler. Ya bolmasa öz oýunde galstukly otyr
Biohimik
03 фев 2022, 12:07
Adamlar beyik seljukly filmini S.Turkmenbasy tarapyndan maliyelesdirildi asyl turkmenler oynamalydy yone basarmadylar turklere tabsyryldy we turkmence dilde bolmalydy yone turkmenbasy gitdi beyleki zatlaram turkun eline gecdi...
Asyl bizin kinomyz bizin pula dusurulen shol...
Leyli Amanowa
03 фев 2022, 12:43
biohimik.,
yazyp bereli uyşup dawa turuzaly
Leyli Amanowa
03 фев 2022, 12:44
Turkmenleriň Togrul beg hakdaky täze duşurjek serialyna maliye kömegini bersinler
Hanguly
Автор 03 фев 2022, 15:13
Umuman düşürjek diýäýeňde-de bizde studio ýok, bolaýanda-da görkezmezler öýtýän. Diýşim ýaly bu diňe bir arzuwda, menem eşdipdim kino barada essem-pessemleriň bardygyny
Şamuhammet
03 фев 2022, 19:31
Цитата: biohimik.
Adamlar beyik seljukly filmini S.Turkmenbasy tarapyndan maliyelesdirildi asyl turkmenler oynamalydy yone basarmadylar turklere tabsyryldy we turkmence dilde bolmalydy yone turkmenbasy gitdi beyleki zatlaram turkun eline gecdi...
Asyl bizin kinomyz bizin pula dusurulen shol...


Kino, sahna düşmek eken, o döwürde ibarly aýdym aýdyp bilýänem ýokdy. Şoň üçin türklere tabşyryldy ol kino...