Maslahatyñyz gerek gaty möhüm.
Garaz men 6 aý ýaly bir gyz bilen dost hökmünde gürleşýän. Ol gyz gaty gowy owadan akylly tüýs meñ arzuwymdaky gyz. Hergün ýaly telefonda 1 sagat ýaly gürleşýäs. Ýöne ol meni söýýändiginden hiç uç berenok diñe dosty hökmünde görýändigini aýtýar. Men bolsa ony oýlap gijelerine ýatyp bilemok, damagymdan zat geçenok. Iñ gynanýan ýerim men ony ýitirmekden gorkýan söýýän seni diýip bilemok oña. Şu gatnaşygymyzda durmagymyzy isleýän. Her gezek ol maña dostum diýip ýüzlenende ýüregime pyçak sünjilen ýaly bolýar. Emma oglan bilen gyzyñ arasyndaky dostluk uzak gitmejekdigi meni örän gorkyzýar. Emma birgün jañ edip seni toýuma çagyrýan dostum diýmesinden gorkýan. Käte ony ýatlap özimi ýitirýän.
Näme maslahat berersiñiz?
Çäresi tapylmazmyka?
Näme maslahat berersiñiz?
Çäresi tapylmazmyka?
121комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.