Yene-de ene hakynda

Ýene-de ene hakynda.

Ak süýt beren ene gadyrdan gaçýar diýdiler,
Sadagaň bolaýyn, ene.
Sen hakda ýüz gezek ýazypdym öňem,
Ýüz birinji gezek ýazaýyn ýene.

Ýene-de galamy almaga ele,
Mejbur etdi meni bir elhenç gürrüň.
Diýdiler, üç ogul, üç gyzly ene
Bir ýerlerde haram ölüpdir şu gün.

Bu waka bolupdyr uzak bir ýerde,
Ýöne parhy näme, ýakynmy-uzak
Perzentleriň enäni terk edenligi,
Enäň bolsa haram ölenligi hak.

Men muny ýazmadym belli bir ýerde,
Ýazdym dürli ýerde, bölekme-bölek.
Öýde, ýolda, düýşde, mazarystanda
Indi bolsa başyn jemlemek gerek.

Alty sany çaga dem beren ýürek,
Görmändir olardan bir demlik wepa.
On aýlap ýatypdyr keselhanada
Kä penjirä bakyp, käte-de gapa.

On aýda üç gezek görnüpdir üç gyz
Erkek göbekliden gelmändir hiç kim.
Aýaga galypdyr, äkitmändirler
Ýygnaň diýip suddan gelipdir höküm.

Bir gyzy ýygnapdyr, olam äkidip,
Oglunyň işigne geçipdir taşlap.
Ne ene etaža çykyp bilipdir,
Ne ogly ýokardan düşüpdir aşak
Şol ýerde sowukdan gatapdyr ene.

Niçiksi derejä düşdüň sen, ahlak?
"Bu waka nä mahal, nirede boldy?"
Diýip maňa sorap berýärsiň ýene
Nirede, nä mahal – näme parhy bar,
Ene hemme ýerde dälmidir ene?

Ene ynsanýetiň tutuş geljegi,
Hem şu güni, hemem ähli geçeni.
Depäňden müň bela inermiş agşam
Irden birje agladaýsaň ejeňi.
7 лайков 134 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
13 окт 2021, 13:37
*Kerim Gurbannepesow

brawo Like+
Şeker
13 окт 2021, 20:05
Like
Aýnur
13 окт 2021, 20:30
Geçen yyl şu goşgyny mugallymymyz bize yatladypdy....