"Söýgi we ölüm"

9.Synp
Şu wagt sapakda otyrys. Ýanymda dünýäde iň owadan eýjejik bir gyz otyr. Ýüzüne seretmäne utanýaryn, ony nähili söýýänimi ol bilenok. Ol bolsa meni dosty hökmünde görýär.

Öýdedim maňa jaň edip söýgülisi bilen tersleşenini we meni göresi gelýänini aýtdy, soňra bize geldi. Meni şeýlebir gujaklap aglady. Şuwagt dyzymda kellesini goýup uklap ýatyr. Saçyndan sypalap, gül ýüzüne seredip doýup bilemok. Ony şo dereje söýýärkäm, ol meni diňe dost hökmünde görýär.

11 Synp
Onuň bilen çagalykdan bäri dostdyk.
8 synpda wagtmyz okuwy gutaryp, oturşyk bolanda şagalaňa gitmäne ýanymyzda adam bolmasa bile gideli diýip aýdypdyk.
We ol maňa erkek dostunyň hassadygyny gelip bilmeýänini, we ikimiz bile gidäýeli diýip aýtdy,men begendim we kabul etdim. Ony öýünden aldym, şagalaňdaky iň owadan gyz boldy, ap-akja köýengi gelşip durdy, perişdejik ýalydy. Uzyn gije bile tans etdik. Şagalaň gutaransoň ony öýüne düşürdüm.
Ol meniň ýaňagymdan ogşady,we sen meniň iň gowy dostum diýdi. Ony çyn ýüregimden söýýänimi aýdyp bilemokdym. Ol bolsa dost hökmünde görýärdi.

Aradan birnäçe ýyl geçdi...şuwagt janymdan beter söýýän ol perişdämi topraga berýän. Şahsy goşlarynyň arasyndan gara reňkli bir depder çykypdyr, maňa berdiler okap okamazlykda kararsyzdym. Açdym ol bir şahsy gündelikdi, bir sahypasynda şeýle ýazgy bardy.
" Şu wagt sapakda otyrys, ýanymda dünýäniň iň görmegeý ýigidi otyr. Oňa seredip doýup bilemok. Ony nähili söýýänimi ol bilmeýär diňe meni dosty hökmünde görýär. onuň bilen bile bolmak üçin, yzygiderli söýgülim ba diyip, oň bilen tersleşdim diýip ýalan sözläp onuň bilen bile bolmaga synanyşýaryn. Maňa bir gezejik seni söýýärin diýen bolsady, dünýäleri bererdim..."
Men bu setirleri okaýarkam söýen perişdämi eýýäm gömdüler, göz ýaşlarymy tutup bilemok, gözümi mazaryndan aýryp bilemok. Mazaryny gujaklap aglaýaryn.
Alada etme ýekejäm menem seni çyn ýürekden söýýärin...


14 лайков 492 просмотров
35комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kim.ba
07 апр 2022, 17:29
Wahhh.... hakyky söýgi....
State
07 апр 2022, 18:10
Okanymda nebsim agyrdy?
noname
07 апр 2022, 18:11
Soygi hakyky bolanda aytmak kyn bolya
#B.S
07 апр 2022, 18:13
atuw hosh aglaya ;(((
Nurmuhammet
Автор 07 апр 2022, 18:19
danger,
howwa
Cicek
07 апр 2022, 18:36
Iman baylygyny bersin. Cok uzuldum aglaya
Cicek
07 апр 2022, 18:37
O dunyede bile bolmak miyesser etsin!
Nurmuhammet
Автор 07 апр 2022, 19:19
in soyyan kisine bu dunyade yetip bolyamyka name.mena yetip bilmedim
DonMaxx
07 апр 2022, 20:22
men durmushymdan alynypdyr bu hekaya cilimkesh
Cicek
07 апр 2022, 20:46
Gynanma Soymegi basharan bolsan..In Gowy zatlar heniz onunde
Cicek
07 апр 2022, 20:47
Sahyr ne diyyar Yeke ozun soysen birazajyk agram dushjek ekeni.
Cicek
07 апр 2022, 20:48
Donmaks aldamasana soyenini alypsyn. Oglun bara Mundan uly name isleyan?
Nurmuhammet
Автор 07 апр 2022, 21:35
Mahek,
howwa
Nurmuhammet
Автор 07 апр 2022, 21:35
Mahek,
howwa dogry aytyan
Serdar
07 апр 2022, 23:02
Awtor ???
Nurmuhammet
Автор 07 апр 2022, 23:32
awtory bilemoka
Suleyman
08 апр 2022, 00:00
bolan wakamy
DonMaxx
08 апр 2022, 00:23
Mahek,
goysanay men bilemokdym mena oydakini tanamogam ejem alyp berdi hehehe
Serdar
08 апр 2022, 00:23
Kan kliplerde widiolarda bar su waka.
Nurmuhammet
Автор 08 апр 2022, 01:05
DonMaxx,
?
Maksat
08 апр 2022, 05:36
Bäh bolmandyrow.
ESSALAMUNALEÝKUM
08 апр 2022, 08:14
eý gynanyp gitdim
Mümkin
08 апр 2022, 13:09
Bize-de soñ "Men-ä tanamogam,ejem alyp berdi" diýerlermikä? :))
(söýüşmän çykjak diýen bolýas welin soñundan baranymyzam beý diýip otursa gowy däl-läý)
Nurmuhammet
Автор 08 апр 2022, 13:12
Mümkin,
diymez hemme kisi den dal
Nurmuhammet
Автор 08 апр 2022, 13:14
Mümkin,
sana oglanmykan oytdum mena
Mümkin
08 апр 2022, 13:22
nurmuhammet,
Geñ galmadym.Maña mydama-da şu saýtda oglandyr öýdýärler. :))
(awataryma surat goýmaýanymdanmyka diýýän)
Nurmuhammet
Автор 08 апр 2022, 13:25
Mümkin,
yok adyndan oytdum mena.
Nurmuhammet
Автор 08 апр 2022, 13:26
Mümkin,
onem @belki diyen agza sendinmi
Mümkin
08 апр 2022, 13:30
nurmuhammet,
Howwa.Bolubilseg-ä şol.
Nurmuhammet
Автор 08 апр 2022, 13:32
Mümkin,
hm bolya .men onem oglan diyip yoren ekenima ?