Ruslar gaty gowudyr. (Gazawat gyrgynçylygy)

Taryha bakyp seretsek ruslaryň bizi gyryp, ulanan wagtlary az däl. Düýnki mowzuklarda gaty uly rus söýgüsini görýärin. Her nä bu rus kanallaryny görýändikleri üçindir. Hatda agzalarymyzdan bu gyrgynçylyklara türkmenleri günäkärleýänem bar. Geliň onda ruslar taryhda nähili bolan, nämeler etdi, näme üçin gyrdy, şo soraglara jogabyny bereli. Mowzuk köp kişä dogrylary bilmek üçin peýdaly bolar. Ýazgyda ýaýyň içinde özümem düşündiriş bererin. Bu wakany has gowy bilmek üçin bize şol urşa goşulan Mak Gahanyň kitaby kömekçi bolar.
Ýyl 1873, Patyşa Russiýasy Hywa hanlygyny basyp alýar. Aslynda hem Russiýa basybalyjy (imperialist) häkimiýet ýöretýärdi. Hywadan öňem gazaklary tabyn edipdi. Şonda ýygnak geçirilýär. Ýygnakda bolsa Hywa hany özüni halas etmek üçin Türkmenleri ýamanlap, olary erbet görkezýär. Bolmasa Türkmenler Hywa hanlygyny ençeme uruşdan gorapdy. Eýran howpyna garşam iň uly goraýjydy olar. Muňa garamazdan ol Türkmenleri günäkärläp olaryň hiç boýun bolmaýandyklaryny, salgyt töletmäge güýjüniň ýetmeýändigini aýtýar.
Şonda Türküstanyň general-gubernatory Kaufman (şol ýerdäki iň ulusy) Türkmenleri gysmak üçin salgydy özi almak isledi we ýomutlardan 2 hepdäniň içinde 300000 manat ýa-da 41000 fund sterling salgyt isledi. Bu ynanylmaz derejede agyrdy, Türkmenler bular ýaly agyr salgydy hijem töläp bilmeýärdi. Hemmesi baýlyklaryny goýsalaram munça zady üýşürip bilmeýärdiler. (Ýagny Türkmenler gaty agyr ýagdaýa düşýär, beýle puly görenem däldirler) Kaufman olaryň töläp bilmejegini bilýärdi (Ýörite etýärdi, Türkmenleriň nähili agyr ýagdaýa düşendigini göz öňüne getiriň) Türkmenler bolsa beýle puly töläp bilmejekdiklerini aýtýarlar, ýa-da wagt isleýärler. Ýöne Kaufman kellä goýupdy, türkmenleri mazaly mynjyradasy gelýärdi. Ana-da şol gün, ruslardan we gazaklardan döredilen goşun, ýörite jezalandyrmak üçin ýola düşýär (Mak Gahan hem bar) Şonda ruslar müňlerçe ýomut türkmeni gyrýarlar, öldürýärler. Türkmen görgüliler urşy bes etmek üçin ýüzem tutýarlar "uruşmak islämzok" diýip, ýöne şonda-da öldürýärler. Baran ýerlerini ýakyp-ýykýarlar, ençeme öýleri kül etýärler, Türkmenlere degişli ähli zady otlaýarlar. Ençeme aýal-gyz, çagalar çölde gaçyşyp başlaýarlar. (Barja-ýokja zatlaryny alyp, gap-çanak we ş.m zatlaryny alyp gaçýarlar, ýöne şonda-da ýolda köpüsi tutulýar, çagalaram ýitýär köpüsiniň) Gahanyň aýtmagyna görä ýolda yzygiderli Türkmenleriň sygyrlary, mallary çykýar eken. Gazaklar bolsa (Ol döwürler hasam erbet bolan millet, gaty uruşjaň) dälliräp çozup, ençemesini gylyçdan geçirip atypdyrlar. Hatda çozmak üçin dyzap durlar diýýär (Toba etdim) Türkmenler hem gaty erbet urşupdyr, hatda Mak Gahan hem haýran galypdyr. Aralarynda çykyp akdyryp gitýär ekenler, duýanoklaram eken. (Türkmenler hem ol döwürde garadan gaýtmaz bolan, iki esgeriň kellesini kesip gidipdirler agşam)
Umuman Türkmenler näçe jan etselerem ençemesi ölýär. Soňky uruşlarda 2.000-e ýakyn adam ölýär. Olaryň bir bölegi köle gark bolupdyr, bir bölegi bolsa, onuň töweregindäki batgalyklara batyp galypdyr. Mak Gahan bu urşa: "Bütin ýurt ot içindedi. Men henize çenli munuň ýaly urşy görmändim, beýle uruş biziň günlerimizde gaty seýrek duş gelýär" diýýär. Aslynda bu sözler nähili erbetdigini subut edýär. Bulam taryha "Gazawat gyrgynçylygy" bolup geçýär.
Indi men size düşünemok, siz näme üçin beýle rus söýgüsinde ? Bu siziň taryhy bilmeýändigiňizi aňladýar. Bu eden gyrgynçylyklaryndan diňeje biri, intek gökdepänem ýazmagam ahmal. Onda dagy 30 müň adam ölýär. Skobelew bolsa "Tekeler gara nokat, ol nokat pozulmaly" diýýär ýigrenji kişi. Şo sözlerem Türkmenlere nähili ýigrenç bilen garaýandyklaryny görkezýär. Umuman ruslaryň bize täsiri şeýle bir uly welin intägem täsirinden çykyp bilenoklar. Nädip Türkmenleri taryhdan günäkär çykarjak bolýaňyz. Şükür ediň şuwagt uruş zat ýok, häzir Russiýanyň bary maksady Sowetler ýaly uly zat gurmak. Bizi alaýsa dograrlar göni bizi. Şuwagt Ukraina urşunda bir rus tankynyň hiç zat etmedik maşyny mynjyradyşyny gördüňizmi ? Dogan diýip tanalýan ýurduny şeýdensoň biz näme. Ukraina-da edil şeýle şuwagt, öz watanlaryny goraýarlar.
Taryhy gowja okaň, seljeriň, gözleşdiriň. Bu hem size peýda, hem aňyňyzyň has anyk zat döretmegine peýda eder.
5 лайков 548 просмотров
60комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Atsyzatly
02 мар 2022, 13:49
Gazawat gyrgynçylygynda-da, Gökdepe galasynda-da, häzirki Ukrain & Rus söweşinde-de, bir ýada birnäçe adamyň eden etmişi üçin bütin halky günäkerlemek dogry bolmaz. Kaufman, Skobelew, Putin ýalylaryň etmişi üçin diňe olaryň özlerini ýazgarylmalydyr.
Atsyzatly
02 мар 2022, 13:49
Pegas,
Ýok, geregi ýok. Sag bol hormatyňa!
Leyli Amanowa
02 мар 2022, 13:51
Цитата: Atsyzatly
Pegas,
Ýok, geregi ýok. Sag bol hormatyňa!

Bolya diyiwerdä
Atsyzatly
02 мар 2022, 13:54
Nairobi,
Bolýa diýsem, ugratsa okamaly bolýana.))
Leyli Amanowa
02 мар 2022, 13:57
Atsyzatly,
menem seni oylamoklay jora saňa ugratsa senden aljak bolup özumi oylayan)
Atsyzatly
02 мар 2022, 13:59
Nairobi,
Bilýänlaý, menem içigara görüp bolamsoň, saňa bermejek bolup özüm alman oturynda.))
Leyli Amanowa
02 мар 2022, 14:00
Atsyzatly,
yopty menden beter bahyllaram bar eken name