Ruslar gaty gowudyr. (Gazawat gyrgynçylygy)

Taryha bakyp seretsek ruslaryň bizi gyryp, ulanan wagtlary az däl. Düýnki mowzuklarda gaty uly rus söýgüsini görýärin. Her nä bu rus kanallaryny görýändikleri üçindir. Hatda agzalarymyzdan bu gyrgynçylyklara türkmenleri günäkärleýänem bar. Geliň onda ruslar taryhda nähili bolan, nämeler etdi, näme üçin gyrdy, şo soraglara jogabyny bereli. Mowzuk köp kişä dogrylary bilmek üçin peýdaly bolar. Ýazgyda ýaýyň içinde özümem düşündiriş bererin. Bu wakany has gowy bilmek üçin bize şol urşa goşulan Mak Gahanyň kitaby kömekçi bolar.
Ýyl 1873, Patyşa Russiýasy Hywa hanlygyny basyp alýar. Aslynda hem Russiýa basybalyjy (imperialist) häkimiýet ýöretýärdi. Hywadan öňem gazaklary tabyn edipdi. Şonda ýygnak geçirilýär. Ýygnakda bolsa Hywa hany özüni halas etmek üçin Türkmenleri ýamanlap, olary erbet görkezýär. Bolmasa Türkmenler Hywa hanlygyny ençeme uruşdan gorapdy. Eýran howpyna garşam iň uly goraýjydy olar. Muňa garamazdan ol Türkmenleri günäkärläp olaryň hiç boýun bolmaýandyklaryny, salgyt töletmäge güýjüniň ýetmeýändigini aýtýar.
Şonda Türküstanyň general-gubernatory Kaufman (şol ýerdäki iň ulusy) Türkmenleri gysmak üçin salgydy özi almak isledi we ýomutlardan 2 hepdäniň içinde 300000 manat ýa-da 41000 fund sterling salgyt isledi. Bu ynanylmaz derejede agyrdy, Türkmenler bular ýaly agyr salgydy hijem töläp bilmeýärdi. Hemmesi baýlyklaryny goýsalaram munça zady üýşürip bilmeýärdiler. (Ýagny Türkmenler gaty agyr ýagdaýa düşýär, beýle puly görenem däldirler) Kaufman olaryň töläp bilmejegini bilýärdi (Ýörite etýärdi, Türkmenleriň nähili agyr ýagdaýa düşendigini göz öňüne getiriň) Türkmenler bolsa beýle puly töläp bilmejekdiklerini aýtýarlar, ýa-da wagt isleýärler. Ýöne Kaufman kellä goýupdy, türkmenleri mazaly mynjyradasy gelýärdi. Ana-da şol gün, ruslardan we gazaklardan döredilen goşun, ýörite jezalandyrmak üçin ýola düşýär (Mak Gahan hem bar) Şonda ruslar müňlerçe ýomut türkmeni gyrýarlar, öldürýärler. Türkmen görgüliler urşy bes etmek üçin ýüzem tutýarlar "uruşmak islämzok" diýip, ýöne şonda-da öldürýärler. Baran ýerlerini ýakyp-ýykýarlar, ençeme öýleri kül etýärler, Türkmenlere degişli ähli zady otlaýarlar. Ençeme aýal-gyz, çagalar çölde gaçyşyp başlaýarlar. (Barja-ýokja zatlaryny alyp, gap-çanak we ş.m zatlaryny alyp gaçýarlar, ýöne şonda-da ýolda köpüsi tutulýar, çagalaram ýitýär köpüsiniň) Gahanyň aýtmagyna görä ýolda yzygiderli Türkmenleriň sygyrlary, mallary çykýar eken. Gazaklar bolsa (Ol döwürler hasam erbet bolan millet, gaty uruşjaň) dälliräp çozup, ençemesini gylyçdan geçirip atypdyrlar. Hatda çozmak üçin dyzap durlar diýýär (Toba etdim) Türkmenler hem gaty erbet urşupdyr, hatda Mak Gahan hem haýran galypdyr. Aralarynda çykyp akdyryp gitýär ekenler, duýanoklaram eken. (Türkmenler hem ol döwürde garadan gaýtmaz bolan, iki esgeriň kellesini kesip gidipdirler agşam)
Umuman Türkmenler näçe jan etselerem ençemesi ölýär. Soňky uruşlarda 2.000-e ýakyn adam ölýär. Olaryň bir bölegi köle gark bolupdyr, bir bölegi bolsa, onuň töweregindäki batgalyklara batyp galypdyr. Mak Gahan bu urşa: "Bütin ýurt ot içindedi. Men henize çenli munuň ýaly urşy görmändim, beýle uruş biziň günlerimizde gaty seýrek duş gelýär" diýýär. Aslynda bu sözler nähili erbetdigini subut edýär. Bulam taryha "Gazawat gyrgynçylygy" bolup geçýär.
Indi men size düşünemok, siz näme üçin beýle rus söýgüsinde ? Bu siziň taryhy bilmeýändigiňizi aňladýar. Bu eden gyrgynçylyklaryndan diňeje biri, intek gökdepänem ýazmagam ahmal. Onda dagy 30 müň adam ölýär. Skobelew bolsa "Tekeler gara nokat, ol nokat pozulmaly" diýýär ýigrenji kişi. Şo sözlerem Türkmenlere nähili ýigrenç bilen garaýandyklaryny görkezýär. Umuman ruslaryň bize täsiri şeýle bir uly welin intägem täsirinden çykyp bilenoklar. Nädip Türkmenleri taryhdan günäkär çykarjak bolýaňyz. Şükür ediň şuwagt uruş zat ýok, häzir Russiýanyň bary maksady Sowetler ýaly uly zat gurmak. Bizi alaýsa dograrlar göni bizi. Şuwagt Ukraina urşunda bir rus tankynyň hiç zat etmedik maşyny mynjyradyşyny gördüňizmi ? Dogan diýip tanalýan ýurduny şeýdensoň biz näme. Ukraina-da edil şeýle şuwagt, öz watanlaryny goraýarlar.
Taryhy gowja okaň, seljeriň, gözleşdiriň. Bu hem size peýda, hem aňyňyzyň has anyk zat döretmegine peýda eder.
5 лайков 548 просмотров
60комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ali
02 мар 2022, 12:42
Adamyn aslyna seretsek gowy adam yokdur. Araplar Yslam dini gelmanka gyz chagany diriligine gomer ekenler. Bu diymek araplary hazirem erbet gormek nadogry
Ali
02 мар 2022, 12:43
Ya bolmasa inlis fransuz ispan patyshalygynyn Afrikany gul hokmunde ulanmagy
Hanguly
Автор 02 мар 2022, 12:45
Цитата: Awram Grant
Adamyn aslyna seretsek gowy adam yokdur. Araplar Yslam dini gelmanka gyz chagany diriligine gomer ekenler. Bu diymek araplary hazirem erbet gormek nadogry

Ilki bilen men diňe taryhy doly bilmeýänler üçin ýazdym muny, ikinjidenem ruslar şuwagt mundanam beter, ýöne BMG, toplum basgysy sebäpli medeniýetli bolan bolýarlar. Häzir Ukraina edenlerini gör agyň geler.
Ali
02 мар 2022, 12:46
Men dine rus goryan boynuma alyan dine 85 gradus tolegli we turklerin atwden beryan serialaryny we habarlary.
Hanguly
Автор 02 мар 2022, 12:46
Цитата: Awram Grant
Ya bolmasa inlis fransuz ispan patyshalygynyn Afrikany gul hokmunde ulanmagy

Olara aslynda hem günäkär, şuwagdam fransuzlar Afrikadaky häkimiýetini gazanmak üçin hereketler etýär. Intek ýurdundaky gara adamlary ýekesiredip, türmä basyp durlar, uruş bolsa näderler.
Ali
02 мар 2022, 12:49
Aslynda OON doredilende parahatchylyk un doredildi Soyuz fashistik urusdan son. Ondan sonam nace dowlet dowlet urshy boldy. Senin OON diyyanini Grant dowletlerinin hic haysam dinlanok. Dine ejiz dowletler BMG diyip arsha goteryaler. Rossiyada Amerikada dinlanok shony
Hanguly
Автор 02 мар 2022, 12:49
Цитата: Awram Grant
Men dine rus goryan boynuma alyan dine 85 gradus tolegli we turklerin atwden beryan serialaryny we habarlary.

Rus kanallary durşy bilen ýalan. Ýöne ýere ölýändir öýtýämiň žurnalistler ? Ölem näçe sany žurnalist bar bilýäňmi ? Şuwagt bir kanalynda diňe taýynlyk geçirýäs diýýärmişler. Žurnalistleri oýnamana protesto etmedi ençeme gezek. Olar diňe özüni öwýär, Siriýa-da kiçijek çagalary bombalap dur welin tw-de "terrorlary öldürýäs" diýýärler. Manipulasiýa etýär göni, ynanma saňa maslahatym.
Hanguly
Автор 02 мар 2022, 12:52
Häzir sen Russiýa-da Putine garşy ýiti bir zat diý we seni goldasynlar, ertire-de çykmaýaň. Amerika, Angliýa we Ýewropa ýurtlary hijem beýle däl.
Ali
02 мар 2022, 12:52
Men ukrainlara gynanamok sen dine sholara agyn tutyan yaly. Palestinadaky siriyadaky bangladeshdaki chagalaram name olaram kahollaryn chagalary yaly arzuwy bardy
Pegas
02 мар 2022, 12:53
Ata-babalary üçin nesiller jogapkärçilik çekmeli bolsa, türkmenleri hem gömäýmeli. Gaznaly döwletiniň Hindistana birnäçe ýörişi, Osmanly döwletiniň basyp alyşlary, Jelaleddiniň Gruziýadaky gyrgynçylyklary... Sanasaň, kän. Ýöne bu diýdigim meň ruslaryň häzirki hereketlerini akladygym däl, derrew maňa "rus fanatigi" ýarlygyny ýelmäýme, @Wlad! Men diňe öz pikiriňi ýalňyş taktika bilen subut etjek bolýanyňy aýdýan.
Ali
02 мар 2022, 12:54
Turklerem Siriyada "olaram dine terrorchylary olduryas" diyyaler. Aslynda Siriya girenlerin barynyn maksady bir baylygyna goz dikmek terror dine bahana
Hanguly
Автор 02 мар 2022, 12:54
Цитата: Awram Grant
Aslynda OON doredilende parahatchylyk un doredildi Soyuz fashistik urusdan son. Ondan sonam nace dowlet dowlet urshy boldy. Senin OON diyyanini Grant dowletlerinin hic haysam dinlanok. Dine ejiz dowletler BMG diyip arsha goteryaler. Rossiyada Amerikada dinlanok shony

Diňlemezlikleriniň sebäbi ilki bilen olar gaty güýçli ol dogry, we ikisiniňem "veto" haky bar BMG-da. Ikinjidenem BMG näçe ejiz bolsa-da köp zada peýdasy boldy. Bolman uly ýurtlaryň goldaýanlaram köp bolýar.
Hanguly
Автор 02 мар 2022, 12:57
Цитата: Pegas
Ata-babalary üçin nesiller jogapkärçilik çekmeli bolsa, türkmenleri hem gömäýmeli. Gaznaly döwletiniň Hindistana birnäçe ýörişi, Osmanly döwletiniň basyp alyşlary, Jelaleddiniň Gruziýadaky gyrgynçylyklary... Sanasaň, kän. Ýöne bu diýdigim meň ruslaryň häzirki hereketlerini akladygym däl, derrew maňa "rus fanatigi" ýarlygyny ýelmäýme, @Wlad! Men diňe öz pikiriňi ýalňyş taktika bilen subut etjek bolýanyňy aýdýan.

Bu taktika däl ilki bilen, ikinjidenem diýenleriň köpüsi gaty ýalňyş. Menem Türkmenleriň köp zada günäkärdiklerini bilýän. Ýöne edil Russiýanyň çozuşynda biz mamla.
Ali
02 мар 2022, 12:57
Pegas goni 10lukdan urdun.
Hanguly
Автор 02 мар 2022, 12:59
Pegas,
Özem diýenleriňde anyk subutnama-da ýok we nädogry, olaryň hiç birem günäsiz 30 müň adamy öldüren däldirler arkaýyn bol. Sen Osmanly imperiýasynyň taryhyny doly bilýäňmi ? Osmanly millionlarça hristian adama öý berdi, dinlerini arkaýyn ybadat edibersinler diýildi. Bu maglumaty nirden eşden bolsaňam gaty ýalňyş.
Ali
02 мар 2022, 13:00
Patysha garshy gitsen olum jezasy her dowur bardy hazirem bar indem bolar. Senin o agzan dowletlerinde akyagyz garayagyz dawany yatyryp bilenok yene sen demokratiya hakda aydyan. Ol yurtlardada bolandyr garshy gidenleri itden chykaranlary
Hanguly
Автор 02 мар 2022, 13:02
Цитата: Awram Grant
Pegas goni 10lukdan urdun.

Dur nämäniň onlugy ? Diýen zatlary gaty ýalňyş ahyryn, edebiýat mugallymy bolup Türk milletini gyrgynçylyk bilen günäkärleýär. Eden bosalaram häkimiýet üçin etmediler, Yslam üçin etdiler, ikinjidenem Osmanly beýle eden bolsa şuwagt Türkiýe köp ýerde ejiz düşürilerdi. Fransuzlardan bir gezek Türkleri ýigrenýän diýipdi bir žurnalist. Şonda Osmanlynyň taryhyny agzadylar welin dymyp durlar, sebäbi erbet zat edenokda.
Hanguly
Автор 02 мар 2022, 13:02
@Pegas, edebiýat mugallymy bolup, has uly mesele bolan Türk meselesinde anyk we ýalňyş gürlemegiň meni çyndanam gynandyrýar.
Hanguly
Автор 02 мар 2022, 13:04
Цитата: Awram Grant
Patysha garshy gitsen olum jezasy her dowur bardy hazirem bar indem bolar. Senin o agzan dowletlerinde akyagyz garayagyz dawany yatyryp bilenok yene sen demokratiya hakda aydyan. Ol yurtlardada bolandyr garshy gidenleri itden chykaranlary

Eýýäm sen başga zatlara geçip gitdiň, we diýenleriň hiç many-mazmun ýokda bagyşla, patyşa bolanda-da hukuk hemmeler üçin deň, intek şonam bileňok. Umuman sen köp zady bileňok, öwren, oka.
Ali
02 мар 2022, 13:06
Seret 2 maglumat goyuldy haysysyna ynanayyn? Sen ruslary gunakarleyan men gunakarlamok bardede 2 maglumat bar. Sen dine ozunkini dogrulajak bolup jan edyan mumkin senki yalnyshdyr ya menki. Men shol obanyn yashayjylaryndan eshden gurrunimi yazdym sen taryhda sheyle yazlan diyip yazyan. Senem maslahatym her goren zadyna ynanyp yorme. Ana Pegasyn maglumaty bashga senki bashga
Mechta
02 мар 2022, 13:08
Herkim ozuninkini dogry etjek bolya da
Hanguly
Автор 02 мар 2022, 13:09
Hem Jelaleddiniň günäsiz halky gyrdy diýip nire-de subutnamasy bar ? Gruziýa-da gozgalaň bolanyny bilýän, gozgalaňy ýatyrmak üçin uruş bolupdy. Jelaleddin ýaly meşhur, Türkmeniň gylyjy bolan şahsyýeti beýdip günäkärlemegiň seniň hormatsyzdygyňy aňladýar. Agzaýan kişiň Jüneýit han ýaly birem däl, Jelaleddin how. Şuwagt kitaplarda, hem seniň ugryň bolan edil edebiýat kitaplarynda öwredilýär çagalara.
Ali
02 мар 2022, 13:10
Men bashga zada gidemok. Sen Putina garshy gitsen olduryaler diydin menem Amerikadada Fransiyadada Anglyadada prezidente garshy gitsen olduryaler diydim. Adam hukugy guycli diyyaniz sho dowletlerde garayagyzlarda hukuk yokmy hazir hazirlerem kemsidilip yorler
Hiayress
02 мар 2022, 13:10
@Wladyň mowzuklarynyň teswirlerine göz aýlaýan welin diňe @Wladyň teswirleri bar.))
Mechta
02 мар 2022, 13:11
Haysy yurdun fanaty bolsanyz gidip komek etmelida barde baryn bosh gurlap oturman akylynoyjukleri)
Hanguly
Автор 02 мар 2022, 13:11
Цитата: Awram Grant
Seret 2 maglumat goyuldy haysysyna ynanayyn? Sen ruslary gunakarleyan men gunakarlamok bardede 2 maglumat bar. Sen dine ozunkini dogrulajak bolup jan edyan mumkin senki yalnyshdyr ya menki. Men shol obanyn yashayjylaryndan eshden gurrunimi yazdym sen taryhda sheyle yazlan diyip yazyan. Senem maslahatym her goren zadyna ynanyp yorme. Ana Pegasyn maglumaty bashga senki bashga

Eýýäm şahsy kinäňi goşupsyň "her gören zadyňa ynanma" diýip. Bu aýdanlaryňam gaty ýalňyş. Men özümiňkini dogry etjek bolamok, meniň beýle niýetimem ýok, ýöne siz muňada ýalňyş düşünipsiňiz. Siz ýörite düşünmejek bolýaňyz.
Ali
02 мар 2022, 13:13
Dinlan oglanlar hic bir adam Kamil shekilinde yaradylmady. Name Jelaletdinhow diyyan name Pygambermi ol? Hatda Pygamberlerem yalnyshan. Garshysyna gidenleri hemme patyshada olduren onem hazirem indem boljak zat shu.
Hanguly
Автор 02 мар 2022, 13:15
Цитата: Awram Grant
Dinlan oglanlar hic bir adam Kamil shekilinde yaradylmady. Name Jelaletdinhow diyyan name Pygambermi ol? Hatda Pygamberlerem yalnyshan. Garshysyna gidenleri hemme patyshada olduren onem hazirem indem boljak zat shu.

Beýbä... Sizdenä kiçijek çagajyklaram köp zat bilýän eken. Pygamberler nirden geldi ? Umuman, seňki dogry, şeýledir agam.
Ali
02 мар 2022, 13:15
Onler Patyshady hazir Prezident boldy. Patyshalary nirden getirdin diyayme
Hiayress
02 мар 2022, 13:15
Цитата: Wlad
Hem Jelaleddiniň günäsiz halky gyrdy diýip nire-de subutnamasy bar ? Gruziýa-da gozgalaň bolanyny bilýän, gozgalaňy ýatyrmak üçin uruş bolupdy. Jelaleddin ýaly meşhur, Türkmeniň gylyjy bolan şahsyýeti beýdip günäkärlemegiň seniň hormatsyzdygyňy aňladýar. Agzaýan kişiň Jüneýit han ýaly birem däl, Jelaleddin how. Şuwagt kitaplarda, hem seniň ugryň bolan edil edebiýat kitaplarynda öwredilýär çagalara.


Öz çaga-çugalaryny aýal-ebtatlary bilen derýada gark etmäne höküm eden Jelaleddin barada gürrüň gitýämi?!))