Şahyrlar !

@Pegas, @Belki, @Hiayress, @Nirvana, @Massimus, @ResulT, @Aksary, @Hemedany, @Ahmedik_97, @Ötegçi we beýleki agzalar !
Size soraglarym bar, bir teswirde doly jogaplañ .
1.Goşgy näme ?
2.Poeziýa näme ?
3.Kapiýa näme ?
4."Hakyky goşgy" nähili bolmaly ?
5.Goşgy näme üçin ýazylmaly ?
6 лайков 425 просмотров
27комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
09 июл 2022, 12:31
Menä şahyr däl, şahyrlar jogap bersinler.
Telwas
09 июл 2022, 12:37
Men bu sanawda artykmaç. Goşgy okap bilsemem, goşgy ýazyp bilemok. Ýazmadymam goşgy.
Soragada jogabym ýok. Goşgy ýazýan agzalarymyz jogap bersin gowsy.
Pegas
09 июл 2022, 13:25
Bulaň hersi barada edebiýatçylar ullakan makalalar, kitaplar ýazyp ýörler. Sen bir teswirde aýdyň diýýäňmi)))
Mümkin
09 июл 2022, 13:30
Menem şahyr däl.
Biohimik
09 июл 2022, 13:45
Yurek eden tapylmady;)) pont
Kerbaba
09 июл 2022, 13:56
3-4-5 шу сорагларына канагатланарлы жогап аласын гелсе Италмаз Акмырадовын ,, Эжегыз" диен гошгысыны тапып окамагынызы маслахат берйарин.. Гойжакдым велин.. тапмадым. Кимде бар болса гойсунла шу ере.. хайыш..
Pegas
09 июл 2022, 14:05
EJEGYZ

Göçüp gelipdiňiz obamyza siz,
Biz size hiç haçan saýry diýmändik.
Ýaşapdyk hakyky goňşy bolup biz,
Gazan-tabagymyz aýry diýmändik.
Sen «jijim» diýerdiň maňa, Ejegyz,
Men «bajym» diýerdim saňa, Ejegyz.
Oturyp daşarda ýaz agşamlary,
Ýa belent howaly güýz agşamlary
Erteki, matallar aýdyşardyk biz,
Wagt çene baranda gaýdyşardyk biz.
Ýüreklermiz gunça ýaly duýgurdy,
Gahrymanlaň suratyny çekerdik.
Ol ýyllar taryha siňipdir eýýäm,
Men ol suratlary ýatdan çykardym,
Hawa, ol zatlary unutmak mümkin,
Maňa başga zady unutmaklyk kyn:
Ýigit ýeten är doganyň ölende,
Gyzyl ýüzüň saralyban solanda,
Hemmäniň gül ýüzi soldy, Ejegyz,
Obam müýnli ýaly boldy, Ejegyz.
...Agalaryň sizi göçürip gitdi.
Ýyllar gezegini geçirip gitdi.
Geldi, göçüp gitdi soňam adamlar,
Ýatdan çykmaz eken oňat adamlar.
Deňje paýlaşylman goýulmaz eken,
Gaýgysy-da, şatlygy-da olaryň,
Hiç mahal, hiç mahal duýulmaz eken
Başga ýerli — ýatlygy-da olaryň.
Gezegni geçirip gitse-de ýyllar,
Kän zady öçürip gitse-de ýyllar,
Gowy goňşy hakyndaky ýatlama
Goňşy ýüreginden öçmez ekeni.
Başga ýere göçse-de ol adamlar,
Yssy mähirleri göçmez ekeni.
Obam saňa eýe çykyp ýör heniz:
«Ejegyz», «Biziň gyz», «Biziň Ejegyz».


Italmaz AKMYRAT
Kerbaba
09 июл 2022, 14:17
Сагжа бол!!! Берекелла Пегас!!!Ине ызкы 3 сорагларына тайын жогап... Душуненсина... уям Эдегыз!!?
Kerbaba
09 июл 2022, 14:18
Эжегыз
Mümkin
09 июл 2022, 14:27
Seniñ nazaryñda poeziýa diýen mowzugymda jogaplanandyr şu soraglar.
.Resul.
09 июл 2022, 14:35
Şularyñ hemmesi şahyrmy?
Hyýara sahyr däl eken
.Resul.
09 июл 2022, 14:42
Ýöne gowy soroglar.
Pegas,
Gysgaça düşündirip bolora.Düşündir mümkünçiligiñ bolsoha,bizede gyzykly sol
Pegas
09 июл 2022, 15:03
.Resul.
Ýöne gowy soroglar.
Pegas,
Gysgaça düşündirip bolora.Düşündir mümkünçiligiñ bolsoha,bizede gyzykly sol

Mende ýok şol mümkinçilik.
Massimus
09 июл 2022, 15:12
Men-ä şahyr diýeniňize begenip, gapdallykkan ýöräp ýörün, bu soraglara göwnüňize jaý jogap berip bilmesem gerek. Ýöne şonda-da hormatyňyz üçin sag boluň!
.Resul.
09 июл 2022, 15:18
Pegas,
Gohuñ nämaý,ýuwaşyrak gürleseñem eşidýäs.
Bagul_Atayeva
09 июл 2022, 15:54
Sanawa @Venus23 agzany hem goşaýmaly ekeniñiz.
Öwreniji
09 июл 2022, 16:11
Goşgy- goşuk, koşuk, ýagny bagyşlanan ,
Poýeziýa- grek sözünden döräp, döredijilik diýip, birnäçe bölege bölünýär.
Kapiýa, okalyş äheňi meňzeş gelip söz bezegi.
Hakyky goşgy, hakyky bolmaly,
Goşgy-özüňde dörän duýgyňy, çeperçilik bn beýan etmeli, ilki özüň üçin we okyjylarda täsir galdyrmak üçin. başardygymdan gysgaça öz düşündirşimi jogap berdim. Belki başgaçada bolup biler
Suleyman
09 июл 2022, 16:13
Näme saýtda şahyr barmy?
Pegas
09 июл 2022, 16:27
.Resul.
Pegas,
Gohuñ nämaý,ýuwaşyrak gürleseñem eşidýäs.

Ok.
Pegas
09 июл 2022, 16:28
Dark_Wolf
Näme saýtda şahyr barmy?

Hawa, bar bir-iki sany gowy ýazýan şahyr.
.Resul.
09 июл 2022, 16:37
Pegas,
Kimkä olar,tanşyp bolmazmyka
Bagul_Atayeva
09 июл 2022, 16:42
Remezan, aga programmadan habar yokmuka?
Pegas
09 июл 2022, 17:11
.Resul.
Pegas,
Kimkä olar,tanşyp bolmazmyka

@Gumly gelin, @Esma, @Oksimiron...
.Resul.
09 июл 2022, 18:30
Pegas,
Minnetdar.
Öwreniji
10 июл 2022, 00:09
Bagul_Atayeva
Remezan, aga programmadan habar yokmuka?

ýok ýapyk dur
Venus
10 июл 2022, 13:26
Bagul_Atayeva,
Oýun edip diýýäňmi? Men gaty pes...
Ötegçi
15 июл 2022, 06:20
Mennem şahyr däl.