Uruş başlady...

Russiýa düýn Ukraina uruş başlatdy. Ençeme gün bäri dowam edip gelýän çekeleşik urşa öwrüldi. Aslynda iki tarap hem serhetde taýynlyk geçirip ýördüler. Russiýa ençeme tanklaryny, müňlerçe esgerleri Ukraina göýberdi. Putin düýn agşam Ukraina uruş yglan edendigini belli etdi. Şo gün Ukrainanyň prezidenti Zelenskiý Putine jaň etse-de Putin almady. Diplomatik gatnaşyklar doly çökdi. Russiýa Ukraina 14 tarapdan çozdy. Rus goşunlary Ukraina doly girdi. Ençeme şäherlerini derrew basyp aldy. Tanklary köçelerde maşynlaryň üstünden geçip aýlanyp ýörler. Sagat 12:00 töwereklerinde Russiýa tanklary we agyr harby ulaglary Ukraina girdi. Russiýa roketalary hiç durmady. Gije-gündiz Kiýewe roketalar atyldy. Roketalar şäheriň ençeme ýerine degdi we köp binany weýran etdi. Roketalar gijäni gündize öwürdi.
Amerika tarapy ýene Ukrainany ýalňyz goýdy. Ýewropa, NATO we Amerika hiç bir zat etmedi. Diňe ýazgardylar. NATO-nyň başlygy Stoltenberg Ukraina esger göýbermejekdiklerini belli etdi. Amerika we Ýewropa tarapy uly embargo we sanksiýa etjekdiklerini aýtdylar. Ukrainanyň prezidenti Zelenskiý "Bizi ýalňyz goýdular" diýdi. Ençeme ýurt Russiýanyň bu herekedini ýazgardy. Türkiýe hem "Bu herekediň kabul edilmegi mümkin däl" diýdi. Russiýa iň soňunda Ukraina çozupdy, Ukrainany basyp almak hereketleri doly başlady.
Her uruşda bolşy ýaly ýene gynandyran wakalar bolup geçdi. Bolan ýene halka boldy. Ruslaryň harby uçarlary Ukraina-da "çekindirmek uçuşy" geçirdiler, bu halkyň gorkusyny iň soňky derejesine ýetirdi. Ençeme adamlar metrolara gizlendi. Ençeme kişi gaçmak üçin Polşa serhedine gitdi, ýollar maşynlar bilen doldy. Maşynlaryň yzy üzülenokdy. Ukrainanyň hökümeti 137 ynsanyň ölendigini, olaryň 2-siniň çagadygyny aýtdy. Kakasyny urşa ugratjak bolup duran kiçijek gyzyň ahy-nalasy gaty gynandyrdy. Ýesir alynan rus esgerlerem boldy. Russiýa Ukraina esgerlerine "tabyn bol" duýduryşy berdi. Garşylyk görkezmedige zat diýilmejekdigini aýtdy. Zelenskiý bolsa eli ýarag tutup bilýän hemme kişä ýarag beriljekdigini aýtdy. Ukrainadan gaçyş dowam edýär.
Käbir rus uçarlary düşürildi. Russiýa ençeme agyr ýaraglaryny we roketalaryny ulandy, yzygiderli roketalar atyldy we şäherlere baryp düşdi. Käbir žurnalistler göni ýaýlymda şaýat boldy bu zatlara. Zelenskiý bolsa "Nyşan men, ikinji nyşan bolsa maşgalam" diýdi. Ol Ukraina halkynyň ýurduny goramalydygyny aýtdy.
Ruslar hemme kada-kanuny bozdy. Rus esgerleri şu gün Çernobili alypdy. Kiýewiň gapylaryna ýetdi. Türkiýäniň prezidenti Ärdogan "Ýewropa döwletleri ýene ýalňyz goýdy. Diňe nesihat berýärler. Bu nesihatlar bilen hiç ýerik baryp bolanok, NATO-nyň has uly bir ädim ätmegi gerekdi" diýdi. Häzir hemme liderler ýygnakda. Şu gün 5-de NATO liderler ýygnagy hem bolup geçdi. Nähili karar çykjagy doly belli däl. Uruş bolsa dowam edip dur.
11 лайков 565 просмотров
89комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hanguly
Автор 25 фев 2022, 19:40
Цитата: ýüreksözi
Wlad,
waheý innä hasam gynandym oňşup ýaşaberseler bolmaýamyka bulaňky bir iki at depişer arasynda eşek diýen ýaly bolýa

Politika diýilýär welin hemme zada Russiýa günäkär aslynda, halk zat diýip diňlänok ýagdyryp otyr roketa, häzir pikir et agşam roketa ýagýar topragyňa, nähili bolardy. Umuman Russiýanyň uly meselede oýnaýar şuwagt.
Ötegçi
25 фев 2022, 19:41
Bir wideo bardy: özä bir kicjik gurji gujik, baryp a:ta topulan bolyar. Atam 1 çydaýar 2 çydaýar artky aýaklary bn wañkyrdyp, zyñyp goyberyar gujigi. Şo yadyma dusdi, ukrayin bn rusyñ ursynda
Hanguly
Автор 25 фев 2022, 19:41
Цитата: Mona Lisa
Цитата: Ötegçi
Ukraina ýeñermi 10 ýurt komek etse de ýeñmez. Ilki hetdiñi bilmeli?!

Hakyky. Ukrainanyň Prezidentinden hemme zat, halkynam oylamady, gör ana Belarusiya Russiya bilen agzybir bolup özune edilen gozgolaňlardanam baş alyp çykdy. Lukaşenkonyň ustune dildöwşuk geçirilendede Putinden komek alyp şonam ýatyrdy

Lukaşenkonyň işi gaýtdy, halky kesjek bolup dur şo sebäpli Russiýanyň tarapynda. Halky halaýandyr öýtýäňmi Lukaşenkony ? Itden beter ýigrenýär, gozgalaň oýnamana boldumy öňüräk ? Näme bolsada beýdip bir ýurdyň topragyna ýarag sokmaly däldi.
Mona Lisa
25 фев 2022, 19:42
Цитата: Wlad
Цитата: danger
Birtopar Mesler... sowesh

Putin mes, şeýlebir zalym liderdä mesligi ýüzüni hyrsyzlaşdyrypdyr betbagt kişi...

Howa olam öziniň güçlidigini görkezjek bolyar. Nebir gunasiz çagalaryň gözýaşlaryna, gan dökenine degýärmikä şol 2sany akmak baştutanlaryň özärä problemasy
Hanguly
Автор 25 фев 2022, 19:42
Цитата: ꧁۞BINAMYS۞꧂
Ýer şarynyñ iñ uly yerli yurt bolubam ýene ýer gerek diyyarmay

Imperialistda, bir günä hasap bermeli bolar edenleri üçin.
Hanguly
Автор 25 фев 2022, 19:43
Ötegçi,
Hawwa, gulluga hökman alynýaňa, "gitjek däl" diýip bileňoga.
Mona Lisa
25 фев 2022, 19:44
Цитата: Wlad
Цитата: Mona Lisa
Цитата: Ötegçi
Ukraina ýeñermi 10 ýurt komek etse de ýeñmez. Ilki hetdiñi bilmeli?!

Hakyky. Ukrainanyň Prezidentinden hemme zat, halkynam oylamady, gör ana Belarusiya Russiya bilen agzybir bolup özune edilen gozgolaňlardanam baş alyp çykdy. Lukaşenkonyň ustune dildöwşuk geçirilendede Putinden komek alyp şonam ýatyrdy

Lukaşenkonyň işi gaýtdy, halky kesjek bolup dur şo sebäpli Russiýanyň tarapynda. Halky halaýandyr öýtýäňmi Lukaşenkony ? Itden beter ýigrenýär, gozgalaň oýnamana boldumy öňüräk ? Näme bolsada beýdip bir ýurdyň topragyna ýarag sokmaly däldi.

Dogry ýöne Lukaşenkonyň üstüne şeyle gozgalaňy eden Amerika dälmi eýsem?
Hanguly
Автор 25 фев 2022, 19:45
Цитата: Mona Lisa
Цитата: ꧁۞BINAMYS۞꧂
Ýer şarynyñ iñ uly yerli yurt bolubam ýene ýer gerek diyyarmay

Gep Onda däl, Ukraina çenini bilenok, Putine garşy gidip dur. Şol düşünişmezlikleri parahatlyk bilenem çözip bilerdiler

Ilki bilen Zelenskiý çenini biler ýaly Russiýa kim ? Hukugy barmy bir ýurda girmäne ? Bir ýurt garaşsyz bolsa islendik syýasat ýöredip biler, Russiýanyňky bu ýerdr Ukrainany ýitirmezlik, bulam nädogry zat hukuk taýdan, onsaň nädip Zelenskiý günäkär ?
Hanguly
Автор 25 фев 2022, 19:46
Цитата: Ötegçi
Wlad, gurjagy bolup name eder oydyañ?!. Bolsa Putiniñ gurjagy bolar da. Ol haćandan bari syýasatyñ içinde. Biderek ýer olyar adamlar. Meselem sen Ardogan?! Ugratjakmy soldat! Yok men ugratmazdym. Gelmejek bela elimi bulap namedeyin.

Mesele ol däl, mesele ýurduňy goramak, arassa syýasat ýöretmek, her meselesine goşulýar Russiýa. Eger NATO karara gelen bolsady Türkem ugradardy başgalaram.
Mona Lisa
25 фев 2022, 19:47
Цитата: Wlad
Цитата: Mona Lisa
Цитата: ꧁۞BINAMYS۞꧂
Ýer şarynyñ iñ uly yerli yurt bolubam ýene ýer gerek diyyarmay

Gep Onda däl, Ukraina çenini bilenok, Putine garşy gidip dur. Şol düşünişmezlikleri parahatlyk bilenem çözip bilerdiler

Ilki bilen Zelenskiý çenini biler ýaly Russiýa kim ? Hukugy barmy bir ýurda girmäne ? Bir ýurt garaşsyz bolsa islendik syýasat ýöredip biler, Russiýanyňky bu ýerdr Ukrainany ýitirmezlik, bulam nädogry zat hukuk taýdan, onsaň nädip Zelenskiý günäkär ?

Putin bärde öňki SSSR-ň düzümindäki döwletlere agalyk etjek bolýamy?
Hanguly
Автор 25 фев 2022, 19:48
Цитата: Mona Lisa
Цитата: Wlad
Цитата: danger
Birtopar Mesler... sowesh

Putin mes, şeýlebir zalym liderdä mesligi ýüzüni hyrsyzlaşdyrypdyr betbagt kişi...

Howa olam öziniň güçlidigini görkezjek bolyar. Nebir gunasiz çagalaryň gözýaşlaryna, gan dökenine degýärmikä şol 2sany akmak baştutanlaryň özärä problemasy

Russiýanyň gaty oýny kän hemme ýerde-de. Sen Siriýany bombalaýşyny gördüňmi ? Aglarsyň ulaldamok gynanyp AGLARSYŇ. Kiçijek çagalaryň ganly ýüzüni süpürişi, kömek et şeklindäki naçarja ýüzi... Zalym diýip ýöne-ýere aýdamok Russiýa.
seyis
25 фев 2022, 19:48
Wlad,
Putin zalym diktatormy siziñ pikirñizçe!?
Hanguly
Автор 25 фев 2022, 19:49
Цитата: Mona Lisa
Цитата: Wlad
Цитата: Mona Lisa
Цитата: Ötegçi
Ukraina ýeñermi 10 ýurt komek etse de ýeñmez. Ilki hetdiñi bilmeli?!

Hakyky. Ukrainanyň Prezidentinden hemme zat, halkynam oylamady, gör ana Belarusiya Russiya bilen agzybir bolup özune edilen gozgolaňlardanam baş alyp çykdy. Lukaşenkonyň ustune dildöwşuk geçirilendede Putinden komek alyp şonam ýatyrdy

Lukaşenkonyň işi gaýtdy, halky kesjek bolup dur şo sebäpli Russiýanyň tarapynda. Halky halaýandyr öýtýäňmi Lukaşenkony ? Itden beter ýigrenýär, gozgalaň oýnamana boldumy öňüräk ? Näme bolsada beýdip bir ýurdyň topragyna ýarag sokmaly däldi.

Dogry ýöne Lukaşenkonyň üstüne şeyle gozgalaňy eden Amerika dälmi eýsem?

Ýok, halk hemme zady bilýärä, gozgalaň eden halk. Amerikaň goşulanda-da halk mamla bolýar bu ýerde. Eýýäm näçe ýyl boldy oturanyna.
ýüreksözi
25 фев 2022, 19:50
Wlad,
Hudaý saklawersineý asuda, bitarap ýurtda ýaşaýandygymada şükür
Hanguly
Автор 25 фев 2022, 19:51
Цитата: Mona Lisa
Цитата: Wlad
Цитата: Mona Lisa
Цитата: ꧁۞BINAMYS۞꧂
Ýer şarynyñ iñ uly yerli yurt bolubam ýene ýer gerek diyyarmay

Gep Onda däl, Ukraina çenini bilenok, Putine garşy gidip dur. Şol düşünişmezlikleri parahatlyk bilenem çözip bilerdiler

Ilki bilen Zelenskiý çenini biler ýaly Russiýa kim ? Hukugy barmy bir ýurda girmäne ? Bir ýurt garaşsyz bolsa islendik syýasat ýöredip biler, Russiýanyňky bu ýerdr Ukrainany ýitirmezlik, bulam nädogry zat hukuk taýdan, onsaň nädip Zelenskiý günäkär ?

Putin bärde öňki SSSR-ň düzümindäki döwletlere agalyk etjek bolýamy?

Şeýä diýýärler, ýöne ony edäýse ondaň sesini çykarman durmazlar. Hökman uly uruş başlar. Tembol Amerika bişip durandyr şuwagt bildirmesede. Dünýä 5-den uly. Kim ol Sowetleri gurar ýaly, dagadyp taşlarlarda. Indi öňki sistema ýok.
Belki
25 фев 2022, 19:52
Bigünä halka gynanýan-laý :(
Hanguly
Автор 25 фев 2022, 19:53
Цитата: seyis
Wlad,
Putin zalym diktatormy siziñ pikirñizçe!?

Elbetde. Muny hemme ýerde subut edip bolýar. Diňe propagandasy güýçli, şo sebäpli ýapýar eden zatlaryny. Öňüräk Türkiň 37 sany esgerini öldürmedimi, ÝPG etdi diýen boldy. ÝPG bolsada arkasynda ýokdyr öýtýäňmi Russiýa, ÝPG kim 37 sany esgeri öldürip biler ýaly.
Mona Lisa
25 фев 2022, 19:53
Цитата: Wlad
Цитата: Mona Lisa
Цитата: Wlad
Цитата: danger
Birtopar Mesler... sowesh

Putin mes, şeýlebir zalym liderdä mesligi ýüzüni hyrsyzlaşdyrypdyr betbagt kişi...

Howa olam öziniň güçlidigini görkezjek bolyar. Nebir gunasiz çagalaryň gözýaşlaryna, gan dökenine degýärmikä şol 2sany akmak baştutanlaryň özärä problemasy

Russiýanyň gaty oýny kän hemme ýerde-de. Sen Siriýany bombalaýşyny gördüňmi ? Aglarsyň ulaldamok gynanyp AGLARSYŇ. Kiçijek çagalaryň ganly ýüzüni süpürişi, kömek et şeklindäki naçarja ýüzi... Zalym diýip ýöne-ýere aýdamok Russiýa.

Gaýta Siriýany teroristlerden arassalan Russiya boldy dälmi-nä?
Ötegçi
25 фев 2022, 19:53
Цитата: Belki
Bigünä halka gynanýan-laý :(

Menem....
seyis
25 фев 2022, 19:53
Цитата: ýüreksözi
Wlad,
Hudaý saklawersineý asuda, bitarap ýurtda ýaşaýandygymada şükür

Russia BMGny àsgerenok bitaraplygy wapshe àsgerenok NATO ny àsgerenok
Ötegçi
25 фев 2022, 19:53
Nace garry nace çaga naçe hassa yatan bardyr....
Mona Lisa
25 фев 2022, 19:55
Цитата: Ötegçi
Nace garry nace çaga naçe hassa yatan bardyr....

Şol sanda daşary yurtdan baran naçar talyplar. :((
Hanguly
Автор 25 фев 2022, 19:56
Цитата: Mona Lisa
Цитата: Wlad
Цитата: Mona Lisa
Цитата: Wlad
Цитата: danger
Birtopar Mesler... sowesh

Putin mes, şeýlebir zalym liderdä mesligi ýüzüni hyrsyzlaşdyrypdyr betbagt kişi...

Howa olam öziniň güçlidigini görkezjek bolyar. Nebir gunasiz çagalaryň gözýaşlaryna, gan dökenine degýärmikä şol 2sany akmak baştutanlaryň özärä problemasy

Russiýanyň gaty oýny kän hemme ýerde-de. Sen Siriýany bombalaýşyny gördüňmi ? Aglarsyň ulaldamok gynanyp AGLARSYŇ. Kiçijek çagalaryň ganly ýüzüni süpürişi, kömek et şeklindäki naçarja ýüzi... Zalym diýip ýöne-ýere aýdamok Russiýa.

Gaýta Siriýany teroristlerden arassalan Russiya boldy dälmi-nä?

Russiýa kanallaryny köp görýäňiz öýtýän. Resmi şekilde şeýle, aslynda welin gaty başga. Bolman bir sebäp geregä girmäne. Terrorçylardan arassalaýarmyş, gaýta öňküden köp bolaýmasa şuwagt.
Ötegçi
25 фев 2022, 19:56
Mona Lisa,
Howwa. Hudaý komek etsin hemmesinde. Negozel adam bolan çagalar. Ene atalary tikene dozyan daldir gorseñ wln...
seyis
25 фев 2022, 19:57
Alla gorasyn gowuluga dàl eshdilyàn zatlar.
ýüreksözi
25 фев 2022, 19:58
seyis,
gorkmasa sylamaz diýilýärä Russia degişli şol söz
Hanguly
Автор 25 фев 2022, 19:59
seyis,
Şol ýalňyşda, ses çykaranoklar diýip edeniňi etmeli däl. Ikinji jahan urşunda-da şeýle boldy, Germaniýa 2-3 döwleti aldy, sesini çykarmadylar, soňra ruhlanyp ýene hereket etdi welin kaput etdiler. Muňam şeýle bolmagy ahmal. Meniň pikirimçe BMG-dan çykarmaly, kowmaly, edil ikinji jahan urşunda Ýaponiýany edişleri ýaly. Hemme gatnaşyklary kesip sanksiýa üstüne sanksiýa bermeli, hany onsaň içden gör içden çöküşini
Hanguly
Автор 25 фев 2022, 20:00
Kanal7 habary başlady, görüň şuwagt. Görkezip dur.
Mona Lisa
25 фев 2022, 20:01
Цитата: Wlad
Цитата: Mona Lisa
Цитата: Wlad
Цитата: Mona Lisa

Howa olam öziniň güçlidigini görkezjek bolyar. Nebir gunasiz çagalaryň gözýaşlaryna, gan dökenine degýärmikä şol 2sany akmak baştutanlaryň özärä problemasy

Russiýanyň gaty oýny kän hemme ýerde-de. Sen Siriýany bombalaýşyny gördüňmi ? Aglarsyň ulaldamok gynanyp AGLARSYŇ. Kiçijek çagalaryň ganly ýüzüni süpürişi, kömek et şeklindäki naçarja ýüzi... Zalym diýip ýöne-ýere aýdamok Russiýa.

Gaýta Siriýany teroristlerden arassalan Russiya boldy dälmi-nä?

Russiýa kanallaryny köp görýäňiz öýtýän. Resmi şekilde şeýle, aslynda welin gaty başga. Bolman bir sebäp geregä girmäne. Terrorçylardan arassalaýarmyş, gaýta öňküden köp bolaýmasa şuwagt.

Howa pastiyana rus kanallar. Siz nirden eşityäňiz muny Wlad?
noname
25 фев 2022, 20:04
Nostaýaşşi wremya diyip kanal bar diñe şony görkezip dur uzak gun