"Islenen"-iň agzalary ýene 50 ýyldan soň...

Salam gadyrdanlar. Agzalar bilen baglanşykly mowzuklarmyzy dowam edýäris. Ýene 50 ýyldan soň 2072-nji ýylda islenen saýty.
Men giriş üçin birazyrak ýazaýyn, galanyny Siz dowam edäýiň!

BLOGLAR:
@Massimus. Tanyşlyk saýty. 6521-nji bölüm.

@Ötegçi: Sakaldaş seň şu hekaýaň gutararmyka, ýa soňuny görmän ölüp gidiberermikäk.
@Hiaýress: Agam fantaziýaňam çeni ýagşy, robotlary, elfleri, jadygöýleri goşmaýda şu ýatlamalaryňa.
@Senýorita: Dowamy barmy ýene?
@Granger: Agam, gaty görmäň Sizde seýrek duş gelýän keseliň alamatlary bar.

@Nirvana. Okyjylarym bilen Marsa syýahat.

@Margarita: Men ýokla, hany men.
@Hiaýress: Şu ýaşdan soňam ýadyňyza syýahat düşýär, hemmeler ölmän yzyna geldimi?
@Bendtner: Wah, Marsda gowuja zatlar bar eken, hany meň 21 ýaşym, Wah.

@Khanture: Haram aýda kapyr öldürseň sogap gazanýaň diýýärler. Men @Keap begcony öldürdüm.

@Ahmedik97: Sen göni jennete düşersiň agam.
@Gost: Jennet-ä bilmedim ýöne türmä düşjegiňe garantiýa.
@Hiaýress: Şunça ýyl garaşypsyň, ýene azajyk garaşsaň bendäň özem ölerdi.

@Khanture: Agzalar ýer üçburç eken, ine serediň suratam bar.

@Nirvana: Öň tekiz diýdiň, tekizdigini ylym subut etdi. Indem üçburç diýýäňmi?
@Mümkin: Gowuja pikirlen belki romb şekillidir.
@Nairobi: Seň kelläň üçburç bolaýmasa.

@Dark Wolf: @Hemedany kaka näme üçin dinimiz barada mowzuk açaňok?

@Hemedany: Aý @Keap beagcon ýoga, indi gyzygam ýok.
@Ahmedik97: Açyber men bara.
@Hemedany: Sen bar diýip biz açybermelimi, toba, toba...

@Pegas: Aýna Nuryýewaň goşgularyny halamadyk, saýtdan kowuljakdyr.

@Massimus: Bu kim indi?
@Pegas: Sen barybir düşünmeýäň bu zatlara, gowusy, şol hekaýalaň bilen boluber.
@Hiaýress: "Pegasmahabat" ýene öz işine başlapdyr.

@Senýorita: Bu gün final. Liwerpul-Real. 98 ýaşly Klop babamyzyň oguljaklaryna üstünlik.

@Bendtner: Näme diýseňem sen-ä oglanow, indi boýun alsaňam bolýar.
@Massimus: Liwerpula üstünlik, şu gezek bir utsun.
@FanB: Menä stadiona geldim şu wagt.
@Mono Songz: Şuň nämesini görýäňizaý, ondan-a serial görüň.

@Sadman: Kelläňizdäki mikroçipler işlemese näme etmeli? Muny öý şertlerinde oňaryp bilersiňiz.

@Soho: Barlap gördüm, peýdasy ýok.
@Sadman: Wiý, yzyna dakjak wagtyňyz biraz tüýkülikläp onsoň goýmaly.
@Soho: Şu ýaşdan soň tüýkilikleseňem peýdasy ýok eken inim.

Agzalar yzyny dowam edeliň?!...

10 лайков 468 просмотров
40комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
29 июн 2022, 21:34
hihi ýykylyp güldimaý :)
Hiayress
29 июн 2022, 21:34
"@Khanture: Haram aýda kapyr öldürseň sogap gazanýaň diýýärler. Men @Keap begcony öldürdüm.

@Ahmedik97: Sen göni jennete düşersiň agam.
@Gost: Jennet-ä bilmedim ýöne türmä düşjegiňe garantiýa.
@Hiaýress: Şunça ýyl garaşypsyň, ýene azajyk garaşsaň bendäň özem ölerdi."


@Khantureniň gökdäki arzuwy ýerde gowuşypdyr. Sen indi hakyky musulman, gutlaýas. :)
Nazar
29 июн 2022, 21:37
????
Elleriňe saglyk agam.
@Hiaýress: Şunça ýyl garaşypsyň, ýene azajyk garaşsaň bendäň özem ölerdi." Shu yerine gülüp yykyldym :)
#B.S
29 июн 2022, 21:37
@Hemedany: Aý @Keap beagcon ýoga, indi gyzygam ýok.

Bagyşla @Hemedany... ;)))
Hiayress
29 июн 2022, 21:40
@Sohonyň gözi boklukda, ýaş wagtam şeýledi, ulalyp, saçy duw ak bolansoňam düzelmändir.
.Resul.
29 июн 2022, 21:42
@Pegas: Aýna Nuryýewaň goşgularyny halamadyk, saýtdan kowuljakdyr.
hihi
Massimus
Автор 29 июн 2022, 21:42
Hiayress,
Yzyny dowam edeli, ýene mowzuklar bolardy
Massimus
Автор 29 июн 2022, 21:43
nähili mowzuklar bolardy
Waleryanka
29 июн 2022, 21:43
Aýna Nuryýewa goşgy ýazyp saýtda goýsa kowulmagymyza garaşman özümiz gaçyp gidäýmesek:)
Harmony
29 июн 2022, 21:46
Seýrek duş gelýän kesel. ?
Nazar
29 июн 2022, 21:46
Dollar naçe boldy diyip hem mowzuk açarlar :)
Suleyman
29 июн 2022, 21:47
Ýalanam bolsa çyn bolsun. ;)

Ýene 50 ýyldan özümizi sagdyn, akyl-huşumyz ýerinde, Watanymyň içinde, maşgalamyzyň arasynda bolmak nesip etsin.
Waleryanka
29 июн 2022, 21:47
"Bu zatlar iýmek üçin ýapylýamy.
Siziň obaň garynjalaryna at dakmankam.
Guduzlamankam.
Men birinä garaşypdym"
diýen setirleriňiz ýolda yzda ýadyma düşsede ýylgyryp ýören boldum.Gören "dälimikä" diýýändir.Bu günler maskada ýog-a)
Soho
29 июн 2022, 21:47
hahahahay, berekella, brooo, hezil edip guldum:ay :D
Nazar
29 июн 2022, 21:49
Massimus agam şol dowamyny ýazjak diyen zatlatyň bir dowamyny yazarmykaň şonda bir :)
Harmony
29 июн 2022, 21:49
Rejepşorlygymdan peýdalanyp, FanB ikiňizi indiki seriýalara glaw rol edýän.?
SaDMaN
29 июн 2022, 21:54
Wiy, yzyna dakjak wagtynyz biraz tuykuliklap onsan goymaly.

Shu yerini dash edipsiniz:) gulip icim gyryldy)) gulka yugrulan ajayyp oylanma bolupdyr agam. Klawiaturanyzyn bady yatmasyn ,ellerinize saglyk
wordless
29 июн 2022, 21:54
gyzyklyja eken aynekli
Massimus
Автор 29 июн 2022, 22:02
Hany agzalar, ýene nähili mowzuklar bolardy diýip pikir edýärsiňiz?
Ötegçi
29 июн 2022, 22:03
hihi hehehe aýtjakdal nirik gülenmi shlyapa
Bentner
29 июн 2022, 22:11
Daş??
Soho
29 июн 2022, 22:13
@Jek. "Turco Baby" pamperslar pochti mugt.
Massimus
Hany agzalar, ýene nähili mowzuklar bolardy diýip pikir edýärsiňiz?
Nazar
29 июн 2022, 22:15
@Massimus
Toýota Haýlander 2065 aldym welin kim sürüp gördaý şu maşyny skora niresinden geçirilýärkä? Skor ryçagyň yerinde Gap-gara dörtburç telefonyň ekeranyna meňzeş birzada duran eken. Ýa satanlar sokaydymyka?

Ahmedik97- Agam Marydan aldyňmy? Marylylar aňsat sokýana däldir

Soho- Nememi sakaldaş ol skora geçirjek bolsaň şol gara zady dürtgeleşdirmeli bolaýmasyn?

Khanture- Agam shol zat sensorly skora geçirilyän bolmaly. Maşyny otlaňda şol gara dörtburç zat ýanýamy?

Ötegçi- Sakaldaş diýýänä Aýfon 58 PRO MAX ULTRA PLUS Full HD telefon alyndym welin jübime syganokla Hool Ýaş oglankak okuwa göterýän portfellerimiz yaly zada salaymasam

Soho- Il näme diýýä Ötegçi näme diýýäraýt. Oňuberdä meňki ýaly prostoý Samsung S 255 Ultra 128 TB bilen
Ötegçi
29 июн 2022, 22:18
@Ötegçi: Meñña ýene bir 50 ýyl ýašasym gelýär abraý bilen.
@Hiayress: Janam bir süýji zat bolmalyda... onça ýaşy başyña ýapjakmy?!.
@Ötegçi: Göroglyñ rekordyny gećmesem bolmaz. Ötegçiñ ýaşyny ýaşa diýsinda hemme :D
*
@Ötegçi: Men oglanjyk döwürlemem bilýadim şu gyzdan bir zat çykjagyny. Ine ýürekdeş diýennirin.
@Pegas: Sen ýalysy azdy dost! Bir döwürler poeziýa düşünýas, poezýa eyle bolmaly beýle bolmaly dal dp aýdýardylar. Indi ozlerem fanadyna öwruldiler.
@Ötegçi: Indi görseñ bizden ozdurandyrlar....
@Waleryanka: Siz bize kakydýañyzmy?!.
@Mümkin: Şeýle ýaly jora!..
@Ötegçi: ýogeý size kakydyp bolmaz. Bizä robotlar hakda ümmüldeşýadik

Dowamy bar...
Ahmet
29 июн 2022, 22:25
@Ahmedik97: Sen göni jennete düşersiň agam
Şuny Khanture diýen bolsaňa ol menden 1 ýaş kiçi:)
Ahmet
29 июн 2022, 22:27
Gost: Jennet-ä bilmedim ýöne türmä düşjegiňe garantiýa

Çüýleýäň-aý agam hehehe
Ötegçi
29 июн 2022, 22:37
Fanat,
hihi shlyapa tapýañaý
Ahmet
29 июн 2022, 23:06
Fanat,
Ahmedik97- Agam Marydan aldyňmy? Marylylar aňsat sokýana däldir

:D
Ahmet
29 июн 2022, 23:07
Fanat,
Soho- Il näme diýýä Ötegçi näme diýýäraýt. Oňuberdä meňki ýaly prostoý Samsung S 255 Ultra 128 TB bilen

128 GB-dyr öýtdüm ilki okamda. TB bolubam prostoý boljak bolsa beti nähilikä
:D
Ahmet
29 июн 2022, 23:09
Fanat,
Ötegçi- Sakaldaş diýýänä Aýfon 58 PRO MAX ULTRA PLUS Full HD telefon alyndym welin jübime syganokla Hool Ýaş oglankak okuwa göterýän portfellerimiz yaly zada salaymasam

Aýfon 58 PRO MAX ULTRA PLUS Full HD adam aýdyp dur ekenä betleň nähilidigini :D