Maslahatyñyz gerek gaty möhüm.

Garaz men 6 aý ýaly bir gyz bilen dost hökmünde gürleşýän. Ol gyz gaty gowy owadan akylly tüýs meñ arzuwymdaky gyz. Hergün ýaly telefonda 1 sagat ýaly gürleşýäs. Ýöne ol meni söýýändiginden hiç uç berenok diñe dosty hökmünde görýändigini aýtýar. Men bolsa ony oýlap gijelerine ýatyp bilemok, damagymdan zat geçenok. Iñ gynanýan ýerim men ony ýitirmekden gorkýan söýýän seni diýip bilemok oña. Şu gatnaşygymyzda durmagymyzy isleýän. Her gezek ol maña dostum diýip ýüzlenende ýüregime pyçak sünjilen ýaly bolýar. Emma oglan bilen gyzyñ arasyndaky dostluk uzak gitmejekdigi meni örän gorkyzýar. Emma birgün jañ edip seni toýuma çagyrýan dostum diýmesinden gorkýan. Käte ony ýatlap özimi ýitirýän.
Näme maslahat berersiñiz?
Çäresi tapylmazmyka?
6 лайков 1 181 просмотров
121комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
- Dani
21 май 2022, 20:43
Şo gyz ýa içinden seni söýýändir(aýtmana utanýar) ýa-da gyzyzň ýüreginde başka OGLAN bardyr we şol sebäpden hem BIZ DOST diýýändir
Pegas
21 май 2022, 20:44
Söýýäniňi aýdyp bilmeýän bolsaň, bolmanam, gyz dosty hökmünde gowy görýändigini aýdar-da saňa. Hatda, "лох" hasaplaýan bolmagam ahmal)) Aýt-da, dyn-da! Öljek hassa ölüp dynsa ýagşy.
- Dani
21 май 2022, 20:44
Gyza SÖZ aýdyp gör ( eger söýýän bolsa BOR diýer, söýmesede BIZ DIŇE DOST diýer)
Mümkin
21 май 2022, 20:45
Aýtmakdan başga alaç ýok.Özem muny gyza täsir edäýjek uzak,romantik hat bilen aýtmaly.Gyz okan wagty duýgylanar ýaly edip ýazmaly özem.
Coco
Автор 21 май 2022, 20:45
- Dani
Şo gyz ýa içinden seni söýýändir(aýtmana utanýar) ýa-da gyzyzň ýüreginde başka OGLAN bardyr we şol sebäpden hem BIZ DOST diýýändir

Şony bilip bilemok. Soýýän bolsa çalaja uç berip bilerä. Soýýän oglany bolsa gyza beyle ýakyn dost gerekmikä.
- Dani
21 май 2022, 20:47
Mümkin
Aýtmakdan başga alaç ýok.Özem muny gyza täsir edäýjek uzak,romantik hat bilen aýtmaly.Gyz okan wagty duýgylanar ýaly edip ýazmaly özem.

hat? maňada HAT ýazypdylar birwagt swist
Mümkin
21 май 2022, 20:50
Coco,
Aý,dagam şeý diýer-dä how."Söýýän"diýp boýnuña bökjek gûmanasy ýog-a gyz halyna.
Coco
Автор 21 май 2022, 20:53
Pegas,
Ol maña seni dostum hökmünde gowy görýän diýip aýdanok. Diñeje dostum diýip ýüzlenýär. Men oña söýýän diysem o da kabul etmese gaty agyr bolar şojagaş ýeri.
Hiayress
21 май 2022, 20:53
Halamaýan (ýitirmäne gorkmaýan) adamsy bilen hiç kim onça wagtlap günde bir sagatlap gürleşip gezmez. Ýöne uzak saklasaň dogumlyja biri çykarda eliňden alyp gider.
- Dani
21 май 2022, 20:53
aý karoçe, serawno gyza SÖÝÝÄNLIGIŇI bir aýt, giç bolmanka, ÝAGŞY NIÝET ÝARYM DÖWLET DIÝIPDIRLER
Coco
Автор 21 май 2022, 20:54
Mümkin
Aýtmakdan başga alaç ýok.Özem muny gyza täsir edäýjek uzak,romantik hat bilen aýtmaly.Gyz okan wagty duýgylanar ýaly edip ýazmaly özem.

Haladym şuny?
Maksat
21 май 2022, 20:55
Mümkin
Aýtmakdan başga alaç ýok.Özem muny gyza täsir edäýjek uzak,romantik hat bilen aýtmaly.Gyz okan wagty duýgylanar ýaly edip ýazmaly özem.

Hatly modanyň öňki asyrda galmagyna garamazdan muny romantik hasaplan gyzlaram bar eken.
Hiayress
21 май 2022, 20:55
Käbir adamlara haýran galýan, şunça wagtlap, şunça sagat gürleşip gezselerem içki duýgularyny bildirmän gezip bilýäler. Meňä birinji sözüm "Salam", ikinji sözümem "Söýýän"... :D
Coco
Автор 21 май 2022, 20:57
Mümkin,
Wah men oña aýlap aýlap aýtdym hiç sozumi kabul etjege meñzänok. Edil şo tema gelende birhili agyrsyraýar.
- Dani
21 май 2022, 20:57
Keaip_begcon
Mümkin
Aýtmakdan başga alaç ýok.Özem muny gyza täsir edäýjek uzak,romantik hat bilen aýtmaly.Gyz okan wagty duýgylanar ýaly edip ýazmaly özem.

Hatly modanyň öňki asyrda galmagyna garamazdan muny romantik hasaplan gyzlaram bar eken.

menem şolardan biri, sebäbi haty eliňe alyp okaýaň ( internetda,ýada statusyna SÖÝÝÄN dp ýazanyndan,gymmat bahaly sowgat bereninden HAT arrkaly ýazanyny halaýan menä)
Coco
Автор 21 май 2022, 20:57
Hiayress
Halamaýan (ýitirmäne gorkmaýan) adamsy bilen hiç kim onça wagtlap günde bir sagatlap gürleşip gezmez. Ýöne uzak saklasaň dogumlyja biri çykarda eliňden alyp gider.

Buda bolup biler.
- Dani
21 май 2022, 20:57
Hiayress
Käbir adamlara haýran galýan, şunça wagtlap, şunça sagat gürleşip gezselerem içki duýgularyny bildirmän gezip bilýäler. Meňä birinji sözüm "Salam", ikinji sözümem "Söýýän"... :D

hehehe
Pegas
21 май 2022, 20:58
Hiayress, :D
- Dani
21 май 2022, 20:58
Coco
Mümkin,
Wah men oña aýlap aýlap aýtdym hiç sozumi kabul etjege meñzänok. Edil şo tema gelende birhili agyrsyraýar.

telefonda SÖÝÝÄN diýseler halamok, žiwoý görüşip SÖÝÝÄN diýip gör hany
Mümkin
21 май 2022, 20:59
Özümden çen tutsam,diñe galamdaş oglanlarym bilen dost bolup,hormat-sylagly gatnaşyk saklap bilýän.
Şonuñ ýaly birmeñzeş gyzyklanmasy bolmasa gyz bilen oglanyñ dost bolmagy gerek däl! Nämä gerek,öz jynsyñdan adam gutardymy dost tutunmaga.
Ýöne söýginiñ ilki etabynda birek-biregi tanamak maksady bilen dost ýaly gepleşilýän döwri bolýar.Şol hökman bolmaly zat.Gyz oglanyñ sözüni almaka ony dost hökmünde tanamaly.
Bu eýýäm başga gürrüñ.
Bentner
21 май 2022, 20:59
Gawunlar içinde sary mazylar,
Aşyklyk birniçäň ömrün zaýalar...
Hiayress
21 май 2022, 21:00
- Dani,
Sen žiwoýdaky yzyna balet etýänsiň ?
Coco
Автор 21 май 2022, 21:00
Iñ dogry diýip bilen maslahatymy sizden alyp, durmuşa geçirjek şony hemde netijesinäm ýazjak indiki blogumda.
Maksat
21 май 2022, 21:00
Aýtmagyňa mümkünçilik bar sende, bu gaty uly zat. Gidip ýüzüne partlatma sözüňi. Gowy geçen güniň yzyndan, gowy sözleriň soňundaky sähel dymyşlykdan we ş.m usullarda aýdyp gör. Özüň duýmaýan bolsaň onuň halaýanyny, nädip ynanyp söz aýtjak? Özüň bir zatlar duýmaly (hökman). Duýmasaň "amygdala" ýokdyrda. Kän ýüz berme, kän ýüzdenem düşürme. Öz hormatyňy, sözleriňi, ünsüňi sazlap bil, köp bolmasyn azam bolmasyn.
- Dani
21 май 2022, 21:00
Bendtner
Gawunlar içinde sary mazylar,
Aşyklyk birniçäň ömrün zaýalar...

söýgüden ýanan-lar ýaly gürlediňle hihi
Maksat
21 май 2022, 21:01
Hiayress
Käbir adamlara haýran galýan, şunça wagtlap, şunça sagat gürleşip gezselerem içki duýgularyny bildirmän gezip bilýäler. Meňä birinji sözüm "Salam", ikinji sözümem "Söýýän"... :D

Gowy garşylyklar alýarmyň soň? :)
- Dani
21 май 2022, 21:01
Hiayress
- Dani,
Sen žiwoýdaky yzyna balet etýänsiň ?

yzyna? 2 metr araçäk saklaýas wapşeto! gaishnik (iller ýaly elleşip ýalaşyp duramzok)
Hiayress
21 май 2022, 21:02
"Maslahat beriň" diýip mowzuk açylsa hemme eňýär, "Pul beriň" diýip mowzuk açyp görüň hany. ?
Coco
Автор 21 май 2022, 21:02
Mümkin
Özümden çen tutsam,diñe galamdaş oglanlarym bilen dost bolup,hormat-sylagly gatnaşyk saklap bilýän.
Şonuñ ýaly birmeñzeş gyzyklanmasy bolmasa gyz bilen oglanyñ dost bolmagy gerek däl! Nämä gerek,öz jynsyñdan adam gutardymy dost tutunmaga.
Ýöne söýginiñ ilki etabynda birek-biregi tanamak maksady bilen dost ýaly gepleşilýän döwri bolýar.Şol hökman bolmaly zat.Gyz oglanyñ sözüni almaka ony dost hökmünde tanamaly.
Bu eýýäm başga gürrüñ.

Kän wagtdan bäri dosty hasaplaýar. Menem birinji gezekdede aýtmadym soyyandigimi sebabi goni almajagyny bilyan. Menem ikilenç onun yanyna barmajagymy bilýän.
Hiayress
21 май 2022, 21:03
Keaip_begcon,
Günümden zeýrenemmok. ??