Mämmet Seýidow hakynda ýatlamalar we onuň “Kesearkaç” romany

1983-nji ýyl bolsa gerek, öňki Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) şäheriniň Medeniýet köşgünde ýaş ýazyjylaryň welaýat maslahatyna gatnaşyjylar bilen şäher zähmetkeşleriniň duşuşygy dowam edýärdi. Maslahata gatnaşýan ýaşlar, şeýle hem halypa şahyrlar yzly-yzyna goşgy okaýardylar. Jaý şygyrýet muşdaklaryndan hyryn-dykyndy. Ine-de, gezek şahyr Mämmet Seýidowa ýetdi. Ol sahnanyň orta gürpündäki mikrofonyň gabadyna baryp, goşgy okamaga başlady. Mämmet Seýidowyň öz goşgy okaýşy bardy.
Goşgyny, edil ýazylyşy ýaly, birsydyrgyn okar çykaýardy, adaty okyjynyň okaýşy ýaly…
Bir gezek, 1979-njy ýylda Türkmen döwlet uniwersitetinde, Magtymgulynyň şygyrýet baýramçylygy mynasybetli, ýazyjy-şahyrlaryň talyp ýaşlar bilen duşuşygy guraldy. Oňa halypa şahyrlar bilen bir hatarda, ýaş şahyrlar hem gatnaşýardy. Ilki, şol döwürlerde däp bolşy ýaly, ýaşlara söz berdiler. Soň tanymallyga ýetişenlere nobat ýetdi. Indi bolsa, goşgy okamak gezegi diňe Mämmet Seýidow bilen Kerim Gurbannepesowa galypdy. Ine-de, Kerim aga söz berdiler. Ol ör turup-turmanka, Mammet aga ýerinden galdy:
-Ýok, adamlar, beýtmäliň, Kerimden ozal maňa gezek beriň!
Mämmet aganyň bu sözlerine adamlaryň arasynda geňirgenenler-de boldy.
Mämmet aga ýene dowam etdi: – Eger, meniň goşgymy diňlejek bolsaňyz-a şeýdiň, ilki maňa söz beriň. Kerim goşgy okandan soň, meniň goşgymy hiç kim diňlemez…
Kerim Gurbannepesow ýazyşy ýaly-da, goşgyny onuň many-mazmunyna görä, diýseň ussatlyk bilen okamagy başarýardy. Emma Mämmet Seýidowyň goşgy okaýşy, başda-da aýdyşymyz ýaly, beýle däldi. Sowatly okyjynyň goşgy okaýşyna çalymdaşdy. Onuň: “Kerimden ozal maňa gezek beriň” diýmesi-de şonuň üçindi. Elbetde, beýleki tarapdan, bu sözler Mämmet Seýidowyň Kerim Gurbannepesowa uly sarpa goýýandygynyň nyşanydy. Bu, “Zer gadyryny zergär biler” diýlenidi…
Hawa, şol gezek Mämmet aga deňiz ýakasyndaky şäheriň Medeniýet köşgünde goşgy okap durdy. Ol nähili okasa-da, Mämmet agany uly il bir gulaga öwrülip diňleýärdi. Tomaşa otagy giňdi, giň bolşy ýaly-da, bamy (ba:m – potolok) beýikdi. Ine, birden, ýokardan üzülip gaýdan asmaçyra (lýustra) Mämmet aganyň edil bir ädim ýaly arka tarapyna düşüp, jäjekleri dumly-duşa pytrap gitdi. Hernä, Hudaý gorady, şol gaýdyşyna kelläňe degäýse, näme boljagyň belli däl. Muňa adamlar aňka-taňka boluşdylar. Kim asmaçyranyň üzülip gaýdan bamyna, ýokaryk seredýärdi, kim öz üstlerindäki asmaçyralara seredýärdi. Kimiň gözi okap duran goşgusyny tapba kesip, pytrap ýatan asmaçyra seredäge-de, ýene beýleräk süýşüp duran şahyrdady. Şahyr ýene mikrofona gyratlap, bir ýylgyrdy-da, elini bama uzadyp adamlara ýüzlendi:
– Ine, muňa şygyrýetiň gudraty diýilýär!..
Giň jaýyň içi gülküden ýaňa, güwläp gitdi. Yzýany bilen gürrüldili çykan el çarpyşmalar gülkiniň sesini basdy. Şahyr goşgy okamasyny dowam etdirdi…
Tötänden bolan bu wakany men näme üçin ýatladym?
Mämmet Seýidow her bir bolup duran waka bilen baglanyşykly, dessine bir söz aýtmagy başarýan diýseň duýgur söz ussadydy.
Mämmet Seýidow diýlende, ilki onuň şygyrýeti hakda gürrüň gozgaman, oňa degişli durmuş pursatlary barada aýdyp başlanymy geň görmäň. Döredijilik aýratynlygy-da gerek welin, okyjylara şahyryň şahsyýetini azda-kände göz öňüne getirmek üçin şular ýaly durmuş pursatlary-da gerek.
Mämmet aganyň özi-de şahyr barada söhbet edilende, onuň ýazan zatlaryna salgylanyp gürrüň etmeli diýýärdi.
Uniwersiteti tamamlan ýylym, tomsuň ilkinji aýy Aşgabatda ýaş ýazyjylaryň maslahaty geçirildi. Oňa menem gatnaşdym. Çagalar üçin ilkinji goşgular ýygyndymy hödürledim. Ýygyndym barada Kaýum Taňrygulyýew, Nury Baýramow, Gurban Çöliýew, Goşjan Seýitmädow öz pikirlerini aýtdylar. Ýygyndymy Mämmet Seýidow hem okapdyr. Özi şygyrýet bölümine ýolbaşçylyk edýäni üçin, biziň bölümimiziň işine gatnaşyp bilmese-de, Mämmet aga öz pikirlerini golýazmanyň ýüzüne bellik edipdir. Kyrk bir sahypadan ybarat şol golýazmany men şu güne deňiç saklap gelýärin. Onuň daşky sahypasynda Mämmet aganyň owadan haty bilen ýazylan şeýle ýazgy bar: “Yhlasly dowam etse, şu oglandan çagalar şahyry çykmagy mümkin”. Her goşgynyň aşagynda bolsa diňe: “Boljak”, “Oňat”, “Guraksy”, “Taraşlasaň boljak”, “Erbet däl”, “Gowy”, “Bolanok”, “Gowy işlense, bolaýmagy mümkin”, “Gaty gowy”, “Gowşak”, “Men-ä düşünemok”, “Bolýar eken-dä” ýaly, köplenç, ýeke sözdäki bellikler bar. Mämmet aganyň şol ýeke sözi-de örän köp many aňladýardy. “Men-ä düşünemok” diýmesi-de düşnüklidi. Ussat goşgyny düşnükli ýazmalydygyny ündeýärdi. Bu onuň tebigatyndan gelip çykýan ündewdi. Mämmet Seýidowyň özi diýseň düşnükli şahyr. Onuň bir goşgusy, bir bendi, bir setiri babatda: “Beý, şahyr muny näme derekli diýdikä?” diýip, böwrüňe diň salmaly bolmaýaň. Onuň goşgularynyň düşnükliligi üstünden birnäçe ýyl geçenden soň sada ýaly görünse-de görünýändir. Emma şol sadalygyň aňyrsynda tebigylyk bar. Tebigy zatlaryň hemmesi sada bolýar.
Türkmen edebiýatynyň uly dosty, Magtymgulynyň goşgularynyň agramly bölegini rus diline terjime eden terjimeçi-şahyr Arseniý Tarkowskiý: “Goşguda halamaýan esasy zatlarymyň biri nätakyk rifmadyr” diýýär. Ol nätakyk rifmany, hatda, ahlaksyzlyk bilen barabar hasaplaýar. Dogrudan-da, goşgynyň esasy medeniýeti takyk rifmadan başlanýar. Bu sözleri ýöne ýerden agzamadyk. Bizde takyk rifmanyň ähmiýetine geregiçe üns berlenok. Biziň pikirimizçe, goşgynyň ýüzüni görkezýän esasy birlikleriň biri-de, ajaýyp rifmadyr. Rifmalaryň dürslügi babatda bizde Mämmet Seýidow bilen deňleşip biljek şahyr az-azdyr. Bu ýagdaý şahyryň şygyrýet mizanynda onuň ussatlygyny ýüze çykarýan çeküw daşlarynyň biridir. Onuň şygyrlarynyň kapyýalary hut şol şygryň süňňünden syzylyp çykan ýalydyr. Her bir şygryň ajaýyp sazlaşygy onuň many-mazmunyny aýratyn güýçlendirmäge hyzmat edýär. Goşguda sözleriň ornunyň çalşyrylyp ulanylyşy-da, pikirleriň çuňňur duýgurlyga ýugrulan öwrümli tärler bilen okyjynyň aňyna dürs ýetirilişi-de Mämmet Seýidowyň şygyrýetiniň özboluşlylygyny emele getirýär. Şol özboluşlylyk hem şahyryň şygyrýetiniň gudratyndan habar berýär. Şahyryň şygyrýetiniň gudraty onuň dürli ýyllarda neşir edilen “Atalaryň ýodasy”, “Meniň hazynam”, “Çöl rowaýaty”, “Durun mukamy”, “Bahar gündeligi”, “Bäşinji okean”, “Liriki fantaziýa” we “Seniň yşkyňda” ýaly köp sanly goşgular hem poemalar ýygyndylarynyň gatlarynda jemlenendir. Şahyryň şygyrýeti dogrusynda kän gürrüň etmek mümkin. Onuň ussatlygy, döredijilik aýratynlygy hakynda kän-kän ylmy işler ýazmak mümkin. Onuň “Kerwen” ýa-da “Kesearkaç” ýaly iri göwrümli kyssa eserleri bolsa edebiýat ylmymyzyň indi öwrenmeli ugurlarynyň biri…
* * *
Her dem Mämmet Seýidowyň kitaplaryny ele alanymda, ussadyň hatyrasyna bagyşlap döreden “Mumyýa” atly şu goşgyma-da öz ýanymdan pyşyrdaman bilemok:
Köpelensoň şygyr ýazýan – çyrmaýan,
Bu ala meýdanyň çykansoň çygry,
Sen daglara çykyp, adam barmaýan,
Eý şahyr, mumyýa deňäpsiň şygry.
Mumyýa – daglaryň baryp bolmaýan,
Bolýarmyş, uçutly kert gaýasynda.
Özem görer göze görüp bolmaýan,
Bitişip ýatanmyş dilkaw gasynda.
Üýtgeşik şiremiş, jana melhemmiş,
Tenekarmyş, ýüz müň derde ol emmiş,
Ony çenäp-çenäp atyp almaly,
Çyn mergen bolmasaň, atyp bolmazmyş…
At-ýaragyn şaýlap, goşlaryn düzläp,
Daglara çykan bar
ýüzläp-ýüzläp-ýüzläp…
Mumyýa gözläp…
Ýöne olar… gury
tüpeň göçürip,
Dagda şir zähresin ýaryşyp ýörler.
Pöwhe seslerine bürgüt gaçyryp,
Pagtabent atyşyp, “ýaryşyp” ýörler.
“Patda-pat”, “atda-at”, “ýetde-ýet” bolup,
Ine, olaň mumyýany
“uruşy”…
Nyşana bolardan has belent bolup,
Mumyýanyň şol mizemän duruşy!..
0 лайков 773 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ladybug
12 окт 2021, 16:20
Awtory kimka
Ladybug
12 окт 2021, 16:20
Makalan
Men sho
12 окт 2021, 17:22
Men awtory
Ladybug
13 окт 2021, 12:24
Men sho,
Molodes. Gaty anyrdan gelyan ekeninda