Serdar Azmun
«Men 9 ýaşymdakam maşgalamyz bilen Türkmenistanda ýaşaýan garyndaşlarymyza myhmançylyga bardyk», – diýip, 26 ýaşly, milleti türkmen bolan meşhur Eýranly futbolçy Serdar Azmun, häzirki wagtda belli aktýor hem-de telewizion we «Pishgoo» gepleşiklerini alyp baryjy, ozalky Eýranly futbolçy Pejman Jamşid bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip, Eýranyň esasy habar beriş serişdeleri habar berýär.
Serdar Azmun Eýranda meşhur «Pishgoo» telegepleşiginiň myhmany hökmünde, çagalyk ýyllary, Aşgabatda öz deň-duşlary bilen futbol oýnaýşy hem-de özüniň woleýbolçydan futbolça öwrülişi barada gürrüň berdi. Aşgabatda myhmançylykda bolanda türkmen çagalary bilen futbol oýnamagy oňa uly sport dünýäsine ýol açdy.
«Şol döwürlerde men köplenç woleýbol oýny bilen meşgullanýardym. Bir gezek kakam Halil Azmun bilen Aşgabatda gezelenç edip ýörkäk, mekdep meýdançasynda çagalaryň futbol oýnaýandygyny gördüm. Men kakama olar bilen futbol oýnasym gelýändigini aýtdym we maňa rugsat bermegini haýyş etdim. Ol razylaşdy we men ýerli oglanlar bilen futbol oýnap, bäsdeşleriň derwezesine birnäçe pökgini geçirdim».
Ol «Kakam Eýranyň woleýbol boýunça ýygyndy toparynyň baş tälimçisi hökmünde meniň woleýbol oýnanymy kem görmeýärdi, meniň daýylarym we doganoglanlarym hem woleýbolçylardy. Emma Aşgabatdaky wakadan soňra ol futbolçy hökmünde meniň ukybymyň has artykdygyna göz ýetirdi» – diýip, sözüni dowam etdi.
Azmun: ̶ Aşgabatly çagalar bilen şowly oýnanymdan soňra men kakama woleýbola garanyňda, futbol oýnunyň meniň üçin has gyzyklydygyny şatlyk bilen habar berdim hem-de şol gazanan tejribäm maňa uly futbola ýol açdy.
Azmunyň gürrüňlerinden çen tutsaň, Aşgabadyň mekdep meýdançasynda bolup geçen şol oýun onuň daşary ýurtly futbolçylary bilen ilkinji (resmi bolmadyk) bäsleşigidir hem-de sportuň bu görnüşine uly höwes döreden wakadyr. Bu wakany Serdar buýsanç bilen ýatlaýar.
Türkmen milletinden bolan meşhur eýranly futbolçy, Russiýanyň «Zenit» toparynyň hem-de Eýranyň ýygyndy toparynyň hüjümçisi Serdar Halil Azmun 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda EYR-niň Mazenderan welaýatynyň Gombede-Kawus şäherinde doguldy. Ol Russiýada oýnaýan daşary ýurt futbolçylarynyň arasynda braziliýaly Wagner Lawadan soňra bu ýurduň çempionatynda iň köp pökgi geçiren oýunçydyr.
Azmun 15 ýaşyndaka Eýranyň ýokary ligasynda çykyş edýän Ispyhanyň «Sepahan» toparynda oýnap başlaýar. 17 ýaşynda, 2012-nji ýylyň dekabr aýynda Kazanyň «Rubin» toparynda çykyş edip başlaýar hem-de şol ýylyň ýanwar aýynda bu topara geçen Alireza Hagigiden soň, bu toparyň düzümindäki ikinji eýranly futbolçy bolýar. Şeýle hem ol taryhda daşary ýurt toparynda çykyş edýän iň ýaş Eýranly futbolçy boldy.
Serdar «Rubiniň» düzüminde ilkinji resmi duşuşygyny 2013-nji ýylyň 25-nji iýulynda Ýewropa ligasynda Serbiýanyň «Ýagodina» toparynyň garşysyna oýnady.
Kazanyň «Rubin» toparynda Russiýanyň çempionatynyň iki möwsüminde 40 gezek oýnap, derwezä 10 pökgi geçirdi. 2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda “Zenit” toparyna geçdi.
Geçen möwsümde Eýranly futbolçy «Zenidiň» düzüminde 29 gezek çykyş edip, 19 pökgi geçirdi we 6 gezek netijeli pas berdi.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.