Uruş başlady...

Russiýa düýn Ukraina uruş başlatdy. Ençeme gün bäri dowam edip gelýän çekeleşik urşa öwrüldi. Aslynda iki tarap hem serhetde taýynlyk geçirip ýördüler. Russiýa ençeme tanklaryny, müňlerçe esgerleri Ukraina göýberdi. Putin düýn agşam Ukraina uruş yglan edendigini belli etdi. Şo gün Ukrainanyň prezidenti Zelenskiý Putine jaň etse-de Putin almady. Diplomatik gatnaşyklar doly çökdi. Russiýa Ukraina 14 tarapdan çozdy. Rus goşunlary Ukraina doly girdi. Ençeme şäherlerini derrew basyp aldy. Tanklary köçelerde maşynlaryň üstünden geçip aýlanyp ýörler. Sagat 12:00 töwereklerinde Russiýa tanklary we agyr harby ulaglary Ukraina girdi. Russiýa roketalary hiç durmady. Gije-gündiz Kiýewe roketalar atyldy. Roketalar şäheriň ençeme ýerine degdi we köp binany weýran etdi. Roketalar gijäni gündize öwürdi.
Amerika tarapy ýene Ukrainany ýalňyz goýdy. Ýewropa, NATO we Amerika hiç bir zat etmedi. Diňe ýazgardylar. NATO-nyň başlygy Stoltenberg Ukraina esger göýbermejekdiklerini belli etdi. Amerika we Ýewropa tarapy uly embargo we sanksiýa etjekdiklerini aýtdylar. Ukrainanyň prezidenti Zelenskiý "Bizi ýalňyz goýdular" diýdi. Ençeme ýurt Russiýanyň bu herekedini ýazgardy. Türkiýe hem "Bu herekediň kabul edilmegi mümkin däl" diýdi. Russiýa iň soňunda Ukraina çozupdy, Ukrainany basyp almak hereketleri doly başlady.
Her uruşda bolşy ýaly ýene gynandyran wakalar bolup geçdi. Bolan ýene halka boldy. Ruslaryň harby uçarlary Ukraina-da "çekindirmek uçuşy" geçirdiler, bu halkyň gorkusyny iň soňky derejesine ýetirdi. Ençeme adamlar metrolara gizlendi. Ençeme kişi gaçmak üçin Polşa serhedine gitdi, ýollar maşynlar bilen doldy. Maşynlaryň yzy üzülenokdy. Ukrainanyň hökümeti 137 ynsanyň ölendigini, olaryň 2-siniň çagadygyny aýtdy. Kakasyny urşa ugratjak bolup duran kiçijek gyzyň ahy-nalasy gaty gynandyrdy. Ýesir alynan rus esgerlerem boldy. Russiýa Ukraina esgerlerine "tabyn bol" duýduryşy berdi. Garşylyk görkezmedige zat diýilmejekdigini aýtdy. Zelenskiý bolsa eli ýarag tutup bilýän hemme kişä ýarag beriljekdigini aýtdy. Ukrainadan gaçyş dowam edýär.
Käbir rus uçarlary düşürildi. Russiýa ençeme agyr ýaraglaryny we roketalaryny ulandy, yzygiderli roketalar atyldy we şäherlere baryp düşdi. Käbir žurnalistler göni ýaýlymda şaýat boldy bu zatlara. Zelenskiý bolsa "Nyşan men, ikinji nyşan bolsa maşgalam" diýdi. Ol Ukraina halkynyň ýurduny goramalydygyny aýtdy.
Ruslar hemme kada-kanuny bozdy. Rus esgerleri şu gün Çernobili alypdy. Kiýewiň gapylaryna ýetdi. Türkiýäniň prezidenti Ärdogan "Ýewropa döwletleri ýene ýalňyz goýdy. Diňe nesihat berýärler. Bu nesihatlar bilen hiç ýerik baryp bolanok, NATO-nyň has uly bir ädim ätmegi gerekdi" diýdi. Häzir hemme liderler ýygnakda. Şu gün 5-de NATO liderler ýygnagy hem bolup geçdi. Nähili karar çykjagy doly belli däl. Uruş bolsa dowam edip dur.
11 лайков 565 просмотров
89комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
25 фев 2022, 20:05
Indi näme bolarka?!
Гость
25 фев 2022, 20:06
"Gapydan tapsaň töre geçme" diýen nakylyň manysyna indi'hä düşünendir Zelenski
noname
25 фев 2022, 20:08
Orslardan ölýan ýokmyka
ýüreksözi
25 фев 2022, 20:09
danger,
olar nä dälmi elbetde öländir ýöne bu ýagdaý Putin ün jorap ýitirençe däldirlaý
Hiayress
25 фев 2022, 20:10
danger,
Ýok. Olaryň esgerleriniň hemmesi Koşşeý diýýär.
Hanguly
Автор 25 фев 2022, 20:11
Şuwagt gördüňizmi ? 13 sany Ukraina esgerine tabyn bol diýipdirler welin 13-sem tabyn bolmandyr, bombalap öldüripdirler. Ukraina hökümeti gahryman yglan etjekdiklerini aýtdy olary. Jana, görýäňmi halasalardy tabyn bolarlardy, Russiýany gaty ýigrenýärler.
Hanguly
Автор 25 фев 2022, 20:13
Ukraina 1000 sany rus esgerini öldürendigini aýtdy. Ençeme tanklary we uçarlary düşürildi. Ençeme rus esgerleri ýesir alyndy. Birtopar tanklary we merkezleri bombalandy. Ukraina TB-2 uçarlary bilen ençeme rus esgerlerini bombalap öldürdi. Zelenskiý esger eşik geýip fronta gitdi.

Iň soňky habarlar ine, aýdypdym berk goranar diýip.
Hanguly
Автор 25 фев 2022, 20:14
Цитата: Mona Lisa
Цитата: Wlad
Цитата: Mona Lisa
Цитата: Wlad
Цитата: Mona Lisa

Howa olam öziniň güçlidigini görkezjek bolyar. Nebir gunasiz çagalaryň gözýaşlaryna, gan dökenine degýärmikä şol 2sany akmak baştutanlaryň özärä problemasy

Russiýanyň gaty oýny kän hemme ýerde-de. Sen Siriýany bombalaýşyny gördüňmi ? Aglarsyň ulaldamok gynanyp AGLARSYŇ. Kiçijek çagalaryň ganly ýüzüni süpürişi, kömek et şeklindäki naçarja ýüzi... Zalym diýip ýöne-ýere aýdamok Russiýa.

Gaýta Siriýany teroristlerden arassalan Russiya boldy dälmi-nä?

Russiýa kanallaryny köp görýäňiz öýtýän. Resmi şekilde şeýle, aslynda welin gaty başga. Bolman bir sebäp geregä girmäne. Terrorçylardan arassalaýarmyş, gaýta öňküden köp bolaýmasa şuwagt.

Howa pastiyana rus kanallar. Siz nirden eşityäňiz muny Wlad?

Türk kanallar, KARA-KUTU, Independent we BBC Türkçe, DW, Euronews.
Ötegçi
25 фев 2022, 20:15
Цитата: Wlad
Ukraina hökümeti gahryman yglan etjekdiklerini aýtdy olary. Jana, görýäňmi halasalardy tabyn bolarlardy, Russiýany gaty ýigrenýärler.


dodak çowrup duran smaylik.

namesini yigrenyaler
Bägül
25 фев 2022, 20:17
Halkyň ýagdaýy gaty gynandyryjy :(
Hiayress
25 фев 2022, 20:18
Цитата: Ötegçi
Цитата: Wlad
Ukraina hökümeti gahryman yglan etjekdiklerini aýtdy olary. Jana, görýäňmi halasalardy tabyn bolarlardy, Russiýany gaty ýigrenýärler.


dodak çowrup duran smaylik.

namesini yigrenyaler


Birek-biregi ýigrenýän bolsalar14-nji fewralda söýgüliler gününem bellän däldirler. ☹️
Ötegçi
25 фев 2022, 20:21
Bellemeseler bellemänmişlerdä 8nji martda gownini alarda rus ukrayiniñ:)
Ötegçi
25 фев 2022, 20:22
Belkä 8marta galman şpba şupba bolsunlar wln nabileyinda. Zelinski çyndanam lyk etdi
Ötegçi
25 фев 2022, 20:23
Цитата: Гость
"Gapydan tapsaň töre geçme" diýen nakylyň manysyna indi'hä düşünendir Zelenski


Düşinmese jañ etmanjik geçerdi
Hiayress
25 фев 2022, 20:24
Ötegçi,
Bütindünýä eneler gününde diýýäňmi?!))
Leyli Amanowa
25 фев 2022, 20:46
Diyyänä Putini şu yere getirmeli "adam" edip goybererdiňiz obaly
Mona Lisa
25 фев 2022, 20:54
Цитата: Nairobi
Diyyänä Putini şu yere getirmeli "adam" edip goybererdiňiz obaly

Zeleniskä gynandym ýene, nebir owadan oglan :(((
#B.S
25 фев 2022, 21:01
Цитата: Mona Lisa
Цитата: Nairobi
Diyyänä Putini şu yere getirmeli "adam" edip goybererdiňiz obaly

Zeleniskä gynandym ýene, nebir owadan oglan :(((

putinin yash wagty chenli daldey :)))
Leyli Amanowa
25 фев 2022, 21:25
Mona Lisa,
sen-ä oglan diyibem öljek swist
Ötegçi
25 фев 2022, 21:41
Цитата: Nairobi
Mona Lisa,
sen-ä oglan diyibem öljek swist


Ölüp duray ýok beh waak
Ötegçi
25 фев 2022, 21:42
*durasy
Leyli Amanowa
25 фев 2022, 21:48
Ötegçi,
bolya yakamy goywer
Ötegçi
25 фев 2022, 22:11
Цитата: Nairobi
Ötegçi,
bolya yakamy goywer

ýok ýakany nadip tutup nadip goywermeli shlyapa
DonMaxx
25 фев 2022, 22:35
Цитата: Nairobi
Ötegçi,
bolya yakamy goywer

yuregi uytgetme ufff
Leyli Amanowa
25 фев 2022, 22:47
DonMaxx,
hä?
Leyli Amanowa
25 фев 2022, 22:47
Ötegçi,
yakasyz köynek geymerinä
DonMaxx
25 фев 2022, 22:56
Nairobi,
hic zat
Mona Lisa
26 фев 2022, 14:18
Цитата: Nairobi
Mona Lisa,
sen-ä oglan diyibem öljek swist

Oglan diyip däl, Prezident diyip öljek diysene) tureshek
Mona Lisa
26 фев 2022, 14:19
Цитата: Khanture
Цитата: Mona Lisa
Цитата: Nairobi
Diyyänä Putini şu yere getirmeli "adam" edip goybererdiňiz obaly

Zeleniskä gynandym ýene, nebir owadan oglan :(((

putinin yash wagty chenli daldey :)))

Ýogeý Putiniň ýaşlygyndan garrylygy owadan, ýaş wagty süňk ekenä ol gelşigi dagy ýok))