Aba Serdar

XVI asyrda Türkmenistanyň Etrek, Gürgen etraplarynda ýaşap geçen görnükli türkmen serdary Aba serdar türkmeniň okly taýpasynyň kethudasy bolupdyr. Ol türkmen taryhynda “Aba serdaryň gozgalaňy” ady bilen belli bolan halk gozgalyňyna başarjaň serkerde hökmünde ýolbaşçylyk edipdir. Bu gozgalaňyň döremegine halk köpçüliginiň çykgynsyz jebir-sütemlere sezewar edilmegi sebäp bolupdyr.

Şol döwürlerde Etrek, Gürgen türkmenleri (gökleň, okly, ýemreli we beýlekiler) Hywa hanlygynyň raýaty hökmünde Horezm soltanlaryna agyr salgyt (pul, mal we nöker) töleýär ekenler. Munuň üstesine-de 1550-nji ýylda Eýranyň Astrabat welaýatynyň täze häkimi Keçel Şahberdiniň hem türkmenlerden agyr paç ýygnamaga synanyşmagy netijesinde, halys degnasine deglen halk ezijilere garşy aýaga galýar.

Gozgalaňçylar Aba serdaryň baştutançylygynda Eýranly salgyt ýygnaýjylaryň ýolbaşçysy hem-de Keçel Şahberdiniň garyndaşy Şatyr begi öldürýär. Muny eşidip, gahar-gazaba münen Keçel Şahberdi türkmenleriň üstüne agyr goşun çekip barýar. Okly türkmenleri onuň goşunyny derbi-dagyn edip, özüni hem tutup öldürýärler.

Şondan soň gozgalaňyň dabarasy dag aşýar. Bütün türkmen obalaryna, şeýle hem Astrabadyň käbir etraplaryna ýaýraýar. Eýran şasy Tahmasp şanyň (1527-1578) uly goşun iberip, Aba serdaryň gozgalaňyny ýatyrmak üçin eden birnäçe synanyşyklary şowsuz bolupdyr.

Aba serdar Eýran bilen öňden urşup gelýän özbek hökümdary Aly soltan bilen ylalaşyk baglaşýar we onuň köpüsi özbeklerden ybarat bolan goşunyna daýanyp, Eýran goşunlarynyň 1554-nji hem-de 1557-nji ýyllarynda uly hüjümlerini kül-peýkun edýär. Bu ýeňişler Aba serdara uly şöhrat getirýär. Ol bütün Astrabat welaýatyny diýen ýaly öz raýatlygyna geçirýär.

Türkmen atly ýigitleriniň serkerdesi Aba serdaryň bu söweşleriniň netijesinde bütün kenarýaka türkmenleri 10-12 ýyllap Eýran häkimiýetlerine garaşsyz bolupdyrlar. Gozgalaň netijesinde Etrek sähralaryndaky türkmen taýpalarynyň birleşmesi emele gelipdir. Birleşme Aba serdar öldürilenden (ol ukuda ýatyrka Eyran häkimiýetleriniň ýörite tabşyrgy bilen, öz pars aýalynyň guly tarapyndan öldürilýär) soň hem birnäçe wagtlap dowam edipdir we türkmenleriň özbaşdaklygyny gorap saklapdyr.

Batyr serkerde Aba serdaryň baştutanlyk eden gozgalaňy onuň öldürilmegi bilen kem-kemden ýatyşan hem bolsa, Türkmen halkyna syýasy taýdan uly abraý getiripdir. Soň-soňlar hem Astrabat ülkesinde türkmenleriň täsiri güýçli bolupdyr. Umuman, Aba serdar türkmen halkynyň azatlygy, garaşsyzlygy ugrunda jan aýaman göreşen gaýduwsyz serkerde hökmünde taryhda yz galdyran şahslaryň biridir.
0 лайков 127 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.