“Çelsi” bilen “Liwerpul” biri-birini gaýtalaýarlar
Esasy Sport Futbol
“Çelsi” bilen “Liwerpul” biri-birini gaýtalaýarlar
2021-09-2029
Angliýanyň Premier Ligasynda täze möwsüm başlap, 5 tapgyr tamamlandy. Şol 5 tapgyryň netijesinde täsin hasabat hemmäni geň galdyrýar. Sanawda 3 topar 13 utuk bilen ýeňlişsiz öňdäki 3 orny eýeleýär. Şolaryň 1-2-njisi ýagny, Çelsi bilen Liwerpulyň ähli hasabatlary-da deň bolup, germaniýaly tälimçileriň ýolbaşçylygyndaky bu iki klubuň 5 tapgyrda-da birmeňzeş hasaplar bilen netije görkezmegi bellenmäge mynasypdyr. Ýagny toparlaryň geçiren gollary, geçirden gollary birmeňzeş bolup, olaryň duşuşyklary her tapgyrda-da birmeňzeş ýagdaýda tamamlandy. 1-nji tapgyrda 2 klub hem öz garşydaşlaryny 3-0 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. 2-nji tapgyrda iki klub hem 3 utugy 2 gol bilen gazandylar. 3-nji tapgyrda 2 topar özara duşuşyp, oýun 1-1 deňme-deňlikde tamamlandy. 4-5-nji tapgyrlarda bolsa iki topar hem öz garşydaşlaryndan 3-0 üstün çykmagy başardy.
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.