Uruş başlady...

Russiýa düýn Ukraina uruş başlatdy. Ençeme gün bäri dowam edip gelýän çekeleşik urşa öwrüldi. Aslynda iki tarap hem serhetde taýynlyk geçirip ýördüler. Russiýa ençeme tanklaryny, müňlerçe esgerleri Ukraina göýberdi. Putin düýn agşam Ukraina uruş yglan edendigini belli etdi. Şo gün Ukrainanyň prezidenti Zelenskiý Putine jaň etse-de Putin almady. Diplomatik gatnaşyklar doly çökdi. Russiýa Ukraina 14 tarapdan çozdy. Rus goşunlary Ukraina doly girdi. Ençeme şäherlerini derrew basyp aldy. Tanklary köçelerde maşynlaryň üstünden geçip aýlanyp ýörler. Sagat 12:00 töwereklerinde Russiýa tanklary we agyr harby ulaglary Ukraina girdi. Russiýa roketalary hiç durmady. Gije-gündiz Kiýewe roketalar atyldy. Roketalar şäheriň ençeme ýerine degdi we köp binany weýran etdi. Roketalar gijäni gündize öwürdi.
Amerika tarapy ýene Ukrainany ýalňyz goýdy. Ýewropa, NATO we Amerika hiç bir zat etmedi. Diňe ýazgardylar. NATO-nyň başlygy Stoltenberg Ukraina esger göýbermejekdiklerini belli etdi. Amerika we Ýewropa tarapy uly embargo we sanksiýa etjekdiklerini aýtdylar. Ukrainanyň prezidenti Zelenskiý "Bizi ýalňyz goýdular" diýdi. Ençeme ýurt Russiýanyň bu herekedini ýazgardy. Türkiýe hem "Bu herekediň kabul edilmegi mümkin däl" diýdi. Russiýa iň soňunda Ukraina çozupdy, Ukrainany basyp almak hereketleri doly başlady.
Her uruşda bolşy ýaly ýene gynandyran wakalar bolup geçdi. Bolan ýene halka boldy. Ruslaryň harby uçarlary Ukraina-da "çekindirmek uçuşy" geçirdiler, bu halkyň gorkusyny iň soňky derejesine ýetirdi. Ençeme adamlar metrolara gizlendi. Ençeme kişi gaçmak üçin Polşa serhedine gitdi, ýollar maşynlar bilen doldy. Maşynlaryň yzy üzülenokdy. Ukrainanyň hökümeti 137 ynsanyň ölendigini, olaryň 2-siniň çagadygyny aýtdy. Kakasyny urşa ugratjak bolup duran kiçijek gyzyň ahy-nalasy gaty gynandyrdy. Ýesir alynan rus esgerlerem boldy. Russiýa Ukraina esgerlerine "tabyn bol" duýduryşy berdi. Garşylyk görkezmedige zat diýilmejekdigini aýtdy. Zelenskiý bolsa eli ýarag tutup bilýän hemme kişä ýarag beriljekdigini aýtdy. Ukrainadan gaçyş dowam edýär.
Käbir rus uçarlary düşürildi. Russiýa ençeme agyr ýaraglaryny we roketalaryny ulandy, yzygiderli roketalar atyldy we şäherlere baryp düşdi. Käbir žurnalistler göni ýaýlymda şaýat boldy bu zatlara. Zelenskiý bolsa "Nyşan men, ikinji nyşan bolsa maşgalam" diýdi. Ol Ukraina halkynyň ýurduny goramalydygyny aýtdy.
Ruslar hemme kada-kanuny bozdy. Rus esgerleri şu gün Çernobili alypdy. Kiýewiň gapylaryna ýetdi. Türkiýäniň prezidenti Ärdogan "Ýewropa döwletleri ýene ýalňyz goýdy. Diňe nesihat berýärler. Bu nesihatlar bilen hiç ýerik baryp bolanok, NATO-nyň has uly bir ädim ätmegi gerekdi" diýdi. Häzir hemme liderler ýygnakda. Şu gün 5-de NATO liderler ýygnagy hem bolup geçdi. Nähili karar çykjagy doly belli däl. Uruş bolsa dowam edip dur.
11 лайков 565 просмотров
89комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
25 фев 2022, 19:18
Woý blýa atya2
Maksat
25 фев 2022, 19:19
Bu hic. Habarlary gorunda pzde erbet
ýüreksözi
25 фев 2022, 19:19
şol urşa gatnaşýan ýigitlere zalko pahyrlar
Hanguly
Автор 25 фев 2022, 19:21
Keaip_begcon,
Wideolary görseň hasam birhilek bolýaň.
Yshs
25 фев 2022, 19:21
[/s]ýüreksözi,
Öñki dövür galdymaý esger iberşip ýörenoklar kän diñe rocketa
Hanguly
Автор 25 фев 2022, 19:22
Цитата: ýüreksözi
şol urşa gatnaşýan ýigitlere zalko pahyrlar

Ukrainaň esger sistemasy çökdi paçti, halkdan alynyp otyr adam gaty erbetdä...
Yshs
25 фев 2022, 19:26
Wlad,
Ukraina şoll 3.4 sany yurt kömek etse ukraina ýeñerdimi??
Mona Lisa
25 фев 2022, 19:29
Goňşymyzyň 2 gyzy Ukrainada okap ýör. Gynandyrýar hakykatdanam. Talyplarada ýarag berilermikä?
Ötegçi
25 фев 2022, 19:30
Talyplar näme işleýärkä?! (Biziñkiler-ä geldi, şonça gelaypdirler)
Mona Lisa
25 фев 2022, 19:31
1mugallymyň gyz jigisem şol ýerde ola ýaş 2001 ýyl gyzdy :((
Hudaý saklasyn hakykatdanam habarlary eşitseň wideolaryny gorkezip dur, Ukrainanyň ilaty goşyny duwup ýollarda gezip ýörler jaýlaryna bomba düşen :((
Hanguly
Автор 25 фев 2022, 19:31
Цитата: ꧁۞BINAMYS۞꧂
Wlad,
Ukraina şoll 3.4 sany yurt kömek etse ukraina ýeñerdimi??

Gep ýeňmek däl, diňe alyp çykmak. Mallar şonam edip bilmedi gaharym gelýär. Her ýurt diňe 3 müň sany esgerinem göýberen bolsa goranyp bilerlerdi. Ýalňyz goýdy diýýärä. Ýo halkam hiç zat edenok, ne direniş bar ne gozgalaň.
noname
25 фев 2022, 19:31
Birtopar Mesler... sowesh
Ötegçi
25 фев 2022, 19:31
Ukraina ýeñermi 10 ýurt komek etse de ýeñmez. Ilki hetdiñi bilmeli?!
Mona Lisa
25 фев 2022, 19:31
Цитата: Ötegçi
Talyplar näme işleýärkä?! (Biziñkiler-ä geldi, şonça gelaypdirler)

siziňkiler diyende öz garyndaşlaryňyzmy ýa wes turkmen alypdyrmy talyplaryny?
Hanguly
Автор 25 фев 2022, 19:32
Цитата: Mona Lisa
Goňşymyzyň 2 gyzy Ukrainada okap ýör. Gynandyrýar hakykatdanam. Talyplarada ýarag berilermikä?

Gaty köp Türkmen bolmala ol ýerde. Habarlarda görkezip durdy müňlerçe talyp gaçyp barýar. Ýarag tutup bilýäne, ýagny isläne berilýär. Ukraina-da "hökmany harbylyk" ýok biziňki ýaly.
ýüreksözi
25 фев 2022, 19:33
Wlad,
waheý innä hasam gynandym oňşup ýaşaberseler bolmaýamyka bulaňky bir iki at depişer arasynda eşek diýen ýaly bolýa
Ötegçi
25 фев 2022, 19:33
Цитата: Mona Lisa
Цитата: Ötegçi
Talyplar näme işleýärkä?! (Biziñkiler-ä geldi, şonça gelaypdirler)

siziňkiler diyende öz garyndaşlaryňyzmy ýa wes turkmen alypdyrmy talyplaryny?

Dwaýurny doganym bardy şoña diyyanle... dözmedim talyp çagalara olara has kyndyr
#B.S
25 фев 2022, 19:34
Цитата: danger
Birtopar Mesler... sowesh

arak menyaly ;)))
Mona Lisa
25 фев 2022, 19:34
Цитата: Ötegçi
Ukraina ýeñermi 10 ýurt komek etse de ýeñmez. Ilki hetdiñi bilmeli?!

Hakyky. Ukrainanyň Prezidentinden hemme zat, halkynam oylamady, gör ana Belarusiya Russiya bilen agzybir bolup özune edilen gozgolaňlardanam baş alyp çykdy. Lukaşenkonyň ustune dildöwşuk geçirilendede Putinden komek alyp şonam ýatyrdy
ýüreksözi
25 фев 2022, 19:34
꧁۞BINAMYS۞꧂,
Aý onnada ölmedi diýende 10 adama öler iki ýurtdanam
Yshs
25 фев 2022, 19:34
Ýer şarynyñ iñ uly yerli yurt bolubam ýene ýer gerek diyyarmay
Hanguly
Автор 25 фев 2022, 19:34
Цитата: Ötegçi
Ukraina ýeñermi 10 ýurt komek etse de ýeñmez. Ilki hetdiñi bilmeli?!

Hetdiňi bilmelimi ? Ilki bilen Ukrainaň lideri hakyky bir lider. Seniň diýşiň ýaly çaga-çuga meselesi däl bu syýasat. Gurjagy bolmaly bolýar Russiýaň, näme diýse şony etmeli bolýar. Şonuň üçin hökümet mundan ýadap Günbatar tarapy saýlady. Halkam ýigrenýär ruslary Donbas töwerekleri diýäýmeseň. Habarlada görmediňmi bir aýal Rus esgerine "Biziň topragymyz näme işiňiz bar?" diýip dur. 10 ýurt kömek etse ýatyrýarlar Russiýany.
Ötegçi
25 фев 2022, 19:34
Wlad,
Bizd ehokmany harbylyk barmy name?!
Mona Lisa
25 фев 2022, 19:36
Erbet boldum bulary eşidip obadada näden adamlaryň çagalary şol ýerde... indi olar näme etmeli:((...... bar zat Ukrainadan çenini bilibermelidi, onsuz öň urşup näme gördi diysene
Hanguly
Автор 25 фев 2022, 19:37
Цитата: Mona Lisa
1mugallymyň gyz jigisem şol ýerde ola ýaş 2001 ýyl gyzdy :((
Hudaý saklasyn hakykatdanam habarlary eşitseň wideolaryny gorkezip dur, Ukrainanyň ilaty goşyny duwup ýollarda gezip ýörler jaýlaryna bomba düşen :((

Wah çagalara diý sen, iki sany ölüpdir. Intek başlap-başlamanka.
Mona Lisa
25 фев 2022, 19:37
Цитата: ꧁۞BINAMYS۞꧂
Ýer şarynyñ iñ uly yerli yurt bolubam ýene ýer gerek diyyarmay

Gep Onda däl, Ukraina çenini bilenok, Putine garşy gidip dur. Şol düşünişmezlikleri parahatlyk bilenem çözip bilerdiler
Ötegçi
25 фев 2022, 19:37
Wlad, gurjagy bolup name eder oydyañ?!. Bolsa Putiniñ gurjagy bolar da. Ol haćandan bari syýasatyñ içinde. Biderek ýer olyar adamlar. Meselem sen Ardogan?! Ugratjakmy soldat! Yok men ugratmazdym. Gelmejek bela elimi bulap namedeyin.
Hanguly
Автор 25 фев 2022, 19:38
Цитата: danger
Birtopar Mesler... sowesh

Putin mes, şeýlebir zalym liderdä mesligi ýüzüni hyrsyzlaşdyrypdyr betbagt kişi...
Ötegçi
25 фев 2022, 19:39
"Magtymguly güýçli bilen dalaşmañ"
Mona Lisa
25 фев 2022, 19:39
Цитата: Wlad
Цитата: Mona Lisa
1mugallymyň gyz jigisem şol ýerde ola ýaş 2001 ýyl gyzdy :((
Hudaý saklasyn hakykatdanam habarlary eşitseň wideolaryny gorkezip dur, Ukrainanyň ilaty goşyny duwup ýollarda gezip ýörler jaýlaryna bomba düşen :((

Wah çagalara diý sen, iki sany ölüpdir. Intek başlap-başlamanka.

Şony aýdyň 137 adam häli urşuň başynda öldi, ýene gör näçesiniň olumune sebäp bolar bular. Bir ýandan Korona, häli Owganlaryň meselesiniň ýapylanynada, Gazaklaryň urşunada kop wagt bolmady ýogsa :(