Russiýa maglumat söweşi başlatdymy ?

Russiýanyň Ukraina çozmagy bilen internetde gaty uly informasiýa döredi we mediýada ýaýradyldy. Russiýanyň mydama agzaýan we goldaýan hereketleri hem habarlarda, döwletiň elindäki mediýada paýlaşyldy. Onda bu informasiýalar dogrumy ? Ukraina garşy maglumat söweşi başladylýarmy ?
Uruş başlanyndan we başlamanka Russiýa tarapyndan Ukrainany gaty ýiti şekilde günäkärleýän habarlar paýlaşyldy. Ençeme barlagçy bu informasiýa çeşmelerini analiz etdi.
Hünärmenler, Rus mediýasynyň Ukrainany dünýä ýalňyş tanadandygyny, dogrulanmadyk maglumatlaryň habar edilendigini aýtdy.
2014-de rus telewideniýa kanallary, Ukraina esgerleriniň 3 ýaşyndaky çagany öldürendigini aýtýan bir immigranta ençeme gezek söz beripdi. Ýöne immigrantyň sözleri hiç wagt subut edilmedi we soňra yza çekildi.
Russiýa Ukrainany Nasi tarapdary bolmak bilen hem günäkärleýär. Russiýa daşary işler ministrligi, dekabr aýynda sosial mediýa hasabynda paýlaşan zadynda Ukraina we ABŞ-nyň, Russiýanyň goldaýan we Nasismiň ulalmasyny ýazgarýan bir BMG kararyna garşy ses ulanandygyny bildirdi. Iki ýurduň bu karary goldamandygy çyndy. Ýöne Ukrainanyň karary propaganda bolany üçin kabul etmändigi ýüze çykdy ýöne edilen habarda bu bölege ýer berilmedi. ABŞ we Ukraina, düşündirişlerinden soňra Nasismi ýazgarýandyklaryny bildirdi.
Russiýa hökümet tarapdary mediýanyň hasaplaryny yzarlaýan "Logically" atly bir tehnologiýa kompaniýasyna görä, Ukrainany Nasism bilen günäkärleýän ençeme habar ýüze çykypdyr. Kompaniýadan Brian Murphy: "Russiýanyň diplomatik işlerine ters ýagdaýlarda habarlaryň köpelendigini görýäris" diýip gürledi.
Ýene-de urşyň başlamagyna 1-2 hepde galanda, Russiýada käbir döwlet kanallarynyň okyjy teswirlerini alyp, propagandirlemek şekilde habar edendigini bilindi. Käbir hökümet tarapdary internet "trollarynyň" bolsa, ýasama hasap açyp daşary ýurt habar kanallaryna, Russiýanyň bähbitlerini goldaýan teswirler ýazandygy aýdylýar. Kardiff uniwersiteti Günä we Howpsuzlyk Gözleg Merkeziniň geçen ýyl eden işine görä, 16 ýurtda bolan 32 tapawutly habar saýdy, Russiýa hökümet tarapdary "troll" hasaplar tarapyndan nyşana alyndy. Gözlegçilere görä Günbatara garşy Russiýa tarapdary bu teswirler soňra Rus mediýasy tarapyndan habar edildi.
Dezinformasiýa garşy işler alyp baran Mythos Labs gurluşy, sosial mediýa hasaplarynda Rus tarapdary propagandanyň dekabr aýynda gaty köpelendigini, Twitter-da aý gutarýança Ukraina hakynda günde ortaça 213 gezek zat paýlaşylandygyny belledi.
7 лайков 232 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Resul
Автор 07 апр 2022, 16:30
Prosta kabir syyasatcysumaklar we orssumaklar gorsun diydimlai pan pan ciship yorman ?
#B.S
07 апр 2022, 17:18
Putleriň özi we ýaranlary nasist.
menembiri
07 апр 2022, 21:39
хохол'лар хем бетер нацист!!!
Biohimik
07 апр 2022, 22:15
Dine rusy gunaleyanizay))
Iki tarapdada gapdaldan gosulyanlardada guna bar.
Ukrainanyn yaranlary tarapyndan goyberilyan wideolaram fake kopusi ozem goz gortele yalan adamlaryn olup yatysyn suraty paylasan bolyalar sol suratlary programmada analiz edyan gruppalar fake suratlygyny aytyalar.
Biohimik
07 апр 2022, 22:17
Voywoda
Asakda birgiden kelle agyrtma yazypsyn
-------Men adamlara baha bermage sen eyle sen beyle diymane hic wagt gyssanamok sebabi adamlar meni hemise geñ galdyrmagy basardylar. Diyya E.Teilor...
Meni tanaman ozunce baha berme injik!!!
Biohimik
07 апр 2022, 22:18
Yazyan zatlarynam paylasyan zatlarynam hemmesi propaganda
Maksat
08 апр 2022, 05:28
Hmmm beý diýdiňow.