"Söýgi we ölüm"

9.Synp
Şu wagt sapakda otyrys. Ýanymda dünýäde iň owadan eýjejik bir gyz otyr. Ýüzüne seretmäne utanýaryn, ony nähili söýýänimi ol bilenok. Ol bolsa meni dosty hökmünde görýär.

Öýdedim maňa jaň edip söýgülisi bilen tersleşenini we meni göresi gelýänini aýtdy, soňra bize geldi. Meni şeýlebir gujaklap aglady. Şuwagt dyzymda kellesini goýup uklap ýatyr. Saçyndan sypalap, gül ýüzüne seredip doýup bilemok. Ony şo dereje söýýärkäm, ol meni diňe dost hökmünde görýär.

11 Synp
Onuň bilen çagalykdan bäri dostdyk.
8 synpda wagtmyz okuwy gutaryp, oturşyk bolanda şagalaňa gitmäne ýanymyzda adam bolmasa bile gideli diýip aýdypdyk.
We ol maňa erkek dostunyň hassadygyny gelip bilmeýänini, we ikimiz bile gidäýeli diýip aýtdy,men begendim we kabul etdim. Ony öýünden aldym, şagalaňdaky iň owadan gyz boldy, ap-akja köýengi gelşip durdy, perişdejik ýalydy. Uzyn gije bile tans etdik. Şagalaň gutaransoň ony öýüne düşürdüm.
Ol meniň ýaňagymdan ogşady,we sen meniň iň gowy dostum diýdi. Ony çyn ýüregimden söýýänimi aýdyp bilemokdym. Ol bolsa dost hökmünde görýärdi.

Aradan birnäçe ýyl geçdi...şuwagt janymdan beter söýýän ol perişdämi topraga berýän. Şahsy goşlarynyň arasyndan gara reňkli bir depder çykypdyr, maňa berdiler okap okamazlykda kararsyzdym. Açdym ol bir şahsy gündelikdi, bir sahypasynda şeýle ýazgy bardy.
" Şu wagt sapakda otyrys, ýanymda dünýäniň iň görmegeý ýigidi otyr. Oňa seredip doýup bilemok. Ony nähili söýýänimi ol bilmeýär diňe meni dosty hökmünde görýär. onuň bilen bile bolmak üçin, yzygiderli söýgülim ba diyip, oň bilen tersleşdim diýip ýalan sözläp onuň bilen bile bolmaga synanyşýaryn. Maňa bir gezejik seni söýýärin diýen bolsady, dünýäleri bererdim..."
Men bu setirleri okaýarkam söýen perişdämi eýýäm gömdüler, göz ýaşlarymy tutup bilemok, gözümi mazaryndan aýryp bilemok. Mazaryny gujaklap aglaýaryn.
Alada etme ýekejäm menem seni çyn ýürekden söýýärin...


14 лайков 492 просмотров
35комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
08 апр 2022, 13:36
Goýan mowzugyñ barada aýtsam gyzyñ "Söýgülim bar"taktikasy düýpgöter ýalñyş.Gyz şony diýeni üçin oglan söýgisini aýdyp bilmändir.Başga birini söýýändir öýdüpdir.
Nurmuhammet
Автор 08 апр 2022, 13:37
Mümkin,
dogry bolup biler
Mümkin
08 апр 2022, 13:38
nurmuhammet,
Ana,gördüñmi? Maña mydama oglandyr öýdýärler.Şol-a ýamanam däl bir tarapdan.Şahsyña ýazyp,azar berip ýören ýok.
Nurmuhammet
Автор 08 апр 2022, 13:40
Mümkin,
?? howa so tarapa seyle eken
LLLL
08 апр 2022, 16:21
Dogry