NEDIR ŞA

18-nji asyrda Eýranda şalyk süren Nedir 1688-nji
ýylda dünýä inýär. Ol gelip çykyşy boýunça türkmenleriň
awşar taýpasynyň garakly tiresindendir. Nediriň
ýaşlygy Abywert – Deregöz (häzirki Kaka etrabynyň
territoriýasyndaky serhet ýakasy) etraplarynda geçýär.
1711-nji ýylda kakasy Ymamguly han ýogalandan soň,
Nedir kerwenleri talaýan garakçylara baştutanlyk edip
başlaýar, şeýle hem ol Abywerdiň häkimi Babaly begiň
hyzmatynda bolup, türkmenleri hem-de kürtleri özüne
tabyn etmek üçin birnäçe harby ýörişler geçiripdir.
Şeýlelik-de, Nediriň şan-şöhraty kem-kemden giň
gerim alyp ugraýar. 1723-nji ýylda Maşadyň häkimi
Mälik Mahmydyň goşun serkerdesi bolansoň, Nediriň
şöhraty has-da artyp, onuň ady bütin Horasana ýaýraýar.
Nedir 1726-njy ýylda Tahmasp şanyň goşun serkerdesi
hökmünde gulluga başlaýar. Ol öz bäsdeşlerini kemkemden ýok edip, iň ynamdar, esasy serkerde öwrülýär.
1732-nji ýylda Tahmasp şany tagtdan agdaryp,
häkimligi öz eline alýar. Şondan soň 1736-njy ýylda
Mugan çöllüginde Nediri dabaraly ýagdaýda şa diýip
yglan edip, başyna täç geýdirýärler. Şeýlelikde, Nedir
şa zalymlygyny has-da güýçlendirip başlaýar. Sähel
göwnüne ýaramadyk adamlary ýok etdirýär, hatda öz
uly ogly Ryzaguly hanyň hem gözlerini oýdurýar.
Nedir şa Kawkaza, Dagystana, Bagdada, Hyrada,
Gandagara, Hindistana, Buhara, Hywa harby ýörişler
geçirip, ägirt uly imperiýa döredýär. Nedir şanyň
asly türkmen bolsa-da onuň türkmenler barada
ýöreden syýasaty Eýranyň öňki şalarynyňkydan
tapawutlanmandyr. Ol türkmenleri boýun egdirmek
üçin olara örän rehimsizlik we zalymlyk bilen
darapdyr. Şu ýagdaýlar bilen baglanyşykly Eýran
taryhçysy Mürze Mehdi han Astrabady özüniň
«Taryh-i-Nadiri» («Nediriň taryhy») atly kitabynda
türkmenlere dogabitdi, tebigy pitneçi, gozgalaňçy
adamlar hökmünde dogry baha beripdir. Nedir şa
Horasan we Hywa türkmenleriniň üstüne telim gezek
gandöküşikli harby ýörişleri geçiripdir. Ol ilkibada
Abywert töwereklerindäki galalary basyp alýar. Ondan
soň Nedir Mara tarap ugraýar, ýöne Tejen derýasyndan
geçip bilmän, Sarahsa tarap sowulýar we ony eýeleýär.
Sarahsy alandan soň, Duruna gelip, gozgalaň eden
türkmenleri gyrgyna berýär. Soňra ýene-de Mara ýöriş
edip, ol ýerdäki «tatarlaryň» (türkmenleriň bir tiresi)
üstüne hüjüm edip, şäheri basyp alýar.
Nedir şa Amyderýa boýunda ýaşaýan türkmenlerede gün bermeddir. Onuň Marydaky goşunlary Kalbaly
hanyň baştutanlygynda Çärjew, Kerki türkmenleriniň
üstüne çozup, gyryp, mal-garalaryny talapdyr. Şeýlede bolsa, türkmenler Nedire boýun egmändirler,
yzygiderli gozgalaň turzup durupdyrlar, salgydy hem
doly tölemändirler. Halk arasynda ýaýran gürrüňlere
görä, dag etek türkmenleriniň Nedir şanyň zulumyna
garşy hereketlerine Keýmir kör ýolbaşçylyk edipdir.
Keýmir kör özüniň örän akyllylygy, ugurtapyjylygy,
batyrlygy, dilewarlygy bilen tapawutlanypdyr. Ol akylpaýhasy bilen öz halkyny köp sanly pajygaly wakalardan,
gyrgynçylykdan aman saklamagy başarypdyr. Şoňa
görä-de, Keýmir kör hakyndaky rowaýatlar, gürrüňler
halk arasynda biziň günlerimize çenli dowam edip
gelýär.
Nedir şa Hytaýy basyp almak üçin ýörişe taýýarlanyp
ýörkä, dildüwşük netijesinde öz awşar garyndaşlary
tarapyndan 1747-nji ýylyň iýun aýynda Maşadyň
golaýynda öldürilýär. Netijede, Nedir şanyň şeýle
gysga möhletde, çaltlyk bilen guran imperiýasy özi
öldürilensoň, öňküsi ýaly çaltlyk bilen hem dargaýar.
0 лайков 458 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.