Ruslar gaty gowudyr. (Gazawat gyrgynçylygy)

Taryha bakyp seretsek ruslaryň bizi gyryp, ulanan wagtlary az däl. Düýnki mowzuklarda gaty uly rus söýgüsini görýärin. Her nä bu rus kanallaryny görýändikleri üçindir. Hatda agzalarymyzdan bu gyrgynçylyklara türkmenleri günäkärleýänem bar. Geliň onda ruslar taryhda nähili bolan, nämeler etdi, näme üçin gyrdy, şo soraglara jogabyny bereli. Mowzuk köp kişä dogrylary bilmek üçin peýdaly bolar. Ýazgyda ýaýyň içinde özümem düşündiriş bererin. Bu wakany has gowy bilmek üçin bize şol urşa goşulan Mak Gahanyň kitaby kömekçi bolar.
Ýyl 1873, Patyşa Russiýasy Hywa hanlygyny basyp alýar. Aslynda hem Russiýa basybalyjy (imperialist) häkimiýet ýöretýärdi. Hywadan öňem gazaklary tabyn edipdi. Şonda ýygnak geçirilýär. Ýygnakda bolsa Hywa hany özüni halas etmek üçin Türkmenleri ýamanlap, olary erbet görkezýär. Bolmasa Türkmenler Hywa hanlygyny ençeme uruşdan gorapdy. Eýran howpyna garşam iň uly goraýjydy olar. Muňa garamazdan ol Türkmenleri günäkärläp olaryň hiç boýun bolmaýandyklaryny, salgyt töletmäge güýjüniň ýetmeýändigini aýtýar.
Şonda Türküstanyň general-gubernatory Kaufman (şol ýerdäki iň ulusy) Türkmenleri gysmak üçin salgydy özi almak isledi we ýomutlardan 2 hepdäniň içinde 300000 manat ýa-da 41000 fund sterling salgyt isledi. Bu ynanylmaz derejede agyrdy, Türkmenler bular ýaly agyr salgydy hijem töläp bilmeýärdi. Hemmesi baýlyklaryny goýsalaram munça zady üýşürip bilmeýärdiler. (Ýagny Türkmenler gaty agyr ýagdaýa düşýär, beýle puly görenem däldirler) Kaufman olaryň töläp bilmejegini bilýärdi (Ýörite etýärdi, Türkmenleriň nähili agyr ýagdaýa düşendigini göz öňüne getiriň) Türkmenler bolsa beýle puly töläp bilmejekdiklerini aýtýarlar, ýa-da wagt isleýärler. Ýöne Kaufman kellä goýupdy, türkmenleri mazaly mynjyradasy gelýärdi. Ana-da şol gün, ruslardan we gazaklardan döredilen goşun, ýörite jezalandyrmak üçin ýola düşýär (Mak Gahan hem bar) Şonda ruslar müňlerçe ýomut türkmeni gyrýarlar, öldürýärler. Türkmen görgüliler urşy bes etmek üçin ýüzem tutýarlar "uruşmak islämzok" diýip, ýöne şonda-da öldürýärler. Baran ýerlerini ýakyp-ýykýarlar, ençeme öýleri kül etýärler, Türkmenlere degişli ähli zady otlaýarlar. Ençeme aýal-gyz, çagalar çölde gaçyşyp başlaýarlar. (Barja-ýokja zatlaryny alyp, gap-çanak we ş.m zatlaryny alyp gaçýarlar, ýöne şonda-da ýolda köpüsi tutulýar, çagalaram ýitýär köpüsiniň) Gahanyň aýtmagyna görä ýolda yzygiderli Türkmenleriň sygyrlary, mallary çykýar eken. Gazaklar bolsa (Ol döwürler hasam erbet bolan millet, gaty uruşjaň) dälliräp çozup, ençemesini gylyçdan geçirip atypdyrlar. Hatda çozmak üçin dyzap durlar diýýär (Toba etdim) Türkmenler hem gaty erbet urşupdyr, hatda Mak Gahan hem haýran galypdyr. Aralarynda çykyp akdyryp gitýär ekenler, duýanoklaram eken. (Türkmenler hem ol döwürde garadan gaýtmaz bolan, iki esgeriň kellesini kesip gidipdirler agşam)
Umuman Türkmenler näçe jan etselerem ençemesi ölýär. Soňky uruşlarda 2.000-e ýakyn adam ölýär. Olaryň bir bölegi köle gark bolupdyr, bir bölegi bolsa, onuň töweregindäki batgalyklara batyp galypdyr. Mak Gahan bu urşa: "Bütin ýurt ot içindedi. Men henize çenli munuň ýaly urşy görmändim, beýle uruş biziň günlerimizde gaty seýrek duş gelýär" diýýär. Aslynda bu sözler nähili erbetdigini subut edýär. Bulam taryha "Gazawat gyrgynçylygy" bolup geçýär.
Indi men size düşünemok, siz näme üçin beýle rus söýgüsinde ? Bu siziň taryhy bilmeýändigiňizi aňladýar. Bu eden gyrgynçylyklaryndan diňeje biri, intek gökdepänem ýazmagam ahmal. Onda dagy 30 müň adam ölýär. Skobelew bolsa "Tekeler gara nokat, ol nokat pozulmaly" diýýär ýigrenji kişi. Şo sözlerem Türkmenlere nähili ýigrenç bilen garaýandyklaryny görkezýär. Umuman ruslaryň bize täsiri şeýle bir uly welin intägem täsirinden çykyp bilenoklar. Nädip Türkmenleri taryhdan günäkär çykarjak bolýaňyz. Şükür ediň şuwagt uruş zat ýok, häzir Russiýanyň bary maksady Sowetler ýaly uly zat gurmak. Bizi alaýsa dograrlar göni bizi. Şuwagt Ukraina urşunda bir rus tankynyň hiç zat etmedik maşyny mynjyradyşyny gördüňizmi ? Dogan diýip tanalýan ýurduny şeýdensoň biz näme. Ukraina-da edil şeýle şuwagt, öz watanlaryny goraýarlar.
Taryhy gowja okaň, seljeriň, gözleşdiriň. Bu hem size peýda, hem aňyňyzyň has anyk zat döretmegine peýda eder.
5 лайков 548 просмотров
60комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ali
02 мар 2022, 13:16
Men oz eshden zadyma we goryan zadyma ynanyan. Yazylan zatlara ynanmayan
Hanguly
Автор 02 мар 2022, 13:17
Цитата: felicita
Haysy yurdun fanaty bolsanyz gidip komek etmelida barde baryn bosh gurlap oturman akylynoyjukleri)

Ýola boş gürrüň däl, düşündirjek bolýanda, indä hijem janykmaýanla, Jelaleddine adam gyrdy diýip, birem Türkmenleri günäkärläp otyr näme edeýin. Hem bir ýurdyň ýa düşünjäň tarapyny çalmagyň ýada gürleşmegiň üçin hökman onuň bir şahasy bolmagyňa gerek ýok.
Biohimik
02 мар 2022, 13:20
Karoci mowzukda dine ozunki dogry edilen beyleki taraplar aydylan zatlaryn ters taraplary asla agzalmadyk @pegas am dusundirjekrak bolupdyr
Ali
02 мар 2022, 13:20
Felisita gelen bolsa men gitdim galanlaryny ol alyp chykar :) bujagaz dine kahollara gynanyan eken dushundirip goyber kicijik klasdash :)
Ali
02 мар 2022, 13:23
Biri Wlad gowy diyip yazsa onun gowlugyny anlatmayar ya erbet diyse erbetligini anladanok. Shonun un her yazylan zatlara ynanyp yorman goren zadyna ynanyp bolonok hazirki dowur
Pegas
02 мар 2022, 13:24
Wlad, duýgy nökerçiligini etme. Jelaleddiniň Gruziýadaky gyrgynçylygy barada Grigol Abaşidze diýen ýazyjynyň "Uzaga çeken tümlük" eserini okap gör. Jelaleddine sençerek menem hormat goýýan. Ýöne hiç kimiňem ata-babasy akja jüýje däl. "Munym taktika däl" diýýäň. Haýsydyr bir millete ýigrenç döretmek üçin oň ata-babalaryny sokup dursaň, taktika bolman, başga näme zat ol?!
Osmanlyny yslam üçin etdi diýýäň. A häzir hristiançylyk ýa buddaçylyk üçin edilse, ýazgarjak dälmiň? Din barada ýazaňda seresap bol. Hiç bir diniň tarapyny tutup, adamlaň dini duýgularyny ulanjak bolma syýasat babatda! Hawa, men Osmanly taryhyny okadym. Sendenem köpräk okadym. Nä diňe özüň okandyryn öýdýäňmi?
Biohimik
02 мар 2022, 13:24
We hic kim hic haysyñyz seniñ maglumatyn yalnys taryhda beyle bolmadyk nirden esitdin birtopar yalnysh maglumat diymaliñ taryhy anyk bilyan yok.kkkk.
Taryhy herkim oz dowrunde(guycli bolanda) ozuce yazdy onki yazylany duzetdi belli zat yok
Onsoñam ruslary gunalemañ
Bu yerde ukrainadada guna bar americada yewrosoyuz dada hemmesem belli bir derejede gunali yogsam russiya yone yere urus acarmydy
Mechta
02 мар 2022, 13:25
Wlad,hemme zada beydip cynlakay garap dusundirjek bolsanyz calt garrarsynyz drug) Awram Grant sizede degishli klasdash:)
Ali
02 мар 2022, 13:26
Senin Jelaletdin diyyanin kakasy ozbek ejesi turkmen bolan hanmy? Kakasy ozbek bolan nadip turkmen bolup bilyaka?
Mechta
02 мар 2022, 13:27
Ozuniz bilin ile dushundirmek hokman dal,herkim oz kellesi bn ishleya seni ya meni dinlap dogry diyjek adamlar yok indi
Mechta
02 мар 2022, 13:28
Kellanizin cydasyna men hayran)
Leyli Amanowa
02 мар 2022, 13:28
Dogry Osmanly ilki yslamy yayratmak un ayaga galan bolup biler yöne soňundan barysy dini yuzune nikap edip geyäydiler barysynyň asyl maksady yerdi baylykdy (Bagyşlaň uruş islämok maňa gurlemäň)
Ali
02 мар 2022, 13:28
Biohimik gel jigim manlayyndan ogshayynla shlyapa goydum sana jigim. Bu dine ruslary gunakarlap durahow
Biohimik
02 мар 2022, 13:28
Ayyy mena fusundirmanede yaltanyan biraz tanap baslasañ adam onkiñ yaly bolmayan ekeniñ
Men tomasa edeyin diñe televizor
Pegas
02 мар 2022, 13:28
Цитата: Awram Grant
Senin Jelaletdin diyyanin kakasy ozbek ejesi turkmen bolan hanmy? Kakasy ozbek bolan nadip turkmen bolup bilyaka?

Munda ýalňyşýaň öýdýän. Jelaleddin - özi hem türkmen bolan Muhammet Horezm şanyň türkmen aýalyndan bolan ogly. Umuman, arassa türkmen. Şoň üçin Jelaleddini gypjaklar halanok.
Mechta
02 мар 2022, 13:29
Kellanizin cydasyna men hayran)
Ali
02 мар 2022, 13:30
Men yoredim galany 5den son.
Leyli Amanowa
02 мар 2022, 13:30
Pegas,
Jelaleddin turkmen bolsa näme un ony özbekler özuniňki edip otyrlar indi?
Pegas
02 мар 2022, 13:31
Цитата: Nairobi
Pegas,
Jelaleddin turkmen bolsa näme un ony özbekler özuniňki edip otyrlar indi?

Biziň taryhçylarymyzyň passiwliginden, lellimliginden. "Göroglynam" tas azeriler alýar eken.
Hiayress
02 мар 2022, 13:33
Цитата: Awram Grant
Men bashga zada gidemok. Sen Putina garshy gitsen olduryaler diydin menem Amerikadada Fransiyadada Anglyadada prezidente garshy gitsen olduryaler diydim. Adam hukugy guycli diyyaniz sho dowletlerde garayagyzlarda hukuk yokmy hazir hazirlerem kemsidilip yorler


Will Smit, Eddi Morfi, Denzel Waşington, Morgan Friman, Rihanna, Beyonse şu adamlar Amerikanyň kino we aýdym-saz sungatynyň liderleri we şu wagt haýsy biri kemsidilýär?!
Leyli Amanowa
02 мар 2022, 13:33
Pegas,
Tumar şa bilen Gorkut atada kesekilere gitdi :(
.Resul.
02 мар 2022, 13:35
Pegas,
Muhammet şa arassa türkmenmi
Pegas
02 мар 2022, 13:37
Цитата: Nairobi
Pegas,
Tumar şa bilen Gorkut atada kesekilere gitdi :(

Şoň üçin edebiýaty goý-da, energiýaň bar wagty taryhyňy gowja alyp git! Oka, gözle, ýaz, poz, subut et, ýygna, açyş et, ylmy iş ýaz..! Iş ediberseň, hökümetimizem ýardam eder.
Biohimik
02 мар 2022, 13:38
Magtymgulynam aljak bolup jan etdilera
Pegas
02 мар 2022, 13:39
Цитата: .Resul.
Pegas,
Muhammet şa arassa türkmenmi

Men şeýle diýip bilýän.
.Resul.
02 мар 2022, 13:41
Menibir gidiräýmäñ bekiräk duraweriñ hihi
Atsyzatly
02 мар 2022, 13:43
Pegas,
Sapa sende "Uzaga çeken tümlük" kitaby barmy?
Pegas
02 мар 2022, 13:44
Цитата: Atsyzatly
Pegas,
Sapa sende "Uzaga çeken tümlük" kitaby barmy?

Originaly bar, elektrony ýokdur. Originalyny poçta edeýin gerek bolsa)
Leyli Amanowa
02 мар 2022, 13:46
Цитата: Pegas
Цитата: Atsyzatly
Pegas,
Sapa sende "Uzaga çeken tümlük" kitaby barmy?

Originaly bar, elektrony ýokdur. Originalyny poçta edeýin gerek bolsa)

maňa edip beräy cilimkesh (yuzum şo dereje galyňda)
Leyli Amanowa
02 мар 2022, 13:47
Цитата: Pegas
Цитата: Nairobi
Pegas,
Tumar şa bilen Gorkut atada kesekilere gitdi :(

Şoň üçin edebiýaty goý-da, energiýaň bar wagty taryhyňy gowja alyp git! Oka, gözle, ýaz, poz, subut et, ýygna, açyş et, ylmy iş ýaz..! Iş ediberseň, hökümetimizem ýardam eder.

Pikirlerde planda bar bu zatlar yaltalyk gurasyn :( Edebiyatyň prozasyny ölsemem goyup bilerin öydemok