"Islenen"-iň agzalary ýene 50 ýyldan soň...

Salam gadyrdanlar. Agzalar bilen baglanşykly mowzuklarmyzy dowam edýäris. Ýene 50 ýyldan soň 2072-nji ýylda islenen saýty.
Men giriş üçin birazyrak ýazaýyn, galanyny Siz dowam edäýiň!

BLOGLAR:
@Massimus. Tanyşlyk saýty. 6521-nji bölüm.

@Ötegçi: Sakaldaş seň şu hekaýaň gutararmyka, ýa soňuny görmän ölüp gidiberermikäk.
@Hiaýress: Agam fantaziýaňam çeni ýagşy, robotlary, elfleri, jadygöýleri goşmaýda şu ýatlamalaryňa.
@Senýorita: Dowamy barmy ýene?
@Granger: Agam, gaty görmäň Sizde seýrek duş gelýän keseliň alamatlary bar.

@Nirvana. Okyjylarym bilen Marsa syýahat.

@Margarita: Men ýokla, hany men.
@Hiaýress: Şu ýaşdan soňam ýadyňyza syýahat düşýär, hemmeler ölmän yzyna geldimi?
@Bendtner: Wah, Marsda gowuja zatlar bar eken, hany meň 21 ýaşym, Wah.

@Khanture: Haram aýda kapyr öldürseň sogap gazanýaň diýýärler. Men @Keap begcony öldürdüm.

@Ahmedik97: Sen göni jennete düşersiň agam.
@Gost: Jennet-ä bilmedim ýöne türmä düşjegiňe garantiýa.
@Hiaýress: Şunça ýyl garaşypsyň, ýene azajyk garaşsaň bendäň özem ölerdi.

@Khanture: Agzalar ýer üçburç eken, ine serediň suratam bar.

@Nirvana: Öň tekiz diýdiň, tekizdigini ylym subut etdi. Indem üçburç diýýäňmi?
@Mümkin: Gowuja pikirlen belki romb şekillidir.
@Nairobi: Seň kelläň üçburç bolaýmasa.

@Dark Wolf: @Hemedany kaka näme üçin dinimiz barada mowzuk açaňok?

@Hemedany: Aý @Keap beagcon ýoga, indi gyzygam ýok.
@Ahmedik97: Açyber men bara.
@Hemedany: Sen bar diýip biz açybermelimi, toba, toba...

@Pegas: Aýna Nuryýewaň goşgularyny halamadyk, saýtdan kowuljakdyr.

@Massimus: Bu kim indi?
@Pegas: Sen barybir düşünmeýäň bu zatlara, gowusy, şol hekaýalaň bilen boluber.
@Hiaýress: "Pegasmahabat" ýene öz işine başlapdyr.

@Senýorita: Bu gün final. Liwerpul-Real. 98 ýaşly Klop babamyzyň oguljaklaryna üstünlik.

@Bendtner: Näme diýseňem sen-ä oglanow, indi boýun alsaňam bolýar.
@Massimus: Liwerpula üstünlik, şu gezek bir utsun.
@FanB: Menä stadiona geldim şu wagt.
@Mono Songz: Şuň nämesini görýäňizaý, ondan-a serial görüň.

@Sadman: Kelläňizdäki mikroçipler işlemese näme etmeli? Muny öý şertlerinde oňaryp bilersiňiz.

@Soho: Barlap gördüm, peýdasy ýok.
@Sadman: Wiý, yzyna dakjak wagtyňyz biraz tüýkülikläp onsoň goýmaly.
@Soho: Şu ýaşdan soň tüýkilikleseňem peýdasy ýok eken inim.

Agzalar yzyny dowam edeliň?!...

10 лайков 468 просмотров
40комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Apples
29 июн 2022, 23:12
Dowamynam yasanda
Massimus
Автор 29 июн 2022, 23:23
Fanat,
Ötegçi
gowy ýazypsyňyz, dowam edeliň
Massimus
Автор 29 июн 2022, 23:24
Fanat,
Siz FanB agzamy?
Nazar
29 июн 2022, 23:28
Massimus,
Howa
Maksat
29 июн 2022, 23:54
Berekella:)) brawo
Şamuhammet
30 июн 2022, 00:04
Mars planeta gidesim gelip gitdaý!
Гость
30 июн 2022, 00:28
Güldürdiň?
Öwreniji
30 июн 2022, 08:58
Men düýşüňize giräýmesem ???
Öwreniji
30 июн 2022, 09:03
???? gözöňüme geldi.
Gauzen
30 июн 2022, 19:15
Gyzyklyja suratcy