Agamuhammet han
Eýranda Gajarlar şanesliniň ilkinji şasy, Gajar türkmenleriniň döwletini esaslandyryjy bolup, ol 1742-1797-nji ýyllarda ýaşap geçipdir.
XVIII asyryň ikinji ýarymynda Nedir şa aradan çykandan biraz soňra ýurt çaýkanyp, Eýranda döwlet dagynyklygy başlandy. Bu döwürde Gajarlardan Agamuhammet han, Owşarlardan Nedir şanyň kör agtygy Şahruh, Abdallardan Nedir şanyň öňki serkerdesi Ahmet şa, Zendlerden Kerim han tagt ugrunda göreşipdirler. Sanalanlaryň arasynda has güýçlileri Agamuhammet han hem-de Kerim han Zendi bolupdyrlar. Bu ikisiniň arasyndaky göreşde Agamuhammet han ýeňip, tagty eýeleýär. Ol 1784-nji ýylda Tährany ýurduň paýtagty diýip jar edýär. Onuň sebäbi Eýranyň owganlar tarapyndan tozdurylan günortasy, ykdysady merkez däldi, indi ol ýerler öňki ähmiýetini ýitiripdi, galyberse-de Agamuhammedi goldajak türkmen taýpalary ýurduň demirgazygynda ýaşaýardylar.
Zendleriň garşylygyny syndyrandan soňra Agamuhammet han Gürjüstana garşy ýörişe taýýarlyk görüp başlaýar. 1795-nji ýylyň ýazynda başlanan harby ýöriş onuň üçin üstünlikli geçipdi. 1795-nji ýylyň Ruhnama aýynda Agamuhammediň esgerleri Tbilisiniň golaýyna gelýärler we şäheri basyp alýarlar. Ozüniň bu ýörişini ol «din ugrunda uruş» diýip atlandyrypdy. 1796-njy ýylda Eýranyň ähli ýerlerini diýen ýaly birleşdirip, Eýranyň şasy boldy. 1796-nji ýylda Eýranyň iri welaýatlarynyň biri bolan Horasana ýöriş guraýar. Horasany bu döwürde Nedir şanyň agtygy Şahruhyň ogly Nedir mürze dolandyrýardy. Nedir şanyň Hindistana ýoriş döwründe eýelän hazynasy şol sanda dünýä meşhyr uly göwher Nedir mürzededi.
Agamuhammediň goşunlary Maşadyň golaýyna gelende Nedir mürze şäherden çykyp, Owganystana gaçyp gidýär. Kawkaza ikinji gezek ýöriş döwründe dildüwşik netijesinde 1797-nji ýylyň Magtymguly aýynda öz goşunynyň bir harby serkerdesi tarapyndan öldürilýär.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.